Harry Potter hem-de jadygöýüň daşy (2)

Ýazyjy: Joan Rouling
2-nji bap: ÝITIRIM BOLAN AÝNA

Darslileriň ir bilen oýanyp, ýegenini gapynyň öňünde tapanlaryndan bäri eýýäm
on ýyla golaý wagt geçipdi. Bu wagta çenli Praýwet Draýw köçesinde hiç hili
üýtgeşiklik bolmady. Gün edil öňküsi ýaly kiçiräk baglaryň depesinde gömerdide,
Darslileriň dörtlük belgili gapylaryna ýagty saçyp, ýuwaşlyk bilen jenap Darsliniň
baýguşlar hakdaky täzelikleri diňlän gününden bäri düýbünden üýtgemedik myhman
jaýyna süýşerdi. Diňe buhary pejiň tekjesiniň üstünde goýlan suratlar şol günden bäri
näçeräk wagtyň geçendigini görkezýärdi On ýyl mundan ozal bu tekjede kellesi
alamula papaklyja, gyzyl topjagaza meňzäp duran oglanjygyň suratlary duran bolsa,
indi bu ýerde gür sary saçly uzyn oglanyň öz ilkinji tigrini sürşi, aýlanýan hiňňildikde
uçuşy, kakasy bilen kompýuterde oýun oýnaýşy, ejesiniň ony ogşap, gujaklap durşy
şekillendirilen suratlar bardy. Emma bu öýde ýene bir oglanjygyň ýaşaýandygyny
habar berýän ýekeje-de alamat ýokdy.
Harri Potter entegem şol öýde ýaşaýardy, häzir ol süýji ukuda ýatyrdy. Ýöne
eýýäm oýanan Petunýa daýzasynyň çirkin sesi zerarly onuň ukusy uzaga çekmedi.
Tur! Häziriň özünde tur!
Harri ýalpa gözüni açdy.
— Tur diýdim saňa! — diýip, daýzasy ýene gapyny kakdy.
Harri onuň aşhana dolanandygyny, pejiň üstünde sajy goýup, bir zatlar bişirip
başlandygyny eşitdi . Arkan ýatyp, uçýan motosikl hakda ýap-ýaňy gören düýşüni
ýadyna salmaga çalyşdy. Bu düýşi ol öňem gören ýalydy.
Daýzasy ýene gapynyň aňyrsynda peýda boldy.
— Sen henizem turmadyňmy?
— Turdum diýen ýaly.
— Çaltrak tur. Bişip duran kakmaja seret. Özem ýakaýmagyn. Dadliniň doglan
gününde ähli zat kemçiliksiz bolmalydyr.
Harri bir zatlar samrady.
— Näme diýdiň? — diýip, daýzasy ýene gapyny kakdy.
— Hiç zat, hiç zat.
Ol nädip bu gün Dadliniň doglan günüdigini unutdyka? Harri ýuwaşlyk bilen
düşeginden turup, joraplaryny gözledi. Ahyry düşeginiň aşagyndan tapdy-da, bir
taýynyň üstünde aýlanyp ýören möýi kakyşdyryp, aýagyna geýdi. Harri munuň ýaly
ýagdaýa öwrenişipdi. Sebäbi basgançaklaryň aşagynda ýerleşýän geýim saklanýan
ammarça mydama möýden doludy. Bu ammarça onuň ýatýan ýeridi.
Ol geýnip, aşhana bardy. Stoluň töweregi Dadliniň sowgatlaryndanýaňa
hyryndykyndy. Daşyndan garanyňda, Dadlä täze kompýuter, ýene bir telewizor hemde tigir sowgat berlen ýalydy. Çümmüklemegi gowy görse-de, hereket etmegi
halamaýan çişik Dadlä tigriň nämä gerekdigi Harri üçin düşnüksizdi. Dadli ejizleri
urmagy gowy görýärdi, esasy ýumruk ýassygam Harridi, ýöne aşa semizligi köplenç
Harriniň yzyndan ýetmäge päsgel bererdi.
Harri elmydama öz ýaşyndan has hor hem kiçi görünýärdi. Bu onuň ammarçada
ýaşaýandygyndanam bolmagy mümkindi, ýöne munuň esasy sebäbi Harriniň hemişe
özünden dört esse daýaw Dadliniň köne eşiklerini geýýänligindedi.
Harriniň inçe ýüzi, bogun-bogun dyzlary, gara saçy, açyk mawy gözleri hem-de
Dadliniň burnuna pitiklemelerinden ýaňa döwlüp, soň ýelmeç ýelmenip bejerilen
tegelek äýnegi bardy.
Harri öz daş keşbindäki ýekeje zady gowy görýärdi, ol hem maňlaýyndaky
ýyldyrym şekilli ýara yzy. Bu ýara yzy onda özüni bileli bäri bardy, onuň dil açyp,
daýzasyna beren ilkinji sowaly hem maňlaýyna bu ýara yzynyň nädip düşendigi hakda
bolupdy.
Şonda daýzasy:
— Bu ýara yzy eneň-ataň aradan çykmagyna sebäp bolan ulag çaknyşygyndan
soň galypdyr. Indi menden zat sorama — diýip jogap beripdi,
Sowal bermezlik Darslileriň parahat durmuşynyň birinji kanunydy.
Harri tabakdaky kakmajy agdaryşdyryp durka aşhana giren Wernon daýysy her
günki endigine görä:
— Saçyňy dara! — diýip, oňa azgyryldy.
Hepdede bir gezek diýen ýaly Wernon daýysy okap oturan gazetiniň üstünden
seredip, Harriniň saçynyň gysgaldylmalydygyny aýdardy. Dogrudan-da,
synplaryndaky ähli oglanjyklaryň içinde iň ösgün saçlysy Harridi. Ýöne kiçeldeniňdede, kiçeltmäniňde-de, barybir, onuň saçlary mydama bulaşykdy.
Harri ýumurtga çakyp durka, ýüzi edil kakasynyňky ýaly gyzaryp, kiçijik gözleri
bolsa ýaşaryp duran, gysga boýunly, uly kellesinde endigan ösýän gür, sary saçly Dadli
ejesi bilen içerik girdi
Petunýa daýzasy köplenç Dadliniň kiçijik perişdä meňzeýändigini aýtsa, Harri
onuň ötürme saçly doňza meňzäp durandygyny aýdardy.
Sowgatlardan ýaňa aşhananyň içinde eýläk-beýläk ýöremek kyn hem bolsa,
Harri etli-ýumurtgaly tarelkalary stolda goýuşdyrdy. Dadli bolsa sowgatlaryny
sanamaga başlady. Ýöne birden onuň ýüzi has-da gyzaryp, ejesine hem kakasyna
seretdi.
— Otuz altymy? Geçen ýylkydan iki sowgat kem.
— Ýöne, balam, sen Marj daýzaň sowgadyny sanamadyň ahyryn. Ol, hanha,
ýüzüne «Ejeňden hem kakaňdan» diýlip ýazylan ullakan gutynyň aşagynda dur.
Bolýar, otuz ýedi. Şonda-da biri ýetenok — diýende, Dadliniň ýüzi
öňküsinden-de gyzardy.
Muny gören Harri naharyny çalasynlyk bilen iýmäge başlady. Sebäbi Dadliniň
gahary gelende stoly agdaraýmak gylygy bardy.
Petunýa daýzasy hem howpuň golaýlaşýandygyny aňan bolarly, ol:
— Häzir gezelenje gidenimizde, men saňa ýene iki sany sowgat alyp beräýerin.
Bolýarmy, tyňkyjam? Ýene iki sany artykmaç sowgat. Şeýtsek bolarmy? — diýip, çalt-
çalt gürledi.
Dadli agyr bir meseläni çözjek bolýan ýaly, biraz pikirlenip durdy.
Ahyrsoňy pessaý ses bilen:
— Diýmek, meň otuz, otuz... — diýdi,
— Otuz dokuz, meniň balajygym — diýip, Petunýa daýza onuň sözüni soňlady.
— Hä, onda bolýar — diýip, ejesiniň teklibinden soň biraz köşeşen Dadli haşlap
aşak oturdyda, golaýdaky gutularyň birini eline aldy.
— Kiçijik şeýtanjyk, edil kakasy ýaly bolup, ilki bilen, iň gymmat zada
ýapyşýandyr — diýip, Wernon daýy Dadliniň saçyny sypalady.
Edil şol wagt telefon jyňňyrdady. Harri Wernon daýysy bilen Dadliniň tigriň,
wideokameranyň, pultly uçaryň, on alty sany kompýuter oýnunyň hem-de altyn
sagadynyň daşyna oralan kagyzlary ýyrtyşdyryşyny synlap durka, Petunýa daýzasy
telefona jogap bermäge gitdi. Ýöne ol, näme üçindir, aşhana aladaly hem gaharly
dolanyp geldi.
— Habarlar-a gowy däl, Wernon. Hanym Fig aýagyny döwdüripdir. Şu wagt jaň
edip, oňa gözgulak bolup bilmejegini aýtdy — diýip, ol Harrä tarap ümledi.
Onuň aýdanlaryna Dadli gözlerini petreden bolsa, Harriniň ýüregi böküp gitdi.
Her ýyl daýzasy bilen daýysy doglan gününde Dadlini hem onuň dostuny oýun
seýilgähine, gamburger garbanyşhanasyna we kinoteatra alyp giderdiler. Her gezek
hem Harrini iki köçe aňyrda ýaşaýan hanym Fig atly garry aýalyň öýünde goýardylar.
Ol kelemiň ysy gelip duran şol öýi hiç halamazdy. Hanym Fig hem her gezek ony
häzire çenli saklan pişikleriniň ählisiniň suratlaryny görmäge mejbur ederdi.
— Indi näme ederis? — diýip, Harriniň çaklaýşy ýaly, Petunýa daýzasy
adamsyndan sorady.
Harri hanym Figiň aýagyny döwdürendigine gynanmalydygyny bilýärdi. Ýöne
Tibli, Garjagaz, jenap Penje, Tafti atly pişikleriň suratlaryny görmejekdigi ýadyna
düşende, begenenini duýman galdy.
— Biz ony alyp galmagy Marjdan haýyş edip bilerdik — diýip, Wernon daýysy
teklip etdi.
— Ýok, ol oglanjygy ýigrenýär ahyryn — diýip, Petunýa daýzasy jogap berdi.
Darsliler mydama Harri öýde ýok ýaly ýa-da hiç zada düşünmeýän ýaly, ol hakda
islänlerini aýdardylar.
— Ady nämed-äýt şoň, seň bir joraň bar-da?! Hä, Iwonna! Şoňa goýup gitsek
näme?
— Ol Maýorkada dynç alyp ýör.
— Siz meni öýde goýup gitseňizem bolardy — diýip, Harri özi bilen razylaşarlar
diýen umyt bilen teklip etdi. Onuň telewizorda islän zadyny görüp, ýa bolmasa
Dadliniň kompýuterinde oýun oýnasy gelýärdi.
Emma Petunýa daýzasy oňa ýüzüni edil häzir turşy limon ýuwudan ýaly
kürşerdip seretdi.
— Sen näme, «Maňa öýi ýumurmaga mümkinçilik ber» diýýäňmi?
Harriniň:
— Men öýi ýaraýasym ýog-a — diýip, jogap berendigine garamazdan, ony
diňlänem, eşidenem bolmady.
— Belki, biz ony ýanymyz bilen haýwanat bagyna äkidip, ulagda goýup gideris
— diýip, Petunýa daýzasy ýuwaşlyk bilen adamsyna ýüzlendi.
— Men ýaňyja alan täze ulagymda onuň ýeke özüni goýup gidip bilmen...
Şol wagt Dadli çirkin-çirkin gygyryp, aglamaga başlady. Ol ýalandan aglaýardy.
Çyny bilen aglanyndan bäri ep-esli ýyl geçen bolsa gerek. Ol ýöne ýüzüni kürşerdip,
pesräk bagyryp aglamaga dursa, ejesiniň islän zadyny etjekdigini bilýärdi.
Aglamasana, balam, Dadli janym. Ejeň hiç kime seň doglan günüňi
bulamaga ýol bermez — diýdi-de, Petunýa daýza gollaryny gerip, çişik ogluny
gujaklady.
— Men onuň ý-ý-ýanymyz bilen g-g-gitmegini islä-ämok. Ol mydama ähli zady
zaýalaýa-ar — diýip, Dadli ýalandan aglap, gygyryp durşuna, ejesiniň gollarynyň
arasyndan Harrä tarap seretdi-de, içýakgyç ýylgyrdy.
Edil şol wagt gapy kakyldy.
— Eý, Hudaý, olar geldiler — diýip, Petunýa daýza gapa ylgady. Az salymdan
Dadliniň iň gowy dosty Pirs Polkis öz ejesi bilen içerik girdi. Syçanyňky ýaly süýri,
bigörk ýüzli Pirs dosty Dadli oglanjyklary uranda, olaryň ellerini saklap berýänleriň
biridi. Dadli olary görüp, ýalan agysyny goýdy.
Bir ýarym sagatdan soň, bagtynyň çüwendigine ynanyp bilmeýän Harri
Darslileriň ulagynyň yzky oturgyjynda Dadli hem Pirs bilen oturyp, ömründe ilkinji
gezek haýwanat bagyna barýardy. Daýzasy bilen daýysy ony öz ýanlary bilen
haýwanat bagyna äkidäýmekden başga alaçlarynyň ýokdugyna düşünipdiler. Ýöne
öýden çykmankalar, Wernon daýysy ony bir gyra çekdi-de, ullakan gyzyl ýüzüni
Harriniň ýüzüne golaýlaşdyryp:
— Duýdurýan, oglanjyk, näme bolsa bolaýsyn, tapawudy ýok, eger ýekeje gezek
bolgusyz hereket edäýseň, Täze ýyla çenli ammarçadan çykman oturarsyň — diýdi.
Harri:
— Meniň erbetlik etmek niýetim ýok. Çynymy aýdýan... — diýip, söz bersede,
Wernon daýysy hemişekisi ýaly onuň aýdanlaryna ynanmady.
Aslynda seretseň, esasy mesele köplenç Harriniň töwereginde geň zatlaryň bolup
geçýänligindedi. Darslilere ol geňlikleri özüniň etmeýändigini aýdanyň biderekdi.
Bir gezek Harriniň hemişekisi ýaly dellekhanadan saçyny asla kiçeltmedik ýaly
dolanyp gelmeginden halys bizar bolan Petunýa daýzasy gaýçysyny alyp, onuň
maňlaýyndaky ýara yzyny ýapar ýaly alyn saçyndan başga ähli saçyny düýbünden
gyrkyşdyrdy welin, ol edil kel adama meňzedi duruberdi . Dadliniň şol gezekki hezil
edip gülmegi, ozal hem döwük äýnegi we köne-küşül eşikleri üçin öz üstünden
gülünýän Harrä gaty agyr degdi.
Uzynly gije ertir nädip mekdebe gitjekdigi barada aladalanyp, wagty bilen uklap
bilmedik Harri irden turup, aýna seredende saçynyň edil öňküsi ýaly ösendigini görüp
haýran galdy. Daýzasydyr daýysyna saçynyň nädip beýle tiz ösendigine özüniňem akyl ýetirip bilmeýändigini düşündirmäge çalyşsa-da, munuň üçin bir hepdeläp geýim
saklanýan jaýda oturmaly boldy.
Başga bir gezek bolsa, Petunýa daýzasy Dadliniň könelip giden melewşe
nokatly, betnyşan goňur jempirini Harrä geýdirjek boldy. Ýöne daýzasy jempiri
geýdirmäge synanyşdygyça, ol şonça-da kiçelýän ýalydy. Ahyry ol Harrä däl-de,
kiçiräk gurjaga boljak derejede kiçeldi. Bolsa-da, Petunýa daýzasynyň «jempir
ýuwlansoň girendir» diýip pikir etmegi bilen, Harri jezalandyrylman galypdy.
Ýene bir gezek mekdep aşhanasynyň üçegine münendigi üçin, Harri uly
kynçylyga sezewar bolupdy. Dadli bilen dostlary hemişekisi ýaly, özüni urjak bolup
kowalaýan mahaly, duýdansyz ýerden uçup, üçegiň üstüne galmagy Harrini haýran
galdyrypdy. Şonuň üçin mekdep direktory Harriniň jaýlara dyrmaşýandygyna arz edip
Darslilere hat ýazypdy. Harri ammarça salyp, daşyndan gulplan daýysyna diňe bir
gezek, mekdebiň hapadanynyň golaýynda bökendigini aýdyp, günäsiniň ýokdugyny
düşündirmäge eden synanyşygam netijesizdi. Böken wagty Harrini ýel göterendir diýip
çaklaýmakdan başga alaç galmandy.
