Bermuda üçburçlygyndaky geň-taňsy ýitirim bolýan gämidir uçarlar...
Bermuda Şeýtan Üçburçlygy Atlantik okeanynda köp sanda uçarlaryň we gämileriň ýok bolýan, öňden magnit häsiýeti bar diýlip hasap edilen, häzirki döwürde bolsa beýik gaz ýatagynyň üýşen ýeri hasap edilýän Atlantik okeanynda ýerleşen ýeriň adydyr.
Bu üçburçlugyň burçlary Bermuda adasy, Floridadaky Maimi we Puerto Rikodaky San-Juan diýip kabul edilýär.
Ylym tarapyndan düşündirilişi: Bu ýeriň gaty aşagyna goýberilen robot kameralaryň kömegi bilen alynan suratlarda käbir gämi galyndylarynyň we okeanyň astynda galan zatlaryň görülmegi netijesinde alymlar şeýle netijä geldiler. Bu ýer Gulf Stream diýilýän gyzgyn suw akymynyň hem geçýän ýeridir. Düýbünden käbir wagt gyzmagy bilen ''Suw astyndaky gazlar'' eräp we suwdan ýeňil bolandygy üçin suwuň ýüzüne çykýar. Şol wagt okeanyň düýbi bilen üstünde, arasynda suw azalýar. Şol wagt geçýän näme bar bolsa çuň guýa düşýän ýaly, okeanyň düýbüne gidýär. Sebäbi suwuň köp bölegi gaz bolandygy üçin, gämileri götermäge kuwwaty ýetmeýär, gazyň ulalmagy, köpelmegi bilen, suw ýene öňki halyna gelýär we äpet gämiler hiç haçan bolmadyk ýaly ýok bolarlar.
Uçarlaryň düşüp ýok bolmagy hem şeýledir. Suwdan ýokarlygyna gidýän tebigy gaz, howadan hem ýeňil bolandygy üçin ýokarlanmaga, ýokary galmaga dowam edýär. Bu saparda atmosferadaky howa ýerleşýär. Ol ýerden tötänlikde geçen uçarlaryň motory durýar. Sebäbi motorlaryň içindäki benzin ýanmagy üçin kislorod gerek. Şol wagt hem atmosfera ýagdaýynda kislorod motoryň benzini ýakmak üçin juda azalýar we tebigy gaz köp bolup uçar hem okeanyň düýbüne tarap çalt gaçýar.
2-nji Maglumat: Atlantik okeanynyň bu böleginde esasanam 1960-njy ýyllarda birnäçe gämidir, uçarlar gözden gaýyp bolup, olardan hiç yz galmandyr. Hiç kimiň düşündirip bilmeýän bu täsin wakasy, birnäçe adamlar, hat-da alymlar tarapyndan hem ''tebigy bolmadyk birnäçe güýçleriň birleşýän ýeri'' bolup tanaldy we şeýle galdy. Emma köp ýyllar edilen tejribe işleri ýakyn geçmişde netije berdi we bu üýtgeşik geň wakalaryň ýönekeýje ''tebigy gazyň'' oýnamasydygy orta çykaryldy. Ýeriň aşagyndan çogup çykýan tebigy gazlar diňe uly daş bölekleriniň aşagyndan däl, deňiz we okeanlaryň aşagyndan hem çogup çykýar. Sebäbi deňiziň aşagy hem üsti suw bilen gaplanan (gury) ýer bölegidir. Şeýlelikde okeanlar gaty çuň bolany üçin aşagynda güýçli basyş bardyr. Ine bu güýçli basyşyň aşagyndaky ýerlerden çykýan tebigy gazlar, çuňlukdaky ýylylygyň pesligi netijesinde ''gaty'' ýagdaýa gelýärler we ''hidrat'' diýilýän ak we hek (mel) ýaly bir madda halyna öwrülýär. Okeanyň iň çuň ýerlerine çenli çümüp bilýän robot kameralaryň ol ýerlerdäki gar ýaly ak okeanyň aşagyny we birnäçe gämi harabalaryň suratlaryndan soňra bu ýagdaýa ylmy düşündiriş getirlendir.
Ýer şarynyň bu bölegi: ''Gulf Stream'' diýip atlandyrylýan ýyly suwuň akyp geçýän ýeridir. Ýeriň aşagynyň käwagt ýylamagyndan soň bu hek gazlar ereýär we suwdan ýeňil bolany üçin ýokary galýar. Şol wagt suwuň aşagyndan ýokarsyna çenli boşluk (wakuum - deşigi) emele gelýär, okean deşilen ýaly bolýar. Şeýle ýagdaýda şol ýerden geçýän näme bar bolsa çuňňur guýa gaçýan ýaly ýokary tizlik bilen okeanyň düýbüne gaçýar. Sebäbi suwuň aşagyndan çykýan gazyň göterme güýji gämileri galdyryp bilmejek derejede pesdir. Gazyň çogup çykmagy gutaranda bolsa boşluk ýerine öňküsi ýaly dolýar we hiç hili yz galdyrmaýar.
Uçarlaryň suwa gaçyp ýitmesi hem şol sebäpdendir. Ýokary çykan tebigy gazlar howadan ýeňil bolany üçin ýene ýokary galmaga dowam edýärler. Bu gezek wakuum şol ýerdäki howada (atmosferada) emele gelýär. Şol ýerden tötänleýin geçýän uçarlar derrew kontrolyny ýitirýär we motorlary duruzýar. Sebäbi motorlardaky benziniň ýanmasy üçin kislorod gereklidir we bu boşlukda (wakuumda) howa bolmadygy üçin kislorod hem galmaz. Şonuň üçin hem uçarlar tizlik bilen okeanyň üstüne gaçyp çümýärler. Megerem biziň bu onlarça ýyllap dykyzlanan Bermudymyz ýönekeýje tebigy gaz sebäpli üýtgeşik, geň ýagdaýa eýe bolupdyr.
Soňky gelinen netijelere görä Bermudanyň üçburçlygynyň ortarasynda okeanyň astynda aýnaly kristal piramidanyň barlygy ýüze çykdy...

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.