SEN GELDIŇ...

Sen geldiň,
Özgerdi dünýäm,
Telbe boldum akyl-huşsuz.
Özümiň çyn täleýime
Seniň gözleriňde duşdum.

Asmana çekip keşbiňi,
Tapdym seni ýüregimden.
Durmuşyň düýpsüz deňzinde
Halas etjek küregim sen.

Gelseň, älem ýazdyr maňa,
Gitseň, ýürek aglar sessiz.
Dünýäni saňa bermişem,
Maňa seniň yşkyň besdir!


Kakamyrat REJEBOW
8 лайков 229 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Saýrak guş
28 апр 2022, 21:16
,,Asman(a) çekip keşbiňi"
namee
Hiayress
28 апр 2022, 21:58
Sen geldiň,
Özgerdi dünýäm,
(Kakamyrat Rejebow)

Sen geldiñ-de,
Garyp köñlüm baý etdiñ.
(Gurbannazar Ezizow)

"Telbe boldum akyl-huşsuz."

Telbe bolmaklygyň özi aklyňdan azaşmaklygy, däldiremekligi aňlatýar.

"Asmana çekip keşbiňi,
Tapdym seni ýüregimden."

Söýgüli ýarynyň keşpini asmana çekilýän jümlelerem köp edebiýatda.

"Durmuşyň düýpsüz deňzinde
Halas etjek küregim sen."

Düýpsiz deňiz we kürek bu hem şeýle. Hiç hili üýtgeşiklik ýok. Diňe ýörgünli goşgy sitatalarynyň toplanan haly.


"Gelseň, älem ýazdyr maňa,
Gitseň, ýürek aglar sessiz."
(Kakamyrat Rejebow)

Dünýäm ýaz maňa,
Dünýäm saz maňa.
(Aýdymdan)

Jemlemede goşgynyň özi ýaly ejiz bolupdyr.
Massimus
29 апр 2022, 15:03
Pegas aga siziň goşgular kitabyňyz çykdymy?
Pegas
Автор 29 апр 2022, 16:20
Massimus
Pegas aga siziň goşgular kitabyňyz çykdymy?

Ýok, Hudaýa şükür. ;-))