RUBAGYLAR

Kerepden ýüp ýasap sarap otyrlar,
Döwräni uludan gurap otyrlar.
"Häh" diýeňde "mäh" diýäýjek ýigitler
"Bäh" diýip, başlaryn yrap otyrlar.

*  *  *

Gelseň, bir çen iýip, bir çen içmeli,
Ýanyşyňa görä bir dem öçmeli.
Şoň üçin agzymyz bir bolsun, dogan!
Munda birden gelip, birden göçmeli.

*  *  *

Boýuň uzyn, aýdýan sözüň kelte, dost!
Bolup ýörşüň seni nirä elte, dost?!
Her gün yraň atyp dursa umytlar,
Nä ýüzüňe garap biljek erte, dost?!

*  *  *

Maýsasyna görä ot orşum bardyr,
Deňizden damjany gotarşym bardyr.
Gaý arama rahat sessizligimden,
Durşuňa berimsiz oturşym bardyr.


Sungat GURBANGELDIÝEW
9 лайков 135 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.