Maña bir ýürekdeş tapyñ!.

Umydy umyda gabap,
Ynamy ynama sapyp,
Göwnümi göwnüne ýanap,
Maña bir ýürekdeş tapyñ!.

Irmesin ol gussalamdan,
Gursagyma şatlyk guýsun,
Ýoklugymy ölme deñäp,
Barlygymy bagt saýsyn.

Sübselesin gursagymy,
Syrsyn, süpürsin kinämi,
Edep bersin duýgylarma,
Öwrener ýaly söýmäni.

Ýalandygny bilýän ahyr,
Ýamanlygy çenemesin,
Arzuwmy maña meñzedip,
Hyýalyma deñemesin...

Ýetim galan ruhymy,
Gurşasyn hossarym bolup,
Ejiz däl, ejizlän göwni,
Seýiklesin ýarym bolup.

Maña bir ýürekdeş tapyñ!,
Bolmasa durmuş bimany,
Göwnümi göwnüne ýanap,
Öwretsin maña söýmäni...

Awtory: Baýram Bejidow
8 лайков 191 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
22 мар 2023, 21:54
Ejiz däl, ejizlän göwnümi,

Şujagaz setiriň bogun sany köpüräk eken. Çala agsadýar.
Mechta
22 мар 2023, 21:54
Mañada tapyñ)
Gerceknazar
22 мар 2023, 21:58
Umuman alanyňda goşgyny haladym . Awtor özüne ýürekdeş gözleýär. Ýürekden aýdylanlar . Baýram öýlendiňmi?
Baýram
Автор 22 мар 2023, 22:09
Gerceknazar,
Salam dost ýok
Gerceknazar
22 мар 2023, 23:23
Tamiz,
Salam
Gerceknazar
22 мар 2023, 23:24
felicita
Mañada tapyñ)

Şu saýtda Remezan ikimizden başga öýlenen bir barmyka?
Jumamyrat
23 мар 2023, 05:55
Gerceknazar,
öýlenmäge höwesliler bar goşgyjagam düzülipdir ýürekdeş tapyň diýip ?
Gerceknazar
23 мар 2023, 06:51
Juma şahyr
Gerceknazar,
öýlenmäge höwesliler bar goşgyjagam düzülipdir ýürekdeş tapyň diýip ?

Entek kän goşgy ýazmaly bolar öýlenjek bolsa ?
Mechta
23 мар 2023, 13:38
Gerceknazar,
Bilmedik)