Siziñ pikiriñizçe dogrumy?

Essalowmaleýkim hormatly agzalar, Hanymlar we Jenaplar. Gowysyzyñyz diýip umyt edýän, menem gül ýaly şükür Hudaýa. Şu gün bir tema hakda mowzuk açasym geldi. Ýagny gyz maşgalanyñ oglana birinji bolup el uzatmagy, ilkinji bolup ädimini ätmesi bu ýagdaý eýýäm köpimiz üçin syr bolmasa gerek. Siziñ pikiriñizçe şeýle ýagdaý dogrymy? Elbetde bu ýagdaý köpimize nätanyş däl bolsa gerek. Belki-de, 4 ýada 5 aýlyk simpatiýadan soñ, bu ýagdaý geñ däl bolmagam ahmal. Ýöne gynasakda käbir gyzlarymyz birazajyk howlugyp, 2/3 günüñ içinde ýada ondanam az wagtyñ içinde ilkinji ädimi ätmeli diýen karara gelýänleri az däl. "Sebäbi? Näme üçin?" Bu soraglara meñ özimä anyk jogap berip biljekdäl, olaryñ içinden geçýän duýgulary barada plan diýmäýin, ýöne şeýle hereketleriñ gyz maşgala tarapyndan edepsizlik bolup görünjekdigi hem-de oglan tarapyndanam halanylmajakdygy hemde sowmeniýa döretjekdigi anyk zat bolsa gerek(elbetde, herhili niýetli adam bar muny öz peýdasyna görjeklerem ýok däl).
2 лайков 218 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
21 июл 2022, 10:55
Meña başym yaş diyen bolayynmy ?
Biohimik
21 июл 2022, 10:56
Hany muña ...?.... maýtan gyzjagaşlar jogap beraysin
Öwreniji
21 июл 2022, 11:16
Käbir ýagdaýda, wagt geçip, gidensoň, wah gönüläp aýdan bolsady diýip ahmyr edýäň, bu babatda aýdyşyňa görä, şol wagt özi ilki ädim ätse geň görüler, ýöne duýgy hemme kişä deň dereje berilmän biler, eger soň ahmyr etjek bolsaň ilki ädim ädýän gyz, ýa ýigit soň ökünmese onda ýalňyş hereket edenok diýip pikir edýän.
Apples
21 июл 2022, 12:12
Oglanlar sabyrly gyzlar sabyrsyz
Gauzen
21 июл 2022, 12:20
Цитата: Kind_boy
Oglanlar sabyrly gyzlar sabyrsyz

Baý ba shlyapa
#динара.
21 июл 2022, 12:53
Gyzlar sabyrsyz'myş
Aýsere
21 июл 2022, 13:43
Duýgusyna erk edip bilmeýän gyzlar soň şol oglanam terk eder
Perman Izakow
21 июл 2022, 13:51
Meselem bir gyz oglan tarapa birinji adimi atse.Sol oglan sol gyza bolan sylasygy pes bolya menin pikirmce.
Toyly
21 июл 2022, 15:09
Bu zamanda pullyja,gurplyja , gymmatbaha maşynlyja bolan oglanlaryñ yzynda gyz bary gara helak...?????
Perman Izakow
21 июл 2022, 15:54
Islendik gyzam oglanyn maddy tarapyna seretya
Izma
21 июл 2022, 17:50
Elbetde dogry däl. Ýalňyşypdyr o gyz kim gyzam bolsa. Özüniň zat oňarmaýan tormozlygyndan utanandan geçen, gaýtam gyzy pikirini aýdany üçin ýedi ýat wirtual şepeleriniň arasynda ýeňsesinden (howwa ýeňsesinden, şonam ýüzüne diýibilmändir) utandyrjak bolýan artybyň ýanynda gabry gazyldymyka o gyzyň, toba. Badyr-da her ýerde tormozlaram söýýän pahyrjyklar. Žalko gyza. Ýöne oglan oňa ýok diyse gowy bolar. Ýogsam birden bagty ýatyp toý etseler dagy o gyz ol oglany ömri gutarýança itekläp otlamaly bolar.