Biziň üçin 10 sany adaty ýagdaýlar Demirgazyk Koreýada gadagan edilen.

Kyn durmuşda ýaşaýaryn öýdüp pikir etdiňizmi? Her niçigem bolsa, ýygnan maglumatlarymy okanyňyzdan soň, bagtlydygyňyza ynanarsyňyz!

1. Alkogol içgileri
2013-nji ýylda Demirgazyk Koreýanyň bir sany harby işgäri merhum Kim Çen Iri hormatsyzlyk edeni üçin öldürildi, sebäbi şol harby işgär 100 günlük ýas tutmagyň ýerine alkogolly içgileri içdi.

2. Telewizora tomaşa etmek
Birnäçe ýyl ozal Demirgazyk Koreýada Günorta Koreýanyň telewideniýa teleýaýlymyna tomaşa edenligi üçin 80 adam atylypdy. Hökümet çagalar bilen birlikde 10,000 adamy atyp öldürdi.

3. Maşyn sürmek
Diňe döwlet işgärlerinde hususy awtoulaglar bar. Hasaplamalara görä, Demirgazyk Koreýada 100-den diňe bir adamyň awtoulagy bar. Galan raýatlara awtoulag sürmek gadagan.

4. Aýdym-sazy diňlemek
Ajaýyp sesli erkek we aýal aýdymçy ýok! Dolandyryş (döwlet) barada diňe Kim Çen Un aýdym aýdyp biler.

5. Daşary ýurtda ýaşaýan (syýahat edýän) adamlar bilen aragatnaşyk.
Demirgazyk Koreýada halkara hususy jaň etmäge synanyşyň şol wagty öldürilersiňiz. 2007-nji ýylda halkara hususy jaň eden bir adam stadionda atyldy. Jezalandyrylandan soň, repressiýalar netijesinde ýene 6 adam öldi.

6. Şahsy pikiriň bolmagy
Hökümet režimini tankytlaýanlar derrew "ýörite akylyna getirip goýýan ýer"-e iberilýär.

7. Daşary ýurda gitmek
Ýurduň daşyna çyk, seni derrew yzarlarlar we jezalandyryp, gerek bolsa öldürüp hem bilerler!

8. Din
Demirgazyk Koreýa din azatlygyny hödürleýändigini aýdýar, ýöne Injili ýaýratmakda günäkärlenýän hristian aýal muny edenligi üçin aç-açan köpjülikde agyr gynag esasynda öldürildi.

9. "Ýertudana" tomaşa etmek.
Pornografiýa (aşa gödeklik, biabraýçylyk, jynsy gatnaşyklar bilen baglanyşykly hereketleri) tomaşa etmek we ýaýratmak ölüm jezasy bilen jogaplanýar!

10. Internete girmek
Demirgazyk Koreýada Bütindünