Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 11-nji iýuldan alnyp başlanar

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:
  • okuwa kabul etmegi 2022-nji ýylyň 11-njy iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak,

  • okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.


@TmCars.info
1 лайков 178 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
09 июл 2022, 08:17
Ustunlik hemma;))
Perman Izakow
09 июл 2022, 08:27
Ustunlikler yaran bolsun
wordless
09 июл 2022, 08:29
Sagboluñ ýetireniñize. Näçe gündir bellisi bolmadymyka diýip garaşyp otyrdym.
Perman Izakow
09 июл 2022, 08:34
Saytda okuwa synansjak bolyanlar barmydy.
Gauzen
Автор 09 июл 2022, 13:18
wordless
Sagboluñ ýetireniñize. Näçe gündir bellisi bolmadymyka diýip garaşyp otyrdym.

Oki
Gauzen
Автор 09 июл 2022, 13:18
Rigel
Resmi kagyzlaryň kabul ediljek yerleriniň salgysy saglyk öýleri hakda ýokmy?

Bar goýjak