Söýgi goşgusy

Gurrasy ters düşýän tersa ykbalym
Bagtly pursatlara soranda idin,
Gysymymdan ak bagtymy sypdyrdym.
Ýa söýdümmi seni ýazgytdan bidin?!

Hakykat hyýal däl ýa-da arzuw däl,
Oňatlyga ýorulsa-da düýşlerim,
Beden, ruhum aýrylyp bir-birinden,
Terse çekdi hakdyr öýden işlerim.

Bagtyň deňlemesin çözüp bilmedim,
Gözýetim deý galdyň juda alysda.
Bir zady bil: Ynjalaryn, gül yslym,
Didäňdäki hijran ýaşy çalyksa.

Uzak ýollar aşyp ýanyňa geldim,
Seň üçin ýyllardan eýmenmedim hiç.
Otly gözleriňde ýanmak höwesi
Maňa kuwwat berdi şu güne deňiç.

Dogry, ýollar käte ýadatdy meni,
Ýüregimi kä birehim gam iýdi.
Şonda-da gözleňden gözledim özüm,
Berk gujaklap dyrnak ýaly umydy.

2014ý.

Sapa HOMMADOW
6 лайков 1 011 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
28 фев 2022, 21:18
Gaty çylşyrymly ýazylan, aňsat sözler ýok. "Idin", "çalyksa", "Gurra" sözleriň aňsat düşündirilişi hem bar. Goşga hemme kişi düşünmeli, ýöne bu sözlere okap ders aljak çagalar nädip düşünsin? Eýle beýle, plan diýip gaty agyr ýazýaň, Kerim Hally ýaly ýeňil we düşnükli akyp gitýän bolsa hasam gowy bolardy.
ýüreksözi
28 фев 2022, 21:19
mollym siziň goşgularyňyz "Esger" gazetinde çap edilýädimi
doctor
28 фев 2022, 21:22
Mollum soygi keseli yokdy gerek
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:37
Цитата: Wlad
Gaty çylşyrymly ýazylan, aňsat sözler ýok. "Idin", "çalyksa", "Gurra" sözleriň aňsat düşündirilişi hem bar. Goşga hemme kişi düşünmeli, ýöne bu sözlere okap ders aljak çagalar nädip düşünsin? Eýle beýle, plan diýip gaty agyr ýazýaň, Kerim Hally ýaly ýeňil we düşnükli akyp gitýän bolsa hasam gowy bolardy.

Goşga hemme kişiň düşünmegi hökman däl. Kerim Hally ýaly ýazmaly bolmaýyn.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:37
Цитата: ýüreksözi
mollym siziň goşgularyňyz "Esger" gazetinde çap edilýädimi

Hawa.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:38
Цитата: doctor
Mollum soygi keseli yokdy gerek

Ýok.
ýüreksözi
28 фев 2022, 21:39
Цитата: Pegas
Цитата: ýüreksözi
mollym siziň goşgularyňyz "Esger" gazetinde çap edilýädimi

Hawa.

şu goşgyňyz bardy öýdýän hä
Hanguly
28 фев 2022, 21:40
Pegas,
Siziň maksadyňyz mugallym bolup çagalara düşündirmek dälmi?
doctor
28 фев 2022, 21:43
Цитата: Pegas
Цитата: doctor
Mollum soygi keseli yokdy gerek

Ýok.

hmm yokmasyn go zada dal
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:45
Цитата: Wlad
Pegas,
Siziň maksadyňyz mugallym bolup çagalara düşündirmek dälmi?

Goşgy ýazmak bilen mugallymçylygy nädip baglanyşdyrdyň?
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:45
Цитата: ýüreksözi
Цитата: Pegas
Цитата: ýüreksözi
mollym siziň goşgularyňyz "Esger" gazetinde çap edilýädimi

Hawa.

şu goşgyňyz bardy öýdýän hä

Mümkin.
Sayrak gus
28 фев 2022, 21:46
Tüweleme.Öňler has gowy ýazýan ekeniňiz.
Hanguly
28 фев 2022, 21:48
Pegas,
Gepi sowduňyz, men düşündirmek diýdim.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:51
Цитата: Wlad
Pegas,
Gepi sowduňyz, men düşündirmek diýdim.

Goşgyny awtor düşündirmeli däl.
Hanguly
28 фев 2022, 21:55
Pegas,
Meniň bilen biderek çekeleşýäňiz, awtoryň maksady düşündirmek bolmaly, düşünmejek bolsalar näme peýdasy bar?
Pegas
Автор 28 фев 2022, 21:59
Цитата: Wlad
Pegas,
Meniň bilen biderek çekeleşýäňiz, awtoryň maksady düşündirmek bolmaly, düşünmejek bolsalar näme peýdasy bar?

Awtoryň maksady - goşgyny ýazmak. Bolany. Awtor okyjyň derejesine çenli düşüp ýazmaly däl. Bolany. Edebiýatda şert şu. Maňa edebiýaty öwretjek bolma, @Wlad.
Hanguly
28 фев 2022, 22:04
Pegas,
Şunça düşündir, "öwretjek bolma" diýip pikir eder. Men kim edebiýaty öwreder ýaly, ýönekeý zada düşünmezçilik edýäň. Edebiýatçy bolup ýönekeý tankyda elewreýän bolsaň bilmedimdä.
Pegas
Автор 28 фев 2022, 22:06
Wlad, hany tankyt?
Hanguly
28 фев 2022, 22:11
Pegas,
Ýolda, gelýär...
Pegas
Автор 28 фев 2022, 22:12
Wlad, getirmeli kim? Senmi?
Mechta
28 фев 2022, 22:13
Sypdyrmaly dalda bagtynyzy gysymnyzy berk gysmalyda sho wagt gitmez yaly)
Ötegçi
28 фев 2022, 22:14
Wlad, soraglarñy köp bilip soraýañmy(göwnedegiji bolsa, bagyşla, başga hili soramak kellä gelmedi)
Hanguly
28 фев 2022, 22:15
Ötegçi,
Hiç erbet niýetim ýok, meniň bilen köp çekeleşýäni üçin muňa-da erbet garaýar. Ýönekeý soraglar berdimä.
Ötegçi
28 фев 2022, 22:17
Eger bir gyzy şo dereje söýen bolsam, meñ elimden ony hiç kim hatda durmuşyñ özem alyp bilmezdi. Ýöne onsañ şahyr bolmazdym.)))
@Ötegçi
Sayrak gus
28 фев 2022, 22:35
Цитата: Ötegçi
Eger bir gyzy şo dereje söýen bolsam, meñ elimden ony hiç kim hatda durmuşyñ özem alyp bilmezdi. Ýöne onsañ şahyr bolmazdym.)))
@Ötegçi

Men-ä bolardyňyz diýjek. Ýanmana bahana tapylardy barybir.
Ýöne hakyky şahyrlaň diňe bir ykbaly çüwýär. Olam döredijilik.
senagul
28 фев 2022, 22:38
Gowy goşgy. "Garagum" žurnalynda-da çap edilýädi öýdýän, siziň goşgularyňyz.
Ötegçi
28 фев 2022, 22:53
Aý näbileýin.SAYRAK GUS, söýmäge hiç kim duşmady. Ýa da men gaty men-men.... ((((
Howwa, hakyky şahyrlary, hakyky goşgulary okap gözim gidýä. Geñ göribersemmikam ýa, geñ göreniñ alnyna bolsa )))
Sayrak gus
28 фев 2022, 23:23
Цитата: Ötegçi
Aý näbileýin.SAYRAK GUS, söýmäge hiç kim duşmady. Ýa da men gaty men-men.... ((((
Howwa, hakyky şahyrlary, hakyky goşgulary okap gözim gidýä. Geñ göribersemmikam ýa, geñ göreniñ alnyna bolsa )))

Hakyky ýanyşlaryna gözüň gidýärmi?:)
Ýa, geň görseňem bor görmeseňem diýäýmesem.
Onsaňam söýgi kowalaýana däl-de, gaçýana ýapyşýar ynanmazlygyňy mümkin. Islemeýän wagtyňyz öňüňizden çykar bir gün.