Islenen habarlar (4)

Salam hormatly Islenençiler!
Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys.
@Mähek tarapyndan toýda eredilen maryly oglanlar 4 sagat sowadyjy ulagda saklanylandan soñ kadaly temperaturasyna gaýdyp geldiler.
Imoda "Islenen gepçiler"grupbasyny döreden @Belki saýtyñ özboluşly agzasy @Ahmedigi grupba goşmakçy boldy.Tehniki sebäplere görä ony grupba goşup bilmedik @Belkä @Ahmedik "Gynanma,jora,ýazgydymda ýokdur grupba girmek"diýip göwünlik berdi.
@Aksary öz ýerine ýetirmeginde sözi,sazy täze bolan aýdym ýazgy etdi.Aýdymy diñläp gören Nurýagdy Rejebow "Inim,meñ meşhurlygyma dalaş etmäý-dä"diýip ýalbardy.
Öýüñ ähli işlerini özi ýerine ýetirýändigini aýdan @Ötägçä ülkämiziñ çar tarapyndaky gyzlardan durmuş gurmak teklipleri gelip başlady.@Ötegçi olaryñ teklibini "Entek,meñ öñümde agam bar"diýip,ret etdi.
"Gyzlaryñ özi meni Imodan gözläp tapýarlar"diýen @Bendtner "Gyzlar tarapyndan Imoda iñ köp gözlenilen ýigit" baýragyna mynasyp boldy.@Bendtner baýragyñ gowşurylyş dabarasyndaky çykyşynda "Gyzlar,meni bu derejelere siz ýetirdiñiz"diýip,özüni Imodan goşan gyzlara minnetdarlyk bildirmegi-de ünsden düşürmedi.
@Abaddonyñ saýta täze girizen kimiñ like-dislike goýýandygyny anyklamak funksiýasyndan soñ agzalar like goýan görgülilere sagbolsun aýtmagam ýatlaryndan çykaryp,diñe minus basýanlara üns berdiler.Şeýlelikde agzalaryñ arasynda "Sen näme üçin maña dislike goýýarsyñ?"dawalary başlandy.Öýkelek agzalar saýty terk etmek bilen boldular.Saýtynyñ boşap galmagyndan howatyrlanan @Abaddon ol funksiýany ulanyşdan aýyrdy.
Çendenaşa uzyn saçlylygy sebäpli dünýä meşhur şampun firmalary tarapyndan reklama teklipleri hödürlenýän @Xyivenia soñky gelen teklipde Rapunzeliñ roly hödürlendi.Rapunzel-@Xyivenianyñ saçyndan dyrmaşyp beýik bina münjegiñ bolsa Leonardo Dikaprio boljakdygy aýdyldy.
Ine,hormatly Islenençiler size ýetirjek täzeliklerimiz-ä şulardan ybarat.Gepleşigimiziñ indiki sanynda görüşýänçäk hoş sag boluñ!
11 лайков 436 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Tuman
22 июл 2022, 20:25
Mümkin,
Tanamok öýdýän aý ýok tanamok
Mahym Nurgeldiýewamydyň