Zulum içinde gizlenen adalat
Bir gün Musa pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görinýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär.Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar.Alla onuň bu dilegini kabul edýar.Oňa,dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän çeşmäniň bir gabadynda gizlenip,bolup geçjek wakalary synlamagy buýurýar.
Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar,gelip geçýänleri üns bilen synlamaga başlaýar.
Birnäçe wagt soňra bir atly ala tozan bolup,atyny çapdyryp gelýär.Çeşmäniň ýanynda bir salym dynç alýar.Soňra atyny atlanyp ýoluny dowam ediberýär.Ýöne atly dynç alýan wagtynda içi altyndan doly guşagyny guşagyny çözip,agajyň aşagynda goýupdy.Gidende bolsa,guşagyny ýatdan çykarypdy.Altynlar bolsa çeşmäniň boýunda galýar.Atlydan soňra gelen ýetginjek bolsa çeşmeden suw içip,gitjek bolup duran wagty içi altyndan doly guşagy görýär. Ol hem tolgunyp guşagy alan badyna başga bir ýola tarap gidýär.
Köp wagt geçmänkä iki gözi hem kör bir garry adam çeşmäň boýuna gelýär.Sowuk suwdan bir ýuwdum içip,demini alyp otyrka,altynyny ýatdan çykaran atly dolanyp gelýär.Guşagyny çözen ýerlerini gözleşdireninden soňra,garry adama:
-Şu ýerde unudan pully guşagymy sen aldyň. Ýa pulumy berersiň ýa-da boýnuňy sograryn - diýip hemle atýar.
Garry adam:
-Oglum meniň iki gözüm hem sokur kör.Seniň pulyňy almadym diýse-de atly ony diňlemeýär.Garryny gylyjy bilen ilkinji gezekde ýere serýär.Soňra bolsa atlanyp ol ýerden daşlaşýar.
Bu wakany synlan Musa pygamber:
-Eý Rebbim! Bu wakalaryň içinde menä adalat görmedim.Atlynyň puluny ondan soň gelen bir oglan aldy. Emma ol iki gözi hem görmeýän bir biçäräni öldirdi?! - diýýär.
Hakyky hikmet we adalat eýesi bolan Alla bu sowala şeyle jogap berýär:
-Adamlaryň bolşy şeyledir,eý Musa.Wakalaryň daşyna üns bererler,zulum bardyr öýderler emma iç ýüzini bilmezler.
-Bu wakaň iç ýüzi nämedir,eý Rebbim?
-Puluny çeşmäniň boýunda ýatdan çykaran adam birwagtlar ýanynda işlän garyba zähmet hakyny bermändi.Puly tapan ýigit şol garybyň ogly.Çeşme boýundan puly tapdy we alyp gitdi.Alan puly kakasynyň alyp bilmedik iş muzdudy.Ol oglan kakasyndan özine miras bolup geçen hak algysyny aldy.
Ölen kör adam bolsa öň eli ganly zalymdy.Öz eli öz ýakasydy.Hat-da gözleri bolmanka,puluny ýadyndan çykaryp giden atlynyň kakasyny nähäk ýere öldiripdi.Şu güne çenli eden zulumlary üçin hiç bir jeza çekmändi.Indi bolsa oň öziniň öldiren adamsynyň ogly gelip,puluny alandyr öýdip kakasynyň ganhoryny öldirdi. Bu görnişe görä hakykatda adalat ornuny tapdy.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.