Eje...

Eje... (bir gyzyñ içki dűnýäsi)

Umytlarym salgym boldy, ýűrekde,
Ençe soraglarym galgaýar eje.
Sen gyzyña műdimilik gerekdiñ,
Ykbal neçűýn bizi synaýar eje?!

Sendiñ ahyr arzuwlarmyñ barysy,
Tapylarmy haraýlarmyñ çäresi,
Durmuş bilen pikirlermiñ arasy,
Seret, ýene meni gynaýar eje.

Ir säher oýarýa bagdaky guşlar,
(Belki bir gűn bular bir bagty buşlar),
5 gyzyñy sen hasratda taşlap,
Derdimiz niçik bor, duýmaýañ eje?!

Ýűregim hem gysýa, ejizläp kem-kem,
Belki agyr gűnler geçer bu serden,
Noýabryñ 12-si seni gidirip elden,
Gözimdäki ýaşym diñmeýär eje!!!

Saña bagyşladym şu goşgym elbet,
Belkem hasratlarym çekerden erbet,
Imanyñ hemra bolsun jaýyñ hem jennet,
Diýip seniñ gyzyñ aglaýar eje!!!

Perman Halgylyjow
2 лайков 94 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.