Ýöne bu gün ähli zat gülala-güllükdi. Mekdepde ýa ammarçada, ýa bolmasa
hanym Figiň kelemiň ysy aňkap duran myhman jaýynda wagt geçireniňden, Dadli hem
Pirs bilen gezim edeniň müň esse gowudy.
Ulagyny sürüp barşyna Wernon daýysy bir zatlar hakda aýalyna zeýrenip
başlady. Aslynda işgärleri, Harri, ýygnak, Harri, bank, Harri hem başga zatlar hakda
zeýrenmek onuň gowy görýän pişesidi. Ýöne bu gün ol näme üçindir motosikller hakda
zeýrenýärdi.
— Warryldaşyp, halys ýürege düşýärler. Haý, bihepbeler! — diýip,
motosiklleriň biriniň özlerinden ozup geçenine gaharlanan Wernon daýysy käýindi.
Gören täsin düýşi ýadyna düşen Harri:
— Men gije düýşümde uçýan motosikl gördüm — diýdi.
Onuň bu sözlerini eşidip, öňündäki ulagy kakmakdan maşynyny zordan sowan
Wernon daýysy oturan ýerinden, doňzuňky ýaly, ullakan, murtly kellesini yza öwürdide:
Motosikller uçmaýar — diýip, Harrä azgyryldy.LINE: https://line.me/R/ti/p/%40kitaphana
24
Dadli bilen Pirs jykyrdaşdylar.
Harri:
— Menem olaryň uçmaýandygyny bilýän. Ýöne men gören düýşümi aýdyp
bermek isledim — diýip jogap berdi.
Ol Darslileriň ýanynda öz düýşi hakda söz açandygyna ökündi. Olar sorag
bermekden hem beter, iň bärkisi, düýşde ýa-da multfilmlerde bolup geçýän täsinlikler
hakda gürrüň edilse-de halamaýardylar. Sebäbi Harriniň kellesinde howply pikirleriň
peýda bolmagyndan gorkýardylar.
Güneşli dynç gününde maşgala bolup gelen adamlardan ýaňa haýwanat bagy
hyryn-dykyndy. Darsliler girelgede Dadli bilen Pirse şokoladly buzgaýmak satyn
aldylar, Harrini bir gyra çekip ýetişmänkäler, buzgaýmak satýan zenanyň ýylgyryp,
ondan näme isleýändigini sorandygy sebäpli, Harrä-de limon tagamly buzgaýmak alyp
bermeli boldular. Saçynyň reňki başga diýäýmeseň, edil Dadlä meňzäp duran bir
gorillanyň kellesini gaşaýşyny synlap durşuna, Harri elindäki buzgaýmagyny ýalap,
onuň tagamynyň gaty bir erbet hem däldigi hakda pikirlenýärdi.
Ol ömründe ilkinji gezek özüni şeýle bagtly saýýardy. Dadli hem Pirsiň öýlänki
nahar wagtyna çenli haýwanlary synlamakdan ýadap, hemişeki gowy göryän pişelerine
— ýene kowalamaga başlaýmagyndan howatyrlanan Harri olardan yzrakda ýöräp,
seresap bolmagy unutmaýardy. Haýwanat bagynyň restoranynda garbanyp otyrkalar,
Dadli öz buzgaýmagynyň azdygyny aýdyp, gahardan ýaňa gyzaryp başlanda, oňa
täzesini alyp beren Wernon daýysy Dadliniň iýmän goýan buzgaýmagyny Harrä
iýmäge rugsat berdi. Harri bu ajaýyp günüň uzagrak dowam etmegini isledi.
Iýip-içip bolansoňlar, olar ýylanlary synlamaga gitdiler. Ýylanlaryň saklanýan
jaýynyň içi garaňky hem salkyndy. Diwaryň ýüzündäki hatar aýnalaryň aňyrsynda,
daşlaryň hem agaçlaryň arasynda her dürli alakadyr ýylanlar süýrenişip ýördi. Dadli
bilen Pirs hatda adamlary hem mynjyradyp biljek uly we ýogyn zäherli ýylanlary
görmek islediler. Dadli tiz wagtda kakasynyň ulagynyň daşyndan azyndan iki gezek
dagy aýlanyp, ony mynjyradyp biläýjek iň uly ýylany tapdy. Ýöne ýylan diýseň tutuksy
görünýärdi. Dogrusy, ol uklap ýatyrdy.
Dadli ýüzüni aýna degrip, ýylanyň gözleriňi gamaşdyryp barýan derisini synlap
durşuna:
Ony ýerinden turar ýaly et — diýip, kakasyna buýurdy.
Wernon daýy barmaklary bilen aýnany kakdy. Emma ýylan gymyldajagam
bolmady.
Dadli:
— Ýene kak! — diýip gygyrdy.
Wernon daýy aýnany ýumrugy bilen kakdy. Ýylan bu gezegem oýanmady.
— Bu-la ýürekgysgynç-laý — diýip, Dadli aýnanyň öňünden aýtyldy.
Harri uzynly gün aýnany kakyp, arkaýyn ýaşamaga gün bermeýän adamlardan
başga ýoldaşy bolmadyk bu ýylan ýekelige çydaman ölen bolaýmasyn diýen pikir
bilen, ony ünsli synlady. Öz ýanyndan: «Şu jaýyň içindäki ähli adamlara tomaşa
bolanyňdan-a, günde diňe Petunýa daýzam gapysyny kakýan ammarçada
ýatypturanyňam gowy bolsa gerek» diýip pikirlendi.
Ýylan birden gözüni açdy. Ol Harriniň kellesiniň deňine ýetýänçä haýaljykdan,
gaty haýaljykdan kellesini galdyrdy-da, gözüni gypdy.
Harri haýran galdy. Töweregine nazar aýlady. Hiç kimiň seretmeýändigine göz
ýetirensoň, Harri hem ýylana bakyp, gözüni gypdy.
Ýylanyň Wernon daýa hem Dadlä tarap ümleýşi, «Bular ýaly adamlary men
günde kän görýän» diýýän ýalydy.
Harri:
— Düşünýän-le. Seniň durmuşyň ýürekgysgynç bolsa gerek?! — diýip, aýnanyň
aňyrsyndan pyşyrdady.
Ol öz sözlerini ýylan eşidendir öýtmändi. Ýöne ol. «Hawa» diýýän şekilde baş
atdy.
Harri:
— Seniň aslyň nireden? — diýip sorady.
Ýylan guýrugy bilen aýnanyň gapdalyndaky «Braziliýa boasy» diýen ýazgyny
görkezdi.
Harri ýazgyny okap:
Ol ýeri gowudymy? — diýip sorady.
Ýylan ýene ýazgyny görkezdi. Ol ýerde: «Ýylan haýwanat bagynda
ýetişdirilen» diýlip ýazylgydy. »
— Diýmek, sen hiç haçan Braziliýada bolup görmänsiň-dä?!
Ýylan razylaşýan şekilde ýene baş atdy. Ýöne duýdansyz ýerden çykan gykylyk
olaryň ikisiniň hem zähresini ýardy.
— Dadli, jenap Darsli, bu ýylanyň edýän hereketlerine seretseňizläň!
Dadli ylgap gelşine:
— Aýryl ýoldan! — diýip, Harrini bir gyra itip goýberdi, Harri badyny saklap
bilmän, gaty ýere patlap düşdi. Şondan soňky wakalar göz açyp ýumasy salymda bolup
geçipdi. Ýaňam ýüzlerini aýna degrip duran Dadli bilen Pirs, sähel salymyň içinde
gorkudan ýaňa gygyryşyp, arkanlygyna ýykyldylar. Kellesini galdyran Harri boa
ýylanynyň daşyny gabap duran aýnanyň nirädir bir ýere ýitirim bolandygyny, ýylanyň
bolsa ýuwaşlyk bilen süýrenip ýere düşendigini görüp, içini çekdi. Äpet ýylandan
gorkan adamlar ala-goh bolşup, gapa tarap ylgaşdylar.
Harri öz deňinden geçip barýan ýylanyň hyşşyldaýan ses bilen «Men Braziliýa
gitjek. S-s-sag bol, amigo!» diýenini aýyl-saýyl eşitdi.
Ýylanlar öýüniň gözegçisi:
— Aýna... aýna niräýitirim boldy? - diýip, nämäniň nämedigine düşünip bilmän
haýran galdy.
Haýwanat bagynyň eýesi ötünç sorap durşuna, Petunýa daýza öz eli bilen süýjüli
çaý taýýarlap berýärdi. Pirs bilen Dadli henizem gorkudan aýňalyp bilmän, titreşip, bir
zatlar samraşyp otyrdylar. Ýylan olaryň deňinden geçip barýarka, guýrugy bilen
Dadliniň aýagyna bary-ýogy ýuwaşja kakandygyny Harri görüpdi, emma Wernon
daýysynyň ulagyna münenlerinde, Dadli ýylanyň aýagyndan çakandygyny, Pirs bolsa
onuň özüni bogjak bolandygyny aýdyp, ant içip, awy ýalaýardylar. Harri üçin iň erbet
ýeri hem, biraz köşeşensoň, Pirsiň: «Harri ýylan bilen gürleşip durdy. Şeýle dälmi,
Harri?» diýmegi boldy.
Pirsi sag-aman öýüne eltýänçä sesini çykarmadyk Wernon daýysy, öýe
gelenlerinden soň:
Bar, git... ýeriňe... Şu gün... saňa... nahar ýok! — diýip, gahardan ýaňa
zordan gürledi. Ol agyr göwresini oturgyja goýberdi Petunýa daýzasy köşeşer ýaly oňa
ullakan bulgurda brendi içgisini getirip berdi.
Harri elinde sagadynyň ýoklugyndan erbet kösenýärdi. Sebäbi ol Darslileriň
ählisiniň uka gidendigine doly göz ýetirmese, biraz garbanmak üçin aşhana barmaga
milt edip biljek däldi.
Ene-atasy ulag heläkçiliginde wepat bolaly bäri Darslileriň maşgalasynda ýaşap
ýörenine on ýyl doldy. Bu on ýylyň içinde onuň görmedik kynçylygy ýokdy.
Ene-atasy heläk bolanda özüniň olaryň ýanynda bolandygy ýa bolmandygy onuň
asla ýadyna düşenokdy. Ýöne ammarçasynda birnäçe sagatlap pikirlenip ýatýan
mahallary Harriniň göz öňünde birden gözüňi gamaşdyryp barýan gök ýagtylyk
janlanýan bolsa, başga wagt maňlaýyny ýakyp barýan ýiti agyry onuň tutuş bedenine
ýaýrap giderdi.
Her gezek bu ýagdaý ulag heläkçiligi bilen bagly bolaýmasyn diýen netijä gelsede, bu ýagtylygyň nireden peýda bolýandygyna asla düşünenokdy. Harri ejesi bilen
kakasynyň daş keşbini hiç ýadyna salyp bilenokdy. Daýzasy bilen daýysam olar hakda
hiç zat aýdyp berenokdylar. Olara bu barada sowal bermegem bolanokdy. Öýüň içinde
Harriniň ejesi bilen kakasynyň suratam ýokdy.
Harri kiçiräkkä hemişe nähilidir bir zadyň özüni bu ýerlerden alyp gitjekdigi
hakda düýş görerdi. Ýöne ol düýşler hiç hakykata öwrülmedi, Darsliler onuň ýeke-täk
maşgalasy bolup galdy. Ýöne kämahal köçeden geçip barýan adamlar oňa özüni
tanaýan ýaly bolup görnerdi (mümkin, ol munuň şeýle bolmagyny isleýändir). Özem
olar gaty täsin adamlardy. Bir gezek kiçijik melewşe papakly bir adam Petunýa daýzasy
hem Dadli bilen dükanda aýlanyp ýörkä, oňa seredip, başyny egdi. Harri Petunýa
daýzasyndan: «Siz bu adamy tanaýaňyzmy?» diýip soranda, Petunýa daýzasy hiç zat
satyn alman, oglanlary alyp, dükandan alňasap çykyp gaýtdy. Bir günem awtobusda
otyrka, durşuna ýaşyl geýnen bir aýal oňa elini galgatdy. Ertesi gün köçeden ýöräp
barýarka, uzyn ýektaýly bir kel adam onuň bilen elleşip salamlaşdy-da, hiç zat aýtman
gidiberdi. Iň täsin ýeri hem, olaryň şol bada gürümjürüm bolýanlygydy.
Mekdepde Harriniň dosty ýokdy. Okuwçylaryň ählisi Dadliniň tirkeşýän
toparynyň köne-küşül eşikli, döwük äýnekli Harri Potteri halamaýandygyny bilýärdi.
Olaryň hiç haýsysy hem bu topara garşy çykmaga milt edip bilmeýärdi.
2-nji babyň soňy.
Dowamy bar.... (3-nji bap)
1 лайков 89 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.