Islenen habarlar (3)

Salam hormatly Islenençiler!
Sizi saýtymyzda 24 sagadyñ dowamynda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrýan Islenen habarlar gepleşigini okamaga çagyrýarys.
@Belkiniñ "Abaddon,20-sine işe çykmaly welin,şony 1-2 gün yza süýşürip beräý"diýen haýyşyny okan @Abaddon Ahal welaýat Bilim ministrligine jañ etdi.
Onuñ ikinji haýyşy bolan "Abaddon täze alan köwşüm aýagymy gysýar welin, düzedip beräý"diýen haýyşyndan soñ bolsa @Abaddon aýalyny @Belkiniñ ýanyna goşup, bazara ugratdy-da "Her alan köwşüniñ aýagyna dar bolup-bolmaýanyny mazalyja synla"diýip berk tabşyrdy.
@Belkiniñ "Abaddon,ýetmiş ýaşaýançam ölmez ýaly edip beräý"diýen haýyşyny okanyndan soñ bolsa @Abaddon "Edil oña-ha güýjüm ýetmez"diýip,señrigini ýygyrdy.
@Sadmanyñ teswirlerine like goýýan näbelli gahrymanyñ özi bilen deñ-duş gyzdygy belli boldy.Muny eşdip gyzy duşuşyga çagyran @Sadmana gyzyñ agasy tarapyndan özboluşly "tañryýalkasyn"aýdyldy.
@Enegül,@Kind boy we @Fan B @Gostuñ saýta dolanmagy üçin öýüne töwella gitdiler.Ony ýaşuly adamdyr öýdüp ýören ýaşlar howluda gezip ýören @Gosty görüp "Inijik,bar atañ @Gosty çagyryp gelsene" diýdiler.
@Khanture TKM bilim ministrligine arza ýazyp,onda her bir mekdepde geografiýa sapagynyñ içinde tekiz ýer teoriýasynyñ öwredilmegini haýyş etdi.@Khanture bilen ýüzbe-ýüz görşen hünärmenler ony mamla hasaplap,indiki çykjak geografiýa kitabyna"Tekiz ýer teoriýasy"diýen temanyñ giriziljekdigini aýtdylar.
@Gauzeniñ türk dili baradaky öwgüli sözlerini okan Türkiýäniñ Prezidenti Rejep Taýip Erdogan oña jañ edip,minnetdarlyk bildirdi hem-de öz ýanynda işe girmäge çagyrdy.@Gauzen Erdogana "Maña pikirlenmäge wagt ber,gyssama" diýip jogap berdi.
@Bägül Ataýewanyñ "Oguz han adyndaky..." ÝOJ-a resminamalaryny tabşyranyny eşiden @Seri "Şundan inžener çykaýmasyn.Şu wagtdan aramy sazlaýyn"diýip,onuñ mowzuklaryna we teswirlerine ýeke-ýeke like goýup başlady.Birden,kimdigini bilmän duraýmasyn diýibem "Bägül,like-lary men goýýandyryn"diýip,ýörite belläp geçdi.
@Saryja "Habarlaşaýaly"diýip nomerini goýan @Biohimige aýaly 15 gün daşarda ýatmak temmisini berdi.Iñ soñky täzeliklere görä,Biohimigiñ akylly telefony elinden alynyp,saýta girmegem gadagan edildi.
Ine,hormatly Islenençiler size ýetirjek täzeliklerimiz-ä şulardan ybarat.Gepleşigimiziñ indiki sanynda görüşýänçäk hoş sag boluñ!
13 лайков 480 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 19 июл 2022, 16:41
Bildiriş:"Islenen habarlar"gepleşigimize öz taýýarlan habarlaryñyzy-da hödürläp bilersiñiz.Habarlaryñ iñ gyzyklylary gepleşigimiziñ indiki sanlarynda islenençilere ýetiriler!
Soho
19 июл 2022, 17:22
ahli habarlardan habarly edyan ajayyp bloglardan biri, her gezekki sanyny howes bilen okayan
Apples
19 июл 2022, 17:38
???
Hiayress
19 июл 2022, 17:42
"@Enegül,@Kind boy we @Fan B @Gostuñ saýta dolanmagy üçin öýüne töwella gitdiler.Ony ýaşuly adamdyr öýdüp ýören ýaşlar howluda gezip ýören @Gosty görüp "Inijik,bar atañ @Gosty çagyryp gelsene" diýdiler."

