Deň Dawagär
Görüň ine ol kezzabyň çep eli
Usul bilen gojan jübsün sermedi.
Duýgur gijaň şol gödeňsi penjesi
Ogry ýigdiň goşaryny garbady.
Çykjak bolup ogry kezzabyň eli
Çarp uruplar gördi ol dar jübüde.
Tüýlek penje ony goýbererli däl
Goja gazap bilen bakýar ýigide.
Ogry diýýär: - Goýber atam, elimi,
Elim guragyrly, beýtme sen - diýýär.
Goja: - Meň jübimem Mollagaranyň
Laýly ojagydyr öýtme sen - diýýär.
Häli-hälem käbir kümsük adamlar
Hötde gelip bilmän gara nebsine,
Günäkärläp goýar olar özgäni
Özi ekin sokup özgäň jübsüne.
Anna Gurtgeldiýew
Usul bilen gojan jübsün sermedi.
Duýgur gijaň şol gödeňsi penjesi
Ogry ýigdiň goşaryny garbady.
Çykjak bolup ogry kezzabyň eli
Çarp uruplar gördi ol dar jübüde.
Tüýlek penje ony goýbererli däl
Goja gazap bilen bakýar ýigide.
Ogry diýýär: - Goýber atam, elimi,
Elim guragyrly, beýtme sen - diýýär.
Goja: - Meň jübimem Mollagaranyň
Laýly ojagydyr öýtme sen - diýýär.
Häli-hälem käbir kümsük adamlar
Hötde gelip bilmän gara nebsine,
Günäkärläp goýar olar özgäni
Özi ekin sokup özgäň jübsüne.
Anna Gurtgeldiýew
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.