Uzakdan söýýän seni

Uzakdan söýýän seni.
Ysyňy alman,
Boýnuňa dolanman,
Ýüzüňe elimi degirmän,
Ýöne söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Eliňden tutman,
Ýüregiňe galtaşman,
Gözleriňde gark bolman,
Şu üç günlik söýgüleň kejine,
Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýaňaklaryňa sy:rygýan iki damja ýaşyňy süpürmän,
Iň däli gülkileriňe şaýat bolman,
Iň söýgüli aýdymyňa bile hiňlenmän

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýykman,
Dökmän,
Döwmän,
Degmän,
Aglatman, uzakdan söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Saňa aýtmak isleýän her sözümi
Dilimde bölek-bölek edip söýýän
Damja damja dökülende sözlerim
Bigünä ak bir kagyzda söýýän.

                                Jemal Sureyya

Terjime: @picasso
3 лайков 116 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
24 фев 2023, 17:23
"Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän."

Mežnun nä erkek adam dälmişmi?!

Söýgiňiz daş ýarsyn.
Men_we_Sen
24 фев 2023, 18:21
Adam ummanda ölmesede, gider bir çemçe "söýgi"-de gark bolar. :)
Cemal Süreyya
picasso
Автор 24 фев 2023, 18:27
Hiayress26 off № 1Şu gün, 17:23

"Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän."

Mežnun nä erkek adam dälmişmi?!

Söýgiňiz daş ýarsyn.


Erkek adamyn jynsyna dal ruhuna baglapdym mena
Гость
24 фев 2023, 18:51
Hiayress26
"Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän."

Mežnun nä erkek adam dälmişmi?!

Söýgiňiz daş ýarsyn.

?