Çala eşiden/Hekaya


— Durdygözel eje uzakly günüň ýadawlygyny indi duýup başlady. Guşdyrnak gök çaý demlenip öňüne alany hem şoldy, ogly Seýranyň otagyndan eşidilýän hümürdä diň saldy. Oglunyň kimdir biri bilen gürleşýän sesi eşidildi. Durdygözel eje geň galdy. Ýaňam-a ýeke özi ýalydy-la, kim geldi-kä? Çaýyny gaýtardy-da daş çykdy. Iç girdi. Oglunyň gürrüňi kesilmedi.
— Durdygözel eje pişik basyşyny edip, oglunyň otagyna golaýlady. Çalaja açygrak gapydan Seýranyň sözleri aýyl-saýyl eşidilip başlady...
— Wah, sen iki gün diýýäň. Men seni görmän iki sagadam oňmaryn. Daýzamlar toý edýär diýýäňmi? Gutly bolsun! Sag-aman gidip gel. Men saňa ömrüm ötýänçä garaşaryn Göwher!...
— Gapy diňlemegi uslyp bilmän yzyna öwrülen Durdygözel eje soňky sözleri eşidenden kalbyny begenç duýgusy gaplap aldy. Süňňi ýeňledi. Basyrylgy çaýyny käsesine guýanam bolsa, içmäge howlukmady. Süýji arzuwlar bilen içini gepletdi:
— Eý Hudaý jan gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Oglum Seýran jana Göwher üçin nähili söz açjagymy bilmän ýördüm. Ugruna-ýoluna boljak bolsa, müşgüli bolmaz eken. Bolaýdy biý-ä. Indi galan zatlary nesip bolsa özüm oňaryn. Durdygözel eje gözlerini bir nokada dikdi-de, hasaplamaga durdy. Birdenem ýüzi ýagtylyp gitdi. Begenjini içinde saklajagam bolman, birine gürrüň berýän ýaly öz-özi bilen gürleşip başlady.
— Asyl, ertir sähetli gün eken-ä. Edil sawçylyga barmasamam Jemal joramyň taryna kakyp göreýin. Belki, nesibämizde bolaýady-da.
— Durdygözel eje jorasyndan ýyly söz eşiden ýaly, hoşwagt ýylgyrdy-da düşegine geçdi. Ertesi irgözinden oýandy. Ol oglunyň ýatan otagyna gözüni aýlanda heniz oýanmandygyny görüp: — Bu gün Seýran janyň dynç günüdir. Goý, dynç alsyn diýdi-de öýden çykdy.
— Öňler Durdygözel ejäniň Jemallara göni baryp gaýdaýmasy bardy. Bu gezek weli... bu ymaratlaryň haýsy birine barjagyny bilmän ýaýdanyp durdy. Az wagtyň içinde bu ýerleriň özgerenine, owadan görke girenine, arassalygyna haýran galdy. Ep-esli durdy. Jorasynyň öýüni kesekiden soramaga çekindi. «Toba, indi tapman gaýdaýsam-a juda gelşiksiz bolar. Daş-töweregine münli bakdy. Aňyrdan gelýän garagözelek, inçemik gyzy görüp, gözlerine ynanmady. Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýa. Göwhere meňzeş bu gyzy Jemalyň özem tanar öýdemok men-ä.
— Salam Durdygözel daýza!
Durdygözel eje ziňkildäp gitdi. — Wiý... Göwher gyzym senmidiň bu? Amanmysyň – aman-saglykmy janym?! Asyl bu özüň ekeniň-ä. Menem seni görüp, beýle-de bir Göwher jana meňzeş maşgala bor eken diýip haýran bolup durunda.
— Bular öýe gireninde Durdygözel eje Jemala gözi düşmänsoň iç işikde ýaýdanyp durdy.
— Göwher alçaklyk bilen: Wiý, daýza geçiberiň. Ejem ol otagdadyr diýdi-de Durdygözel ejäniň öňüne düşdi...
— Jemal jorasyna gözi düşeninden gujak gerip garşylady.
— Durdygözel eje Jemalyň sypatyny görüp, tas pyňkyrypdy. Tomsuň jokrama yssysynda saram-saram bolup duran Jemal derdini aýdyp başlady: — Wah, jora jan eşitdiňde soramaga geläýdiňmi? Ynha, indi dört günüň içidir kelläm agyrýa. Şeýle bir kellämden tutýa welin, ejem pahyra muňa çakyza diýýärdi. Üssesine-de inim üşüdip, endamym gagşap dur. Geleniň gowy bolaýdy. Düýnden bäri gözüm çekýädi welin, sen geljek ekeniň-ä. Başyň ýassyga ýetýänçä gara bereňzokla gyz. — Durdygözel gürlemäge maý bolmansoň käte agzyny açyp oňaýmaly boldy. Hernä Göwher dadyna ýetişäýdi. Eli çäýnek-käseli gapydan girşine ejesiniň sözüni böldi. — Eje! Daýzama gürlemäge maý bermediň-le şol öz agyran ýeriňi tutup otyrsyň.
— Durdygözel ejäniň guşy uçdy. Içini gepletdi.
— Wah-h, adyňa döneýin Göwher jan. Meniň aladamy edýändir görgülijik. Geplemeli bolsa, ynha indiki gelenimizde nesip edenden baý gürläris-ä... Ol Jemalyň çaýly käsäni öňüne süýşürenini görüp aýňaldy.
— Saglyk bolawersin Jemal. Emgek bolup geçsin. Menem, ynha, hem saglygyňy soraýyn hemem...
— Şol wagt gapyň daş ýüzünden Göwheriň sesi eşidildi.
— Eje menä gitdim. Nahar taýýardyr.
— Irräk geleweri!
— Bolýar eje!
— Durdygözel eje üçin hemmesi düşnükli boldy. Iki günlik toýa barýandyr. Jemal ýarawsyzlygy üçin gidip bilýän däldir.
Jemal çaýly çäýnegi bir gyra süýşürip, men häzir nahar guýup geleýin diýdi-de ýerinden turdy.
Durdygözel eje ýalbaryjy äheňde Jemala ýüzlendi. Meniň üçin-ä azar edinmesen-e. Bereket bersin. Gowusy gel biraz oturaly. Geçenden – geljekden biraz gümür-ýamyr edeli.
Jemal ör-gökden geldi. A, gyz taýýar naharyň azary bormy? Göwher jan gadyr edip bişiripdir-ä. Duzdan uly bolma dogan.
Jemal aşhana ýöneleninden Durdygözel eje ýene öz pikirlerine gümra boldy.
— Gadyr edip diýsen-e... uzagyndan bolsunda her-nä.
Bular nahardan soňam köp gürrüňleriň başyny agyrtdylar. Gürrüň maşgala durmuşyna syryganynda, Durdygözel eje Göwheriň edep-ekramynyň, görk-görmeginiň tarypyny ýetirip, her-nä alny-bagty açyk bolsunda diýdi-de esasy tema geçdi. Wiý, ýogsa-da, gyz çykarmak, toý etmek niýetiň ýokmy diýip, Jemalyň jogabyna sabyrsyz garaşdy.
— Wah, näsini aýdýaň, ogul öýerip, gyz çykarmak olaryň bagtyna guwanmak ene-ataň arzuwy dälmi näme? Ogul-gyzyň ýetişse uly alada bolýan eken-ä. Göwher janam anyk zat pyşgyranok weli... biri bilen hyşy-wyşysynyň bardygyny duýýan özi. Alla ugruna etsin-dä. Wiý, Durdygözel senem-ä gelin edinmäň ugruna çykansyň-la? Durdygözele geregem şu soragdy. Hawa-la dogry aýdýaň dogan. Bizem şonuň ugrunda. Dogrusy... özüm-ä biri-birini sulhy alşyp, durmuş gursalar, oňa ýetesi zat ýokmuka diýýän. «Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna diýleni-dä». Meniň oglumam hiç zat aýdanok. Ýöne biri gyzda göwnüniň bardygyna anyk bilýän...
Jemal Durdygözele yzyny aýtdyrmady.
— Wah, biri-birine göwün berşenlerine menem garşy däl. Seniň ogluň ýaly akylly-başly, boýly-syratly ýigit duşsa-ha ne ýagşy...
— Bu sözden soň Durdygözel jorasyny tas gujaklapdy. Ýagşy dilegde bol Jemal! Duşar enşalla! Nesip bolsa duşar!
— Durdygözel Jemallardan hoşal bolup gaýtdy. Öýlerine golaýlanda Seýranyň synpdaşy Bägüli görüp aýak çekdi. Bägül Durdygözel eje bilen salamlaşdy-da: Gelneje süýr günortan nireden gelýäň? Eýgilikmi ýa gudaçylyga daga gidip gelýäňmi? — diýip, degişme äheňde şorta sowal berdi.
