Islenen habarlar (2)

Salam hormatly Islenençiler!
Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys.
@Şoşonyñ "Abaddon,gölämiz enesini emenok,düzedip beräý" diýen mowzugyny okan aladaçyl adminimiz Abaddon olaryñ gölelerini görmek üçin @Şoşolara tarap ugrapdyr.
Aýdymçylaryñ gazanýan pullaryna gözügidijilik bilen garan @Ahmedik aýdymçy bolup,toýlara gatnap başlapdyr.Toýa gelen myhmanlaryñ haýyşy boýunça "Maña ogul ber, Hudaýym" aýdymyny ýerine ýetiripdir.Aýdymdaky "Hudaýym" sözüni aýtman üstünden böküp geçen @Ahmedigi toý eýeleri toýdan kowupdyr.
Ýañy-ýakynda bagt toýuny tutan @Biohimik gelniniñ her diýenini ýerine ýetiripdir.Täzelikde gulagymyza degen habarlara görä gap-gaç ýuwýan,öýi syryp-süpürýän @Biohimigi goñşulary hamyr ýugrup otyrka hem görüpdirler.
@Shakrukh Khan söýgüli aktýory Shakrukh Khany görmek üçin Hindistana gidipdir.Söýgüli aktýorynyñ özi bilen surata düşmek teklibini ret edendigini gören @Shakrukh Khan "Senem bolubilseñ mençe barsyñ.Bolubilmeseñ mençe-de ýoksuñ!"diýip,ýurduna dolanyp-dolanmanka saýtdaky öñki nikinden çykypdyr-da,@Anil Kapur diýip täze nik açynypdyr.
@Hemedanylara üzüm ýygmaga giden @Sunshine,@Miss minnosh, @Saryja we @Körpeje gyz dördüsi heniz bir bedräni hem doldurmankalar üzümçilikdäki bir ýygymçyñ aýagyndan ary çakyp,güp ýaly çişenini görüpdirler.Muña ör-gökden gelen joralar öýlerine bakan ýelk ýasapdyrlar.Olary gören Hemedanynyñ
"Gyzlar,ýañy geldiñiz-ä,nirä barýañyz? Üzümem berjekdim size" diýen sözlerine
gyzlar "Biziñ janymyz üzümden süýji" diýip jogap beripdirler.Gyzlaryñ ýany bilen gelen @Durdyyev bolsa tä agşam düşýänçä ýygymdan gaýtmandyr.Öýe gelip-gelmänkä-de ýygymdan gaýdan gyzlaryñ içini ýakmak üçin üzüm iýip oturka düşen suratyny saýtda goýupdyr.
@Remezan imo sahypasyna "Tanyşaýaly" diýip hat ýazan Adriana Limany "Birinjiden-ä meñ maşgalam bar,ikinjidenem wkusyma gabat geleñok" diýip,jogaplapdyr-da,bloga salypdyr.
Saýtdaky fantaziýasy güýçli goşguçylaryñ biriniñ "@Belki goşgularyny maña barladýardy.Indi aramyz bozulansoñ ol kömegimdenem mahrum boldy,sam.syk" diýen gürrüñini eşden @Belki gülmäge başlapdyr.Onuñ 4 sagatlap yzygider gülenini gören hossarlary gülüp ölmeginden howatyrlanyp,hassahana ýerleşdiripdirler.
Ine,hormatly Islenençiler size ýetirjek täzeliklerimiz-ä şulardan ybarat.Gepleşigimiziñ indiki sanynda görüşýänçäk hoş sag boluñ!
19 лайков 792 просмотров
83комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
15 июл 2022, 14:45
Wirtual 5liklerdir 100likleri gereklere paýlaber jora. Araky ýaryşdan habar berip otur?! Name habar?!. Garasa garasa haalyys irdim indi men a.
#динара.
15 июл 2022, 14:46
Цитата: Mümkin
Gauzen,gündeligi ikilikçiler öýde galdyragandyr özi :))
Miss minnosh,guýruksyz,gowy bakylan,semiz,original bäşlik.
Xyivenia,getir şuwat joşup oturkam.

kim bakdyka biziň bäşligi?)
Nazar
15 июл 2022, 15:09
Gyzyklyy :)
Nazar
15 июл 2022, 15:13
Menem gosarsyn diyip umyt edyan
Aymaraljana_a
15 июл 2022, 16:22
Cok zor ♥♥♥Afarinn
Mümkin
Автор 15 июл 2022, 16:58
Ötegçi,şuwat ýaşlar guramasynyñ işgärine jañ etdim.Ertire çenli anyklap bereýin diýdi jemlenip jemlenmänini.
Ötegçi
15 июл 2022, 17:41
Bolya, sagjabol! Habar bolsa aýdaweri, gazetde de duşmamsoñ nahilika dp..
Serdar
15 июл 2022, 19:25
brawo gowy.
Maksat
15 июл 2022, 19:49
Salam, "islenen habarlar" @Massimusyň tanyşlyk temalary ýaly gyzykly bolupdyr.:) Berekella. ?

Ýöne saýt agyr işleýämi azajyk. Göwnümemikä ýa!?
Pocahontas
15 июл 2022, 19:55
Haladym..?Başagaýlykdan täzeliklere ÿetişmeyänime gynanyp yördüm?
Asiye Eren
15 июл 2022, 20:19
Gaty gowy bolupdyr ?
Bagul_Atayeva
15 июл 2022, 20:32
Gùnùň iň tâzeje habary menem dokument tabşyryp dyndyr şu gün)
Bagul_Atayeva
15 июл 2022, 20:32
dyndym*
Apples
15 июл 2022, 21:01
Цитата: Bagul_Atayeva
dyndym*

Nama tabsyrdyn
Garabufer
15 июл 2022, 21:41
Şo temanam göripsiňaý hahaa
Aýsere
15 июл 2022, 22:32
Цитата: Ötegçi
Wirtual 5liklerdir 100likleri gereklere paýlaber jora. Araky ýaryşdan habar berip otur?! Name habar?!. Garasa garasa haalyys irdim indi men a.

Gülnar Geldimyradowanyñ baş baýragy alan ýaryşyna diýýäñmikäñ
Aýsere
15 июл 2022, 22:34
Gowy habarlar
Mümkin
Автор 16 июл 2022, 01:03
M-11,ýok,Biznes gazetinde geçirilen bäsleşik.
nurana
16 июл 2022, 01:06
Betlay
DonMaxx
16 июл 2022, 01:54
++++
Myhhman
16 июл 2022, 08:13
Manysyz
Garabufer
16 июл 2022, 09:04
Myhhman,
+++++
Fass
16 июл 2022, 15:17
Mümkin,
Imodan yitdinle birden "di** ***m **r" diyip yazdyn. Son yitdin. Name bolday