Aglar

Aglar
Ýenede men ine seniñ gaşyñda
Sen meniñ bile däl özgäñ daşynda
Ýakyp meni ýigrim biriñ joşynda
Oduma tutaşjak gyjak tar aglar

Menä seniñ bilen senem kim bilen
Şol soraglar boldy bagrymy dilen
Meniñ bu zaryma gülküsi gelen
Seniñ bu gülkiñe aşyk zar aglar

Hyýalym sen bolduñ gije gündizde
Päk arzuwlar ýagşy niýet gunduzda
Dürli öwşin atyp gelseñ buýnuzda
Aklygyna kemsinip akja gar aglar

Resulberdi bu nalyşly sedadan
Nam galmady namys ardan edadan
Bir dilegim bitmese ol Hudadan
Resul aglar Ogulnäzik ýar aglar

Resulberdi Rahmanow
4 лайков 182 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
25 фев 2023, 14:43
Juma bu gowy goşgylary nireden alýaňaý ?
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 14:45
Elektron kitaplary bar eken düýn aldym gowy goşgylary bar eken seň goşgularyňdan soň şulary aldym
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 14:46
Gerceknazar,
Maňa esasy Gelin gyzlara talyp gözeline bagyşlanan goşgular gerek çärelerde alyp baryjy men şo sebäpden gözledim
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 14:47
Bularyňam gowy goşgulary bar eken
Gerceknazar
25 фев 2023, 14:51
Juma şahyr
Gerceknazar,
Maňa esasy Gelin gyzlara talyp gözeline bagyşlanan goşgular gerek çärelerde alyp baryjy men şo sebäpden gözledim

Aýdaýmala inim ýazyp bererdimdä . Haçana gerek goşgy?
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 15:00
Gerceknazar,
Martdan öň gerek
Гость
25 фев 2023, 15:25
Meňem byr halyýan şahyrym bar, şoň goşşularny paýlaşşak häzr
Jumamyrat
Автор 25 фев 2023, 15:29
Гость,
Paýlaş hemmämiz göreli okaly,gowy goşgylardan lezzet alaly
Гость
25 фев 2023, 15:53
Juma şahyr
Гость,
Paýlaş hemmämiz göreli okaly,gowy goşgylardan lezzet alaly


Eý doslar, Adam ogly ömri ölçegli bilseň,
Ylga, tap, yzyňda galar eger ölseň.
"Pul, mal, dünýe "diýip sen ylgama,
Bagt üçin galsyn, galsa zürýat galsyn.

****

Pul, mal, dünýäň galsa paýlaşarlar.
Ogul-gyz zürýat galsa aglaşarlar.
Bir alyp gitjegiň bu ýalançydan,
Ak mata, olam nesip etse gardaşym.

****

Dogry, iý-iç, geýin, ilden kem galma,
Ýöne herne haram baýlyga berilme.
Bu gün dik ýörkäň düzel, bozulma,
Ertir peýdasy ýokdur, ölüp gömüleňde


Aftyry: Arslan Ataýyf
picasso
25 фев 2023, 18:26
Men lezzet alaysymy
Owrenyan
25 фев 2023, 21:28
"Way da-a-t" diyip zorledip bashlasan, "Yashyna gelshenok!" diyerler-ay shumat.