Gatnaşalyň saýlawa

Gatnaşalyň saýlawa

(Juma şahyryň haýyşy boýunça)

Berkarar döwletiň bagtly döwründe,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa.
Bagtly geljegmize ,batly öwrümdir,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Gatnaşalyň hemmejämiz jem bolup,
Galmasyn gursakda sözler kem bolup,
Gel agzybirlikde üýşüp jemlenip,
Hemmejämiz gatnaşalyň saýlawa .

Saýlaw güni göwünlermiz hoş bolsun,
Watanymda bagtly durmuş başlansyn,
Howandarmyz başymyza baş bolsun ,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Türkmen bu gün arzuwyna ýetendir,
Türkmen bu gün bitarap ýurt tutandyr,
"Watan diňe halky bilen watandyr"
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Gerçeknazar Amannazarow

(22.03.2023)
4 лайков 141 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jumamyrat
22 мар 2023, 23:00
Sagja bol agam köp köp galamyň ýiti uçly bolsun
Gerceknazar
Автор 22 мар 2023, 23:05
Juma şahyr,
Bolýar senem sag bol
Edepli Gödek
23 мар 2023, 02:53
Türkmen bu gün arzuwyna ýetendir,
Türkmen bu gün bitarap ýurt tutandyr,
"Watan diňe halky bilen watandyr"
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Aňsat ekenlaý agam seňki))
Gerceknazar
Автор 23 мар 2023, 06:54
_Bayat,
Aňsat bolsa ýazyp beräýmeli ekeniňdä