* * *

Ýanyňdaky bolubersin kim bolsa,
Diňe ýürekdäkiň bilen garrarsyň,
Hemem ýatlap,geçen öňki günleri,
Gözüň ýaşlap,öz-özüňe gargarsyň.

Şol pursat özüňi ýalňyz duýarsyň,
Kirpikleriň gussaň bilen eziler,
Ýanyňda kim bolsun,tapawudy ýok,
Emma ýürekdäkiň bilen geziler.

Şadyýansyň,şatlanarsyň sözüm ýok,
Emma gije ýene hasrat düzüler.
Bir ýyljak gujakda ýatanam bolsaň,
Hyýalda ýürekdeş bilen geziler.

Haýsy sebäp aýra saldy parhy ýok,
Diňe şonuň üçin goşgy düzüler,
Sen bireýýäm ondan dönenem bolsaň,
Şonda-da ýatlama bilen geziler,

Ýürekdeş bolalyň,ýananlar bilen,
Ýogsa ömür geçýär ýalanlar bilen.

Awtory kimdigini bilýän bolsaňyz maňa-da aýdaýyň!
6 лайков 223 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
28 апр 2022, 22:45
"Ýanyňdaky bolubersin kim bolsa,
Diňe ýürekdäkiň bilen garrarsyň,"

?
wordless
28 апр 2022, 23:05
Mahym Nurgeldiýewamyka?!
Ýazylyşyna seretseň-ä şo ýaly
Aýläle_06
28 апр 2022, 23:05
gowy duzulipdir
ESSALAMUNALEÝKUM
29 апр 2022, 07:50
gaty gowy düzilipdir wo malades like 1+
Mümkin
29 апр 2022, 09:42
wordless,
O däl.
Senyorita
Автор 29 апр 2022, 11:21
"Men däl."-bolmaly däl-maý?!...
Senyorita
Автор 29 апр 2022, 11:22
Mümkin,
Mahym Nurgeldiýewa siz dälmi!
Mümkin
29 апр 2022, 12:57
Senyorita,
Howwa :)