Durmuş...

Durmuşda dünýä inmek, hemişe ösmek we ösmäge çalyşmak ýaly borjumyz bar .. "Häzir belli bir ýaşa ýetdik, durmuş ýene öz gaýtalanmalaryna başlady" diýip bilemzok. Haýsy ýaşda bolsak-da, şol ýerde durmuşymyzda elmydama ilkinjiler bolýar. Oýlanyp görüň, ilkinji demden başlaýar, ilkinji aglamak bilen dowam edýär. Soňra ilkinji sözler, ilkinji ädimler, ilkinji mekdep, ilkinji aýralyk, ilkinji kinoteatra gitmek, hünäre ilkinji ädim, ilkinji aýlyk, ilkinji mahabat, ilkinji çykyş, ilkinji gözleg, ilkinji soňlanyş... Doglan günlerimizde dünýäde bar bolan ilkinji günümizi belleýäris …
Bu gün meniň doglan günüm, geçmişde ullakan ýyllar galdy. Bagtly, umytly, joşgunly, ýagty ýyllar... Göwnüçökgünliklerden, arzuwlardan, höweslerden, aýralyklardan, duşuşyklardan doly ýyllar. Gülki we gözýaş ýyllary. Has owadanlaşýan we paýlaşmak arkaly köpelýän ýyllar. Dostlarymy tapyp, olar bilen ýugrulan ýyllarym. Özümi gözlänimde ýitiren, her gezek täzeden tapýan, tapanymda ulalan, ulalanymda gözleýän ýyllarym ... Wagt, durmuş, şertlere garşy çykan, gozgalaň eden we göreşen ýyllarym.
Käwagtlar ýadadym, özüme çekildim, özümi diňledim, soň galan ýerimden ýöremegi, ylgamagy we büdremegi dowam etdirdim, durup, adamlara düşünmek üçin gaýta-gaýta pikirlenen ýyllarym we haçan olara düşünip bilmesem, olar bilen çözgüt tapmak üçin göreşen ýyllarym.
Öz kynçylyklarymy ýeke özüm dag edip, olaryň aşagynda galjakdygyma düşünen ýyllarym ... Ölüm agyrysyna şaýat bolan, okan, synlaýan, gatnaşýan, öwrenmäge aç çaga ýaly bilimlere hüjüm eden ýyllarym.
Ylgaýan, ýeten, ýetip bilmedik ýollarymy arzuw edip, dowam eden ýyllarym. Çagalygym, ýetginjeklik we ýetişen ýaşlygym bilen ýaşan günlerim, geçmişe göz aýlamalydygymy ýatladýan ýyllar geljege bolan umytly doly ýyllar. Bu gün meniň bir bölegim şatlyk, bir bölegim gynanç...
Doglan günler duýgyly günler, sebäbi ... Belki, şonuň üçinem adam bolmak gowy zat. Öz-özüme "Dogulmagyma bagtly, hemme zada garamazdan durmuş şeýle owadan!" - diýýärin we özüme aýdym hödürläp, günüň lezzetini almaga synanyşýaryn...
7 лайков 234 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
08 сен 2022, 07:22
Uzak yasa gowy oylanma
Maksat
08 сен 2022, 07:50
Doglan gün gutly bolsun, uzak we manyly ýaşa.
Döwlet Şöhradow
Автор 08 сен 2022, 08:17
Sag bolyň
picasso,
Bayker,
Minnetdar!
Telwas
08 сен 2022, 08:18
Bir wagtlar Nirvana atly agza ýazypdy şuny öz doglan gününde.

Döwlet jigim, eger doglan günüň bolsa ömrüň uzak bolsun, gutlaýan.
Döwlet Şöhradow
Автор 08 сен 2022, 08:18
Aslynda 03.09 senede bolmaly..
(Saýt ýapyk sebäpli bolmady)
Soho
08 сен 2022, 09:18
uzak we manylyja yashap goyber
picasso
08 сен 2022, 09:27
Soho on № 6Şu gün, 09:18

uzak we manylyja yashap goyber

Kyn gormesen uzak yasayda diyen yaly
My life
08 сен 2022, 10:24
Uzak yashañ, gutlayan! ?
Hypatia
08 сен 2022, 20:44
Ömrüň uzak bolsun!
Döwlet Şöhradow
Автор 09 сен 2022, 04:56
Sag bolyň
Nirvana,
Soho,
My life,
Rigel,
Hypatia,
Minnetdar!
Aýnur
10 сен 2022, 05:05
Uzak ýaşa, janyň sag bolsun! 18 ýaş mübärek!
"Oýlanmany özi ýazaýdymyka" diýip durdum-la :)