Partadaşyma...

Partadaşyma...
(bir tanşymyñ ömründen)


Gözeldiñ, agrasdyñ, näzlidiñ çensiz.
Alçakdyñ sen, bäşlikleriñ hatardy,
Wah partadaş gözelligñä bilmedim,
Agraslygyñ seni bagta ýetirdi.

Hoş söz isläp seni dürtüp başlamda,
Agras ýüzüñ goýardy meñ nokadym.
“Söýýän” diýip ýazlan hatlarmy ýyrtyp,
Oñ deregne Himiýany okadyñ.

Men bolsa ellermi eñegme diräp,
Senli oýlanmalañ içinde ýüzdüm.
Sen bolsa henizem pikiriñ bölmän,
Probirka bakyp gözüñi süzdüñ.

Probirklardan, elementlerden,
Garaz himiýadan bagt ýasap uçduñ.
Men bolsa hat ýazyp “söýýän, köýýänli”
Soñky synagdanam üçlüge geçdim.

Sen alym bolupsyñ, durmuş gurupsyñ,
On ýyllykda medenýetli tost aýtdyñ.
Tostuñ arasynda “Çopan partadaş”
Diýip degşen bolup ýeriñe gaýtdyñ.

Gülen boldum, emma düşen halymy,
Himýañ bilen içim dörüp bilsediñ?!
Çopan dälde belki aspirant bordum,
Sen ýanymda oturmadyk bolsadyñ...


Kerim Hallyýew
1 лайков 131 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
Автор 21 июл 2022, 13:09
Gitme!
Gitme!
Sen gidäýseñ, ýitirip ýolum,
Azaşmakdan gorkýan, başynda ömrüñ.
Gitme!
Sen gidäýseñ, göýdük galaryn,
Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.
Bogar meni söýgiñ nalasy,
Gitme!
Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...
Bu söýginiñ azaplary gizlenen,
Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.
Gitme!
Gitmeklige ýokka zerurlyk,
Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...
Söýgi bilen tutan näzik ellermi,
Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap
Mr Mafia Tkm
15 окт 2023, 17:44
bar kişi şahyr ekenä