Islenen habarlar (4)

Salam hormatly Islenençiler!
Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys.
@Mähek tarapyndan toýda eredilen maryly oglanlar 4 sagat sowadyjy ulagda saklanylandan soñ kadaly temperaturasyna gaýdyp geldiler.
Imoda "Islenen gepçiler"grupbasyny döreden @Belki saýtyñ özboluşly agzasy @Ahmedigi grupba goşmakçy boldy.Tehniki sebäplere görä ony grupba goşup bilmedik @Belkä @Ahmedik "Gynanma,jora,ýazgydymda ýokdur grupba girmek"diýip göwünlik berdi.
@Aksary öz ýerine ýetirmeginde sözi,sazy täze bolan aýdym ýazgy etdi.Aýdymy diñläp gören Nurýagdy Rejebow "Inim,meñ meşhurlygyma dalaş etmäý-dä"diýip ýalbardy.
Öýüñ ähli işlerini özi ýerine ýetirýändigini aýdan @Ötägçä ülkämiziñ çar tarapyndaky gyzlardan durmuş gurmak teklipleri gelip başlady.@Ötegçi olaryñ teklibini "Entek,meñ öñümde agam bar"diýip,ret etdi.
"Gyzlaryñ özi meni Imodan gözläp tapýarlar"diýen @Bendtner "Gyzlar tarapyndan Imoda iñ köp gözlenilen ýigit" baýragyna mynasyp boldy.@Bendtner baýragyñ gowşurylyş dabarasyndaky çykyşynda "Gyzlar,meni bu derejelere siz ýetirdiñiz"diýip,özüni Imodan goşan gyzlara minnetdarlyk bildirmegi-de ünsden düşürmedi.
@Abaddonyñ saýta täze girizen kimiñ like-dislike goýýandygyny anyklamak funksiýasyndan soñ agzalar like goýan görgülilere sagbolsun aýtmagam ýatlaryndan çykaryp,diñe minus basýanlara üns berdiler.Şeýlelikde agzalaryñ arasynda "Sen näme üçin maña dislike goýýarsyñ?"dawalary başlandy.Öýkelek agzalar saýty terk etmek bilen boldular.Saýtynyñ boşap galmagyndan howatyrlanan @Abaddon ol funksiýany ulanyşdan aýyrdy.
Çendenaşa uzyn saçlylygy sebäpli dünýä meşhur şampun firmalary tarapyndan reklama teklipleri hödürlenýän @Xyivenia soñky gelen teklipde Rapunzeliñ roly hödürlendi.Rapunzel-@Xyivenianyñ saçyndan dyrmaşyp beýik bina münjegiñ bolsa Leonardo Dikaprio boljakdygy aýdyldy.
Ine,hormatly Islenençiler size ýetirjek täzeliklerimiz-ä şulardan ybarat.Gepleşigimiziñ indiki sanynda görüşýänçäk hoş sag boluñ!
11 лайков 436 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
21 июл 2022, 14:28
Boljak ;) öňki sanlary ýala dàl. Dowam ediber ;)
Soho
21 июл 2022, 14:34
tazelikleri gysgaldypsyn welin, arasyna mahabat goshdunmy?
꧁???????꧂
21 июл 2022, 14:43
gowy
Tuman
21 июл 2022, 14:44
Goýaýda şu bimany temany ýazmaňy haýyşt
Tuman
21 июл 2022, 14:45
,?basandyryn
Gauzen
21 июл 2022, 14:52
Gowy tüweleme
Nazar
21 июл 2022, 15:02
Hehe
Nazar
21 июл 2022, 15:07
Likeeeee
like goyup bilmedim :)
Mümkin
Автор 21 июл 2022, 15:13
Tuman,siz şol meñ bilesigelijiligimi oýarýanmy?
Goýaýsammykam? Özûmiñem ýüregime düşmän duranok.
Mümkin
Автор 21 июл 2022, 15:15
Soho,her sanynda 7 sany täzelik goýýan.Öñkilerem, bulam şeýle.
Hiayress
21 июл 2022, 15:29
Mümkin,
Şo tuman çaganam habarlaryň arasyna goşaý gyz, ýogsa tumanlap otura. :)
Tuman
21 июл 2022, 16:07
Hiayress,
Gümüňi çeksene bar
Tuman
21 июл 2022, 16:08
Mümkin,
Näme diýýäň düşünemok
Tuman
21 июл 2022, 16:12
Şu hiaýress özüni ýigrendirýädä .10 nik bn gelip Nirvanada bilmedik bolýara .
Apples
21 июл 2022, 16:22
Meni goyan bolsan hasam gyzykly bordy. Like++++++++++++++
Hiayress
21 июл 2022, 16:38
Цитата: Tuman
Hiayress,
Gümüňi çeksene bar


