Amon Müsür taňrysy

Amon Müsürde Tebiň baş taňrysydyr we bütin Müsüriň (Egypet) ilkinji taňrylaryň Taňrysydyr. Aýaly Amunet bilen birlikde höküm sürüpdirler. Keramatly haýwanlary /oňanlary/ Gaz we Goçdyr. Orta patyşalyk döwründe ýerli Taňrydy, ýöne Tebliler Müsüre häkimlik edip başlanlaryndan soňra Amonyň derejesi beýgelýär.
XVIII Dinastiýadan başlap Taňrylaryň patyşasy boldy. Meşhur Amen ybadathanasy Karnak dünýäniň iň uly din binasy hökmünde tanalýar. XIX we XX dinastiýalar Ameniň ''Görünmeýän ýaradyjy güýçdigini'' Jennetdäki, Ýerdäki we Ýerasty dünýäsindäki ýaşaýyşyň başlangyjyny döreden diýip hasaplapdyrlar. Amon soňra Ra bilen birleşip dini baýramçylyklarda adygan Müsüriň iň güýçli Taňrysy bolýar.
Patyşa Amenhotep IV Amon göwnihoş diýen manyda gelen Akenaton (Atonyň hyzmatynda) diýip üýtgedýär we Müsürde Aton dinini dikeldip beýleki Taňrylara ybadat etmegi gadan edýär.
Patyşalaryň hem Taňry däl-de adamlardygy ýaly düşünjelere düşünmeligini jar çekdirýär. Ýöne Amon ruhanylary bu permanyň çykarylandygyny ýokuş gördüler we güýçli garşylyk görkezdiler. Akenatonyň ölüminden soňra Atonyň Bir Taňryçyllyk sistemasy bolan Gün dini taryhdan çetleşdirildi.
Käbirleriň aýtmaklaryna görä Amonyň ady günümize çenli ýetip gelipdir. Ýagny doganyň yzynda aýdylýan jümle ''Amin'', ''Ämin'', ''Omyn'' Amonyň adyndan galan diýilýär. Ýöne bu çekeleşikli meselä girýär.


Taýýarlan: @Jeksparro
1 лайков 126 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.