Durdygözel eje geň galdy. Bägülüň ýüzüne çiňňerlip içini gepletdi. Wiý, okumyşdygyny munuň. Nireden gelýänim maňlaýyma ýazylgymyka? — diýdi-de:
Ýakyn gatnaşýan joram bardy. Ýaraman ýatansoň şony sorap gaýtdym. Durdygözel eje onsoňam diýdi-de dilini dişledi. Gürrüňi başga tarapa sowdy. Sen nirä ugradyň?
— Men işe. Günortanlyk arakesmä çykdym. Durdygözel eje öýlerine baka elini salgady. Oň ýaly bolsa, ýör bizden naharlanaý. Wagtyňam ýokdur.
— Wah, bolaýjak ekeni weli, öýden alyp gaýtmaly hat-peteklerim bardy-da. Wiý, ýogsa-da ýaňy onsoňam diýdiň-de yzyny aýtmadyň-la.
Durdygözel eje ýene özbaşyna hüňürdedi.
Be-e halys sypdyrjak dälle bu.
— Neme-dä gyzym... ýedi ýoluň üstünde edilmeli gürrüň-ä däl weli... men hem joramyň halyndan habar aldym, hemem Jemal joramyň edep-ekramly, boý-syratly, hoş sözli, eli işli körpe gyzy Göwher jana gudaçylyga geljegimi ýaňzytdym. Durdygözel eje dymdy. Soňam ozaldan özüm höwes edip ýördüm-dä diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.
Bägül hernäçe gyssagly bolsa-da gudaçylyk gürrüňini soňuna çenli bilesi geldi. Hawa, hawa onsoň diýip, bilesigelijilik bilen howlukmaç sorady.
— Hawasy şol. Seýran jan ýaly ýigit tapsalar ýok diýjek gümanlary barmy diýip, Durdygözel eje buýsançly gepledi. Soň Bägüli gyssap başlady.
— A, gyz beýdip Güne jyzyrdap durmaly-la. Ýör öýe baraly.
— Sag bol gelneje! Men işe-de barmaly. Ol şeý diýdi-de gyssagly ýöräp başlady. Uzak gitmänem aýak çekdi.
— Be-e... dogrudanam gudaçylyga gidip gelýärmik-ä? Öte eşiden däldirin-le. Özüm höwes edip ýördümem diý-dä.
— Bägül Seýranyň söýgülisi öz jorasy Göwheriň ýanyna bardy. Göwher toýa şaýlanyp, ugrajak bolup duran eken. Onda-da jorasynyň gelenine şeýle bir begendi.
Birdenem Bägülüň ýüzüniň salykdygyny görüp:
— Wiý, saňa näme boldy. Ýüzüňden gar ýagýa-la, janyň beri sagmy diýip, elinden tutup oturgyçda oturtdy.
— Men sag-la. Nämeden başlasamkam... ? Ýaňy ýolda Seýranyň ejesi Durdygözel eje duşdy.
— Hawa.
— Onsoň... ol gudaçylyga gidip gelýän diýdi.
— Gudaçylyga?!... Süýr günortanam bir gudaçylyk bolarmy? Bizä-hä gelenok.
— Gepem şonda-da. Jorasynyň gyzyna söz aýdypdyr. Olaram ýyly söz beripdirler.
— Göwher perwaýsyz ýylgyrdy. Goýsana şu biderek oýunlaryňy. Öňem toýa gijä galyp barýan.
— Wah, jora jan men sendenem gyssagly. Ýöne giç bolaýmasyn habarly edeýin diýdim.
— Göwher çynlakaý görnüşe girdi. Çynyňmy gyz seniň. Men... men... Seýran bilen öten agşam gürleşdim-ä — diýende onuň sözleri ysgynsyz çykdy. Maňa-ha üýtgeşik zat aýtmady.
— Bägül eginlerini gysdy. Bilmedim. Belki, bu ýerde bir düşünişmezlik bardyr. Ýöne meniň özüm-ä söýgüniň oýun-oýunjak däldigine gowy düşünýän. Bu ýerde seniň geljekki durmuşyň, bagtyň, tutuş ykbalyň ýatyr. Öz ykbalyňy özüňden başga çözüp bilmez. Öz bagtyň üçin özüň göreşmeli özüň. Maňa akyl berýär diýme. Özüm söýdüm, özüm köýdüm edäýme birden.
Göwheriň gözüne ýaş aýlandy. Birdenem toý üçin taýýarlan goşlaryny öýüň törüne zyňyp başlady.
Bägül oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Jora jan hany köşeşsene. Bu ýerde ýalňyşlyk bolan bolmagy ahmal. Belki, gürleşersiň, anygyna ýetersiň.
Göwheriň gözýaşy hem gahary gitdigiçe güýjäp başlady. Gürleşersiň diýýäňmi? — indi onuň bilen gürrüň gutardy. Hut ejesiniň özi saňa şeý diýen bolsa başga merk gerekmi?