Nirede gumum galypdyr?!
Bentner
21 июл 2022, 16:56
Mahyma 1 zat gürleseň goni nowosti programmasyna cykarayyaray :)
Bentner
21 июл 2022, 17:00
Hickimi diňleme, dowam?
Mümkin
Автор 21 июл 2022, 17:19
Bendtner,şoñ üçin meñ ýanymda bir zat gepleseñ on gezek pikirlenip geple :))
Aksary
21 июл 2022, 17:33
Bäh :)
Ajap
21 июл 2022, 18:49
Öýüñ ähli işlerini özi ýerine ýetirýändigini aýdan @Ötägçä ülkämiziñ çar tarapyndaky gyzlardan durmuş gurmak teklipleri gelip başlady.@Ötegçi olaryñ teklibini "Entek,meñ öñümde agam bar"diýip,ret etdi.

:DDD
Aýnur
21 июл 2022, 20:57
Ötegçi bet ekenow :D
Tuman
21 июл 2022, 21:04
Hawa mundanam beter bimanyrak gep tapyp tema açyň.indi goýaý diýýän bar bolsa aýt düşündürşüni alaýly.
Mümkin
Автор 21 июл 2022, 21:18
Tuman,ýokarda-da siziñ pikriñize goşulýandygymy aýdypdym.
Mahal-mahal ynsanyñ göwnüniñ warsaky küýsän mahaly bolýar.Bulam şonuñ ýaly mahallarda döreýän zat.Soñam öñki çynlakaý Mahyma dolanan wagtym şu ýazanlarymy çynym bilen ýigrenýän.
Ýöne goşgularym,oýlanmalarym MEN boluşy ýaly bu warsakylaram MEN.Onsoñ özümi añladýanlygy üçin bulardanam geçip bilemok.
Galyberse-de öñki dislikeçylarymyñ arasynda ýekeje dislike basjak ýürekli siz ekeniñiz.Muña-da berekella!
Ýöne öñki teswirimde-de size goşulýandygymy aýdandygyma garamazdan beýle negatiw jogaplaýşyñyzy geñledim.
Tuman
21 июл 2022, 23:53
Geňleme.warsaky kemi ýok .özüňem şu zatlary ýazasyň gelmäni ýazýan ýaly sen.menä temany halamok diýýän ýokarda bir sam.syk teswir Tumany hawarlaryň arasyna goşaý diýýär.
Tuman
22 июл 2022, 00:00
Ýöne wara Mahym halamasaň okaman geçäý diýýäler.
Mümkin
Автор 22 июл 2022, 07:35
Tuman,
Hiayressiñ size ol teswiri ýazandygy onuñ sam.sykdygyny añlatmaýar.Ol ýöne bir degişme teswir ýazypdyr.Mundan başga many ýükläp oturmak nädogry.
Kimler halamasañ okama diýýärler?
Birem,bir zady bilesim gelýär:Kim siz? Tanaýañyzmy meni?
DonMaxx
22 июл 2022, 07:53
yetirip dur ++
Aýsere
22 июл 2022, 08:33
Manyly bolsun, bimany bolsun azajygam bolsa ýylgyrtýar. Şonuň üçin dowam etmegiñ tarapdary. Halamaýanlar okamaýsyn
Öwreniji
22 июл 2022, 12:32
Gyzykly, Tuman, sen bir zady hetjikläp dursyň, halasa halamasaň, öz pikiriňi aýdyp bilersiň, bu saýtda kidir biri bir tema açsa, hökman garşylyk tapylýar, belki özüň gowy mowzuk açarsyň, men garaşýan ilkinji uşdagyňam men