"Pul" barada setirler. . .
Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiň
Gapýarsyň gözlerden garagy sen pul
Kimseler ýaşabam bilmeýär sensiz
Arzuwy,umydy,ýüregi sen pul
Seň syryňa düşünemok heniz men
Kimler üçin ýigrenji sen ejiz sen
Kimler üçin ýoldaşyndan eziz sen
Baladan bar zatdan geregi sen pul
«Pul»diýip diňmeýär enäň nalasy
«Pul » diýip gidýändir gyzlañ namysy
«Pul»diýip gyrylýar ynsan balasy
Aldyrýaň ellere ýaragy sen pul
Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl
Mundan artyk kalbym ezip biljek däl
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl
Köpleriň dessany dilegi sen pul.
Gapýarsyň gözlerden garagy sen pul
Kimseler ýaşabam bilmeýär sensiz
Arzuwy,umydy,ýüregi sen pul
Seň syryňa düşünemok heniz men
Kimler üçin ýigrenji sen ejiz sen
Kimler üçin ýoldaşyndan eziz sen
Baladan bar zatdan geregi sen pul
«Pul»diýip diňmeýär enäň nalasy
«Pul » diýip gidýändir gyzlañ namysy
«Pul»diýip gyrylýar ynsan balasy
Aldyrýaň ellere ýaragy sen pul
Besdir mundan artyk ýazyp biljek däl
Mundan artyk kalbym ezip biljek däl
Sen barada ýazýan diňe Gerçek däl
Köpleriň dessany dilegi sen pul.
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.