Islenen habarlar (2)

Salam hormatly Islenençiler!
Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys.
@Şoşonyñ "Abaddon,gölämiz enesini emenok,düzedip beräý" diýen mowzugyny okan aladaçyl adminimiz Abaddon olaryñ gölelerini görmek üçin @Şoşolara tarap ugrapdyr.
Aýdymçylaryñ gazanýan pullaryna gözügidijilik bilen garan @Ahmedik aýdymçy bolup,toýlara gatnap başlapdyr.Toýa gelen myhmanlaryñ haýyşy boýunça "Maña ogul ber, Hudaýym" aýdymyny ýerine ýetiripdir.Aýdymdaky "Hudaýym" sözüni aýtman üstünden böküp geçen @Ahmedigi toý eýeleri toýdan kowupdyr.
Ýañy-ýakynda bagt toýuny tutan @Biohimik gelniniñ her diýenini ýerine ýetiripdir.Täzelikde gulagymyza degen habarlara görä gap-gaç ýuwýan,öýi syryp-süpürýän @Biohimigi goñşulary hamyr ýugrup otyrka hem görüpdirler.
@Shakrukh Khan söýgüli aktýory Shakrukh Khany görmek üçin Hindistana gidipdir.Söýgüli aktýorynyñ özi bilen surata düşmek teklibini ret edendigini gören @Shakrukh Khan "Senem bolubilseñ mençe barsyñ.Bolubilmeseñ mençe-de ýoksuñ!"diýip,ýurduna dolanyp-dolanmanka saýtdaky öñki nikinden çykypdyr-da,@Anil Kapur diýip täze nik açynypdyr.
@Hemedanylara üzüm ýygmaga giden @Sunshine,@Miss minnosh, @Saryja we @Körpeje gyz dördüsi heniz bir bedräni hem doldurmankalar üzümçilikdäki bir ýygymçyñ aýagyndan ary çakyp,güp ýaly çişenini görüpdirler.Muña ör-gökden gelen joralar öýlerine bakan ýelk ýasapdyrlar.Olary gören Hemedanynyñ
"Gyzlar,ýañy geldiñiz-ä,nirä barýañyz? Üzümem berjekdim size" diýen sözlerine
gyzlar "Biziñ janymyz üzümden süýji" diýip jogap beripdirler.Gyzlaryñ ýany bilen gelen @Durdyyev bolsa tä agşam düşýänçä ýygymdan gaýtmandyr.Öýe gelip-gelmänkä-de ýygymdan gaýdan gyzlaryñ içini ýakmak üçin üzüm iýip oturka düşen suratyny saýtda goýupdyr.
@Remezan imo sahypasyna "Tanyşaýaly" diýip hat ýazan Adriana Limany "Birinjiden-ä meñ maşgalam bar,ikinjidenem wkusyma gabat geleñok" diýip,jogaplapdyr-da,bloga salypdyr.
Saýtdaky fantaziýasy güýçli goşguçylaryñ biriniñ "@Belki goşgularyny maña barladýardy.Indi aramyz bozulansoñ ol kömegimdenem mahrum boldy,sam.syk" diýen gürrüñini eşden @Belki gülmäge başlapdyr.Onuñ 4 sagatlap yzygider gülenini gören hossarlary gülüp ölmeginden howatyrlanyp,hassahana ýerleşdiripdirler.
Ine,hormatly Islenençiler size ýetirjek täzeliklerimiz-ä şulardan ybarat.Gepleşigimiziñ indiki sanynda görüşýänçäk hoş sag boluñ!
19 лайков 792 просмотров
83комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kleopatra
15 июл 2022, 13:14
Wakyr-wukur śakyr-sukur hmm gowy gybat eken.Ýone hicisinem tanaŷen daldirn
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:16
Ady agzalanlaryñ arasynda degişmämi halaman öýkelänler bar bolsa arkaýyn duýduryp bilerler.Mowzukdan atlaryny aýyrmak meñ bilen!
Şu sözüm mundan soñky açjak "Islenen habarlar" mowzuklarymyñ ählisine degişlidir.
#динара.
15 июл 2022, 13:16
bizede nobat ýetjek eken))
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:18
Kleopatra,şu okan mowzugyñy wakyr-wukur,şakyr-şukur diýip hasaplaýañmy?
Enegul
15 июл 2022, 13:18
Habarlara cykamokdyrn akyllyja bolanym ucin hami @Mumkin
S❤
15 июл 2022, 13:18
Bolyar sizem sag bolun gorusyancak hormatly "Islenen habarlar" alypbaryjysy
Mowzuga likm sga bolsunam goyup bilemok gynansamda
Enegul
15 июл 2022, 13:19
Mümkin,
Menem gosay innikide
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:20
Misss minnosh,sizi unudyp bolmaz.
Kleopatra
15 июл 2022, 13:20
Mümkin,
At dakma meniň gülüş stilime
Enegul
15 июл 2022, 13:22
gap-gaç ýuwýan,öýi syryp-süpürýän @Biohimigi goñşulary hamyr ýugrup otyrka hem görüpdirler.



?????
Cyndanam
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:23
Sofiýa,möhüm däl.Halanyñy aýtmagyñ ýeterlik.
Enegül,elbetde bezzatjalar girýär habarlara. :)
Bolýa senem goşaýaryn indikide bezzatlaryñ hataryna :)
Enegul
15 июл 2022, 13:25
Mümkin,
Gayrat etsene??
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:26
Kleopatra,wiý o señ gülüşiñmidi? Bagyşlarsyñ.
Seni birine meñzedýän.Bilesigelijiligimi oýarýanmy sen? :)
#динара.
15 июл 2022, 13:26
Mümkin,
men akyllyja bolupdyma 24 sagat nätdiňizä)))
Enegul
15 июл 2022, 13:28
Belkin gownune degipdirlermi eger seyle bolsa shona maslahatym bady☺
Ajap
15 июл 2022, 13:30
Tüweleme
körpeje gyz
15 июл 2022, 13:31
hihi gowy bolupdyr yone ol yygymcylaryn haysysynyn ayagyndan ary cakyaka namee
Kleopatra
15 июл 2022, 13:34
Mümkin,
Atyrymdan tanadyñ gerem bihepbe:)
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:38
Miss minnosh,iñ soñky netijäñmi şol? Boldy onda aýraýyn habarlardan :))
Enegül,ýok gaýta eşdemde hezil edinip güldüm.Ol gepi çykarandan ýüz esse güýçli halypa şahyrlar bilen tanyşypdym.Ýekejesine-de "Goşgumy barlap ber" diýmändim.Diñe çap etdirjek bolanymda poeziýa bölüm işgärine "Bolýarmy,bolanokmy?" diýip ýüz tutardym.Şoñ üçin gülkümi tutdyrdy.
Körpeje gyz,saýtdakylardan däl başga biriniñ aýagyndan ary çakypdyr :))
Ötegçi
15 июл 2022, 13:40
gap-gaç ýuwýan,öýi syryp-süpürýän @Biohimigi goñşulary hamyr ýugrup otyrka hem görüpdirler.

Obalylar geñ gorýandir. Bizde korpe jigimden galanymyz biş-düş, syr-süpür edip bilýäs. Kop kişiñ gyzyndan gowy edip onda da. Bilemok yone gelin gelse, duzginimiz nahili bolar. Gelensoñ goräýmesek..
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:41
Enegül,onda-da aýdyber maslahatyñy.Geregi çykar.
Kleopatra,señ bilen Kleopatra hakda gürleşipdik bir gezek.Şo ýada düşdi.Birem "Hiç haýsyny tanamok" diýeniñ şübhelendirdi.
#динара.
15 июл 2022, 13:42
Цитата: Mümkin
Miss minnosh,iñ soñky netijäñmi şol? Boldy onda aýraýyn habarlardan :))
Enegül,ýok gaýta eşdemde hezil edinip güldüm.Ol gepi çykarandan ýüz esse güýçli halypa şahyrlar bilen tanyşypdym.Ýekejesine-de "Goşgumy barlap ber" diýmändim.Diñe çap etdirjek bolanymda poeziýa bölüm işgärine "Bolýarmy,bolanokmy?" diýip ýüz tutardym.Şoñ üçin gülkümi tutdyrdy.
Körpeje gyz,saýtdakylardan däl başga biriniñ aýagyndan ary çakypdyr :))

siz dagy begenmelä täzeliklere meniň saýtdaşym çykypdyr diýip )))
Yusup
15 июл 2022, 13:43
uzum iyip otyrkam okap otyryn shunam hihi
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:43
Ötegçi,çynyñmy? Şu bäşinji gün ejemi ugradaýyn-da sizi.Menem şoñ ýaly öý hojalykçy oglany törüme geçirjek :)) Öýümiñ işini edip,çagalaryma seretse, özüm eklärin :))
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 13:44
*size
Apples
15 июл 2022, 13:44
Mümkin,
Menem goyayda yone gowja yerde
Kleopatra
15 июл 2022, 13:46
Mümkin,Hòp berekellah toý palowyň ysy gelýà
Ötegçi
15 июл 2022, 13:50
Aý Mümkinjan jorajan biz oñuşmarys biri birimiz bn. Doganma ugradaý gowsy. O gorgulem yone elmydan aýna-banýa, syr-süpür edip ýörensoñ(çaý demlemek bn menemen etmekden basga bis dus bilenok) arzuwy Akpamyk ýaly işeññir gyz. Onam jaý maşyn edinmese gözlejekgälden. Jaý maşyn edinmek üçinem işlemelidä. Olam işlejekgälden. Gijrak oylenip ozunden pylança ýaş kiçi aljakdan. Olam haçan boljak Hudaý bilsin. Elgaraz, oñ mañlaýnyñ açylan güni meñ öñüm açylmaly :D
Ötegçi
15 июл 2022, 13:51
Wiý birem üýtgeşik edip ajy kofede ýasaýa :-)
Hiayress
15 июл 2022, 13:51
Ötegçi,
Kulturnyý otkaz etdiňaý. :)