Şepe, "çaga ekleýänow" diýip, çaga ekleme ýagdaýynyň barlygy bilenem magtanýar, aýtýana intäk çaga diýip. :D
#B.S
19 июл 2022, 17:47
@Saryja "Habarlaşaýaly"diýip nomerini goýan @Biohimige aýaly 15 gün daşarda ýatmak temmisini berdi.Iñ soñky täzeliklere görä,Biohimigiñ akylly telefony elinden alynyp,saýta girmegem gadagan edildi.

:ýatyp, ellerini ýere urup gülýän smaýlik:
Bentner
19 июл 2022, 17:55
hehehe Daş bolupdyr bu tazelikleriňa, sabrsyzlyk bn dowamynada garashyas brawo
Nazar
19 июл 2022, 18:35
Hehe :) indiki sanlarynada garasyas
Yusup
19 июл 2022, 18:42
dowamly bolsun
Biohimik
19 июл 2022, 18:55
Hehehe
Biohimik
19 июл 2022, 18:55
Guldirdi;))
Dowamly bolsun goldayas))
Waleryanka
19 июл 2022, 18:58
Belki, ýetirip dur .Teswir ýazmasagam saýta girsek birinji bilen seň "habarlaryňy" okap soň beýleki postlara geçýäs)
Gauzen
19 июл 2022, 19:00
Tüweleme, gowy bolupdyr brawo
Gauzen
19 июл 2022, 19:01
Ärdoganyň ýanyna gitmeli boljak öýdýän dalii
Apples
19 июл 2022, 20:22
Gauzen,
Galyp gitsen bizem suyrarsina?!
Serdar
19 июл 2022, 21:01
+Haladym)))
Bildirish
19 июл 2022, 21:27
Öz nikimi saña beräýmeli bolupdyra :D
Belki
Автор 19 июл 2022, 21:31
Üytgeşijek nikiñ bar :)
Aýsere
19 июл 2022, 22:17
Yzy gür bolsun. Şu agza kimiň minus basýany meni gyzyklandyryp başlady
Belki
Автор 19 июл 2022, 22:37
M 11,
Näçe minusym bar? Tygşytlyda bolamsoñ görünenok.
Tuman
20 июл 2022, 00:37
Her zat tapýaň senem .Habarlary ýazmak nireden ýadyňa düşdi.
Moana
20 июл 2022, 10:13
Gowy bolupdyr :)
Tuman
20 июл 2022, 10:42
Haý bu nebela
Waleryanka
20 июл 2022, 12:04
stroitel Maňa dagy minus basmaga kimiň eli bardyka.(häzir şuňa näçe minus basylarka.Işimi goýup seredip oturjak)
Apples
20 июл 2022, 12:15
Manada bira minus basya. Kim minus basyan bolsa kowsi yyrtylsyn
Waleryanka
20 июл 2022, 12:21
Цитата: Kind_boy
Manada bira minus basya. Kim minus basyan bolsa kowsi yyrtylsyn

Munyňa gargynjam däl.Dostlukdaky Hatyjanyňa minus goýýanlara iň ýeňiljek gargynjy "Rezko kamaz kaksyn we ölsün"-di.
Belki
Автор 20 июл 2022, 12:29
Näçe minusym bardygyny aýtmadyñyz-da.
Meñ mowzugyma gelip,öwgüli teswir ýazsañyz minus aljagyñyz garantiýadyr adamlar :))
Moana
20 июл 2022, 13:27
Цитата: Waleryanka
Цитата: Kind_boy
Manada bira minus basya. Kim minus basyan bolsa kowsi yyrtylsyn

Munyňa gargynjam däl.Dostlukdaky Hatyjanyňa minus goýýanlara iň ýeňiljek gargynjy "Rezko kamaz kaksyn we ölsün"-di.


Gargyş edip edip ahyry ýapdyrdy :)))
Aýsere
20 июл 2022, 13:55
Цитата: Belki
M 11,
Näçe minusym bar? Tygşytlyda bolamsoñ görünenok.

Mowzukda -2 görkezýär, teswirlerede minus goýýalar aýak aldygyna
Aýsere
20 июл 2022, 13:56
Jañjagazyñ suraty çykypdyr welin bildiriş gelýän boldumyka
SaDMaN
20 июл 2022, 13:58
@Belki ,bah kimka ol Like basyan gyz?