Bägül elewredi. Gapyşdyrmasana. Bir alajy tapylar. Gowusy men gideýin. Anygyna ýeteýin. Sen arkaýyn toýa gidiber.
— Göwher aýna tarap öwrüldi. Toýa gider ýaly boldumy? Toý mensizem sowlar.
— Bägül ýerinden turdy. Seret ýagdaýyňa. Men-ä gitdim. Soň aýlanaryn. Bägül daşary çykyşyna Seýranyň eline jaň etdi. Bolan wakany bolşy ýaly aýtdy.
Bu gürrüňlerden soň Seýran ejesiniň ýanyna nähili baranynam bilmedi. Ejesiniň gaşynda esli wagtlap sesini çykarman oturdy.
— Durdygözel eje geň galyp oglunyň ýüzüne bakdy.
— Eje! Düýn Jemal daýzamlara gitdim diýdiňmi?
— Hawa oglum.
— Maňa hemmesini gürrüň bermänsiň-ä.
— Weý, saňa näme gürrüň gerek oglum!
— Eje!... Gudaçylyga gitjek bolsaň, söz aýtjak bolsaň, mendenem soraýmaly ekeniň-ä.
— Hä!... Jemallaramy?... Nemedä... Ýogsa-da, Göwher janyň nämesi kemmiş. Allanäme gyz. Onsoňam gelşiksizrägem bolsa aýdaýyn. Men Göwher bilen gürleşeniňi gulaklarym bilen eşitdim-ä...
— Eje!... Seýran sesiniň gatyrak çykanyny aňdy-da, pessaý, ýöne pert gürledi. Şonuň üçinem menden bidin gudaçylyga gitdiň. Haýsy Göwherdigini bilmänem bar zady bulaşdyrdyň şeýlemi? Munyňa «Çala eşiden, çatma ýykar» bolýar eje.
— Durdygözel eje arkaýynlyk bilen ogluny köşeşdirdi.
— Ýüregiňi eliňe alybermesene. Entek gudaçylyga-ha gidemok. Jemal daýzaň ýaranok. Saglygyny sorap gaýtdym. Onsoň...
— Seýran saklanyp bilmedi. Näme onsoň?...
— Onsoňam «Daýymlara barýan hem atyma baş öwredýän» diýen ýaly hem joramy soradym... gudaçylyga barmak niýetimem ýok däldi.
— Seýran ýerinden turdy. Ýok eje gudaçylyk bolmaz. Gudaçylyga kime barmaly, haçan barmaly özüm aýdaryn. Şol wagt onuň el telefonyna jaň geldi. Seýran telefonyň belgisini göreninden ähli zady unutdy: Alo... hawa-hawa. Ol atylyp daş çykdy. Göwher sen düşün. Hawa-la düşünişmezlik bolupdyr. Ýok, ýok arkaýyn bol.
Çalaja açygrak gapydan Seýranyň sözleri Durdygözel ejä eşidilip durdy.

Aşyrmämmet ÝEMŞIKOW
4 лайков 156 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
28 апр 2022, 22:42
Bolayjak yagday
Senyorita
28 апр 2022, 22:59
Ýa 22 ýa-da 23 gezek Göwher diýlip ýazylypdyr.1 san ýalňyşdym, täzeden sanamana ýaltandym.Adymy tutybilipdirler...Gyzykly eken.
Aýläle_06
Автор 28 апр 2022, 23:04
Senyorita,
adynyz Gowhermi
Senyorita
28 апр 2022, 23:29
Дааа.Siziňki Aýlälemi?!
Aýläle_06
Автор 28 апр 2022, 23:33
hawa
Aýläle_06
Автор 28 апр 2022, 23:33
nacenji yyl
Senyorita
28 апр 2022, 23:43
2001.Siz?!
Aýläle_06
Автор 28 апр 2022, 23:49
Senyorita,
06
Senyorita
28 апр 2022, 23:57
Waý,kiçi ekeniň-ä!06 ýylyňmydy ýa.Tanşanma şat Aýläle!
Aýläle_06
Автор 28 апр 2022, 23:59
Senyorita,
menem sat sahsy islanokmy sizde yazyan otwet yazmayarsynyz
Senyorita
29 апр 2022, 00:05
Hawa.Ýaňy aýtjakdym,ýatdan çykypdyr-a.Näme üçin işlemeýäkä?!Ýazsam gitmeýär-ä!
Aýläle_06
Автор 29 апр 2022, 00:08
bilmedim.nirden siz