Ýürekdeşime (Felicitadan)
02:45.Häzirem aýnanyñ öñünde pessaýja ýagýan ýagşyñ damjalarynyñ aýnadan syrygyp gaýtýanyny synlap oturşyma,sen barada pikir etýän.Seniñ meniñ durmuşymda ýakyn we ýûrekdeş adama öwürlişiñ barada.Özümem ynanamok şu zatlara.Men seni şeýle özüme ýürekdeş saýaryn öýdüp pikirem etmändim.Tanşanmyza az wagt bolanam bolsa,sen birtüýsli kalbyma ornaşyp gidiberdiñ. Eýsem bu nämeden alamatka?!Ýa bu biziñ pikirlermiziñ deñ gelmegimikä?Ýok bu ondanam has üýtgeşik duýgy öýdýän.Ýöne bilemok bu nähili duýgy?Men ony häzir nädip we nähili atlandyrjagymam bilemok. Sebäbi seniñ dünýäñ üýtgeşikliklerden doly. Bilýäñmi näme,durmuşda her ynsan özüne ýakyn we pikirdeş,söhbetdeş adam gözleýär.Menem şeýledim, menem mydama şol hyýalymdaky adamyñ gözlegindedim.Hawa şol hyýalymdaky adamy gözläp ýörşûme ol ynsanyñ özi birdenkä menin öñümden çykdy.Hawa ol sendiñ.Şeýdip biz tanyşdyk,pikirdeş bolduk köp zatlar barada gürrüñ etdik.Biz birek-birege juda öwrenişdik.Wagtyñ geçmegi bilen sen maña diñe bir pikirdeş däl de,eýsem ýürekdeş hem ýakyn adama öwrüliberdiñ.
@Felicita.
15.06.2022ý
@Felicita.
15.06.2022ý
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.