Bermuda üçburçlugy...

Atlantik okeanyň bu böleginde esasanam 1960-njy ýyllarda birnäçe gämidir uçarlar gözden gaýyp bolup, olardan hiç bir yz galmandyr. Hiçkimiň düşündirip bilmeýän bu täsin wakasy, birnäçe adamlar hat-da alymlar tarapyndan hem "tebigy bolmadyk birnäçe güýçleriň birleşýän ýeri" bolup tanadyldy we şeýle galdy. Emma uzyn ýyllar edilen tejribe işleri ýakyn geçmişde netije berdi we bu üýtgeşik, geň wakalaryň ýönekeýje "tebigi gazyň" oýnamasydygy orta çykdy.
Ýeriň aşagyndan çogup çykýan tebigy gazlar diňe uly daş bölekleriniň aşagyndan däl, deňiz we okeanlaryň aşagyndan hem çogup çykýarlar. Sebäbi deňiziň aşagy hem üsti suw bilen gaplanan (gury) ýer bölegidir. Şeýlelikde okeanlar gaty çuň bolany üçin aşagynda güýçli basyş bardyr. Ine, bu güýçli basyşyň aşagyndaky ýerlerden çykýan tebigy gazlar, çuňlukdaky ýylylygyň pesligi netijesinde "gaty" ýagdaýa gelerler we "hidrat" diýilýän ak we hek (мел) ýaly bir madda halyna öwrülýärler. Okeanyň iň çuň ýerlerine çenli çümüp bilyän robot kameralaryň ol ýerdäki gar ýaly ak okeanyň aşagyny we birnäçe gämi harabalaryň suratlaryndan soňra bu ýagdaýa ylmy düşündiriş getirilendir: Ýer şarynyň bu bölegi "Gulf Stream" diýip atlandyrylýan ýyly suwuň akyp geçýän ýeridir. Ýeriň aşagynyň käwagt ýylanmasyndan soňra bu "hek gazlar" ereyär we suwdan ýeňil bolany üçin ýokary galýarlar. Şol wagt suwuň aşagyndan ýokarsyna çenli boşluk (wakuum-deşigi) emele gelýär, okean deşilen ýaly bolýar. Şeyle ýagdaý bolup duran wagty şol ýerden geçýän näme bar bolsa çuňňur guýa gaçýan ýaly ýokary tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçar. Sebäbi suwuň aşagyndan çykýan gazyň göterme güýji gämileri galdyryp bilmejek derejede pesdir. Gazyň çogup çykmagy gutaranda bolsa boşluk ýene öňküsi ýaly dolar we hiç hili yz galdyrmaz.
Uçarlaryň suwa gaçyp ýitmesi hem ýene şol sebäpdendir. Ýokary çykan tebigy gazlar howadan ýeňil bolany üçin ýene ýokary galmaga dowam edýärler. Bu gezek wakuum şol ýerdäki howada (atmosferada) emele geler. Şo ýerden tötänleýin geçýän uçarlar derrew kontrolyny ýitirer we motorlary durar. Sebäbi motorlardaky benziniň ýanmasy üçin kislorod gereklidir we bu boşlukda (wakuumda) howa bolmadygy üçin kislorod hem bolmaz. Şoň üçinem uçarlar tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçarlar. Megerem biziň onlarça ýyllap gyzyklanan Bermudamyz ýönekeýje tebigy gaz sebäpli üytgeşik, geň ýagdaýa eýe bolupdyr.
3 лайков 189 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
30 июн 2022, 12:29
Ýönekeýje tebigy gaz name
Ahmet
30 июн 2022, 12:29
Çeşme niresi?
Öwreniji
30 июн 2022, 12:31
Bolup biler
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 12:35
Ahmedik_97
Çeşme niresi?

Wikipediýa
#B.S
30 июн 2022, 12:36
Ahmedik_97
Çeşme niresi?

men wykypadyada okopdym
Maksat
30 июн 2022, 12:40
Haýsy uçaryň suwa gaçyp ýitendigini, we haýsy alymyň "tebigy bolmadyk güýç" diýip tanandygyny görkezsene?! Henizem bu hekaýanyň ynandyryjy güýji gaçmandyrda. Hiç zat hem ýok, diňe çişirilen gürrüň. Şol ýerden uçýan uçarlaryň kartasy bolmaly, 10-larça uçar şol bir wagtyň özünde uçup ýör, we birnäçe uly gämi syýahat edip, üstünde gezip ýör. Şular ýaly hekaýalaryň nämesini halaýaňyz?!
#B.S
30 июн 2022, 12:47
Keaip_begcon,
O karta montaj how ;)))
Maksat
30 июн 2022, 12:51
Khanture,
Ertekä däl-de, şol mantaža ynananymyz has oňaýly onda.
Ahmet
30 июн 2022, 12:52
Keaip_begcon
Khanture,
Ertekä däl-de, şol mantaža ynananymyz has oňaýly onda.

:)
#B.S
30 июн 2022, 12:54
Keaip_begcon
Khanture,
Ertekä däl-de, şol mantaža ynananymyz has oňaýly onda.

Birzada ynansaň boldy ynançsyzlykdan Alla saklasyn ;)
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 12:56
Keaip_begcon
Haýsy uçaryň suwa gaçyp ýitendigini, we haýsy alymyň "tebigy bolmadyk güýç" diýip tanandygyny görkezsene?! Henizem bu hekaýanyň ynandyryjy güýji gaçmandyrda. Hiç zat hem ýok, diňe çişirilen gürrüň. Şol ýerden uçýan uçarlaryň kartasy bolmaly, 10-larça uçar şol bir wagtyň özünde uçup ýör, we birnäçe uly gämi syýahat edip, üstünde gezip ýör. Şular ýaly hekaýalaryň nämesini halaýaňyz?!

Edil şo töwerekde ýaşap, synlap, ylmy iş ýazýan ýaly görünýäňizle? Biz nä bileli ony, diňe şeýle maglumat berilýä. Soňam o diýýän zatlaryňyzy Wikipediýanyň işgärlerine aýdyň "Boş maglumatlar goýmaýyň gaýrat ediň, siz ýaly çişirip ýazýanlardan ýadadygow" diýip. ))
Döwlet Şöhradow
Автор 30 июн 2022, 12:57
Khanture
Keaip_begcon,
O karta montaj how ;)))

Montažsyz iş bitenogam häzirki döwürde )
Maksat
30 июн 2022, 13:01
sᴛᴀᴛᴇ,
Şol ýerde ýaşap görüp mowzuk açýana meňzämok, boldu-da. :)