Zulum içinde gizlenen adalat...

Bir gün Musa Pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görünýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär. Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar. Alla onuň bu dilegini kabul edýär. Oňa dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän bir çeşmäniň gabadynda gizlenip, bolup geçjek wakalara üns berip seretmegi buýurýar.
Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar, gelip-geçýänleri üns bilen synlamaga başlaýar.
Birnäçe wagt soňra bir atly ala-tozan bolup, atyny çapdyryp gelýär. Çeşmäniň ýanynda bir salym dynç alýar. Soňra atyna atlanyp ýoluny dowam ediberýär. Ýöne atly dynç alýan wagtynda içi altyndan doly guşagyny çözüp, agajyň aşagyna goýupdy. Gideninde bolsa, guşagyny ýatdan çykarypdy. Altynlar çeşmäniň boýunda galýar. Atlydan soňra gelen ýetginjek bolsa, çeşmeden suw içip, gitjek bolup duran wagty içi altyndan doly şol guşagy görýär. Ol hem tolgunyp guşagy alan badyna başga bir ýola tarap gidýär.
Köp wagt geçmänkä iki gözi hem kör bir garry adam çeşmäniň başyna gelýär. Sowuk suwdan bir ýuwdum içip, dynç alyp otyrka, altyny ýadyndan çykaran atly howlukmaçlyk bilen dolanyp gelýär. Guşagyny çözen ýerini gözleşdireninden soňra, garry adama:
- Şu ýerde unudan pul guşagymy sen aldyň. Ýa pulumy berersiň, ýa-da men seniň boýnuňy sograryn – diýip hemle atýar.
Garry adam:
- Oglum! Meniň iki gözüm hem sokur kör. Seniň puluňy almadym – diýse-de atly ony diňlemeýär. Garryny gylyç bilen ilkinji zarbada ýere serýär. Soňra bolsa atlanyp, ol ýerden daşlaşýar.
Bu wakany synlan Musa Pygamber:
- Eý Rebbim! Bu wakalaryň içinde men-ä adalat görmedim. Atlynyň puluny ondan soň gelen bir oglan aldy. Emma ol iki gözi hem görmeýän bir biçäräni öldürdi?! - diýýär.
Hakyky hikmet we adalat eýesi bolan Alla bu sowala şeýle jogap berýär:
- Adamlaryň bolşy şeýledir, eý Musa! Wakalaryň daşyna üns bererler, zulum bardyr öýderler. Iç ýüzüni welin bilmezler.
- Bu wakalaryň iç ýüzi nämedir, eý Rebbim?
- Puluny çeşmäniň boýunda ýatdan çykaran adam bir wagtlar ýanynda işlän bir garyba zähmet hakyny bermändi. Puly tapan ýigit şol garybyň ogly. Çeşme boýundaky puly tapdy we alyp gitdi. Alan puly kakasynyň alyp bilmedik iş muzdudy. Ol oglan kakasyndan özüne miras bolup geçen hak algysyny aldy.
Ölen kör adam bolsa öňler eli ganly zalymdy. Öz eli, öz ýakasydy. Hat-da gözleri kör bolmanka, puluny ýadyndan çykaryp giden şol atlynyň kakasyny nähak ýere öldüripdi. Şu güne çenli eden zulumlary üçin hiç hili jeza çekmändi. Indi bolsa öň özüniň öldüren adamsynyň ogly gelip, puluny alandyr öýdüp kakasynyň ganhoryny öldürdi. Bu görnüşe görä (daşyndan adalatsyzlyk bar ýaly görünse-de) hakykatda adalat ornuny tapdy.
4 лайков 174 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merdan ☆
15 июл 2022, 12:43
like
?Mad Girl?
15 июл 2022, 12:52
Oran manyly eken
Vagrant
15 июл 2022, 12:54
Hmm indi menem şolar ýaly erbet, adamyň hakyny iýýän, zalym birini öldürsem adalatly bolyamy yagny hiçhili günä gazanmaýanmy?
Kleopatra
Автор 15 июл 2022, 13:03
Baragada öldurdiń diŷeli señem eliň gana bulanmazmy?!Adalaty sazlaýan bar...
?Mad Girl?
15 июл 2022, 13:06
???????,
Tersine in uly gunani gazanyan
Hiayress
15 июл 2022, 13:50
Oňat erteki, kiçi wagtym köp diňleýädim. :)
Vagrant
15 июл 2022, 13:59
Kleopatra,
Zato men zandy yaman kishini oldurdim elim gana bulansada, hekayada:a diymandir oldiren adam günäli dp
Vagrant
15 июл 2022, 14:00
?Mad Girl?, onda nm uçn onun oldirenine adalatly diýýä
?Mad Girl?
15 июл 2022, 14:04
???????,
Adam oldurmek guna dalmi? O prosto gunali adamlar oz cezasyny aldy
Vagrant
15 июл 2022, 14:14
?Mad Girl?,
Menem şony keypine oldirjek diyemoga günä gazanarym yaly...
Özäm şeydip jeza berilýämi hä, özüňä günä diýýaň adam oldurmek
Kleopatra
Автор 15 июл 2022, 14:37
???????,Näme diýeýin bas güzürdedip eliň gelse hemmesini ýer ýegsan edăýsene
Kleopatra
Автор 15 июл 2022, 14:37
Hiayress,
Bo* siňek diýip bir zat barey degnaňa dagy degiweryoreyy
Aymaraljana_a
15 июл 2022, 16:24
Cok zor ♥