"Ýürekdeş"

Isle söýýän diý, isle ýürekdeş,
Ýöne bolmasyn aramyz daş.
Isle ýoldaş bol, isle ömürdeş,
Men seni saýladym bolaý ýürekdeş.

Ýürekdeşim diýip saýladym seni,
Çyn ýürekden söýýärin, örteme meni.
Seniň adyň bilen alýaryn demi,
Men seni söýýänä, söýäý ýürekdeş.

Ýa meniň söýgimi ýalan görýäňmi,
Ýa sözimde, biwepalyk duýýaňmy,
Ýa başga birin söýýäňmi,
Meni beýdip ýakma, söýäý ýürekdeş.

Seniň üçin bu ömrümi bererin,
Maňlaýymda näme bolsa görerin,
Ýaradandan hemişelik dilegim,
Bu durmuşda bersin meniň söýenim.

Şunuň bilen gutarýaryn namany,
Bu durmuşda ýaşamaly bimany.
Unutmaryn saňa söýýän diýmäni,
Men seni söýýärin, söýäý ýürekdeş.

Awtory: Bägül Baýramowa & Çerkez Baýlyýew
8 лайков 180 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
08 июн 2021, 12:19
FuLL sister!!!
Mäkgi
08 июн 2021, 12:22
kiz bamn goshgy gou bolupdyr))
Maksat
08 июн 2021, 12:24
like
yyldyz
09 июн 2021, 01:29
jopba joryshym bar ekena:) gowmu kiz
yyldyz
09 июн 2021, 01:29
yok deregi sen shahyr bolsañ meni yatdan cykarmaly daldr yatdan cykarayma ?