ÝÜREKDEŞ

Sen syrdaşym, ýürekdeşim, ýakynym,
Bir sen bilýäñ, ýüregimiñ zaryny.
Saña duşyp düşündim, men durmuşa,
Şoñ üçin, sen maña şeýle arzyly.

Ýalñyzlyk goýnunda galan mahalym,
Maña mähir gollaryny uzatdyñ.
Onsañ kem-kem öz özime dolanyp,
A:zam bolsa, ýalñyşlarym düzetdim.

Şatlanan wagtymda bile şatlanyp,
Gama batan wagtym derdim çekişdiň,
Ara daş bolsa-da, mähriñi duýup,
Ähli işe höwes bilen ýapyşdym.

Gam-gussa kalbyma berende azap,
Bir ýerlerden ýetişerdiñ dadyma,
Gijelerne sähel ýúregim gyssa,
Ilki bilen sen düşýärsiñ ýadyma.

Men nirde bolsam-da, hyýalda sensiñ,
Sebäp, ýúregime sen ýakyn syrdaş,
Ýalñyzlykda içiñ dökişer ýaly,
Hökman gerek eken, ýakyn ýürekdeş.

Goşgy ýazsam, ilki okyjysy sen,
Aýdym aýtsam, señ adyña hiñlendim.
Indi ýalñyzlykdan gysmaz ýüregim,
Sebäbi, meñ ykbalyma sen geldiñ.

S.Orazmuhammedow.
1 лайков 129 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.