Uzakdan söýýä seni

Uzakdan söýýän seni.
Ysyňy alman,
Boýnuňa dolanman,
Ýüzüňe elimi degirmän,
Ýöne söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Eliňden tutman,
Ýüregiňe galtaşman,
Gözleriňde gark bolman,
Şu üç günlik söýgüleň kejine,
Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýaňaklaryňa sy:rygýan iki damja ýaşyňy süpürmän,
Iň däli gülkileriňe goşulman,
Iň söýgüli aýdymyňa bile hiňlenmän

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýykman,
Dökmän,
Döwmän,
Degmän,
Aglatman, uzakdan söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Saňa aýtmak isleýän her sözümi
Dilimde bölek-bölek edip söýýän
Damja damja dökülende sözlerim
Bigünä ak bir kagyzda söýýän.

                                Jemal Süreýýa

Terjime: @picasso
7 лайков 245 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahan
07 сен 2022, 21:33
Cozdumiiiii. Yeri
XYIVENIA
07 сен 2022, 23:59
Menem seni uzakdan söýýän ...... :)
picasso
Автор 08 сен 2022, 05:32
Menimi :)
Mümkin
08 сен 2022, 05:32
Super bolupdyr.
Galamyña saglyk!
Dowam et terjimelere.
picasso
Автор 08 сен 2022, 07:17
Mümkin off № 4Şu gün, 05:32

Super bolupdyr.
Galamyña saglyk!
Dowam et terjimelere.

Sag bol
menembiri
08 сен 2022, 20:17
Tipa zaochno soyyanda ha'mi!?)
Timur
09 сен 2022, 20:46
Pikaso ikimiz galdyk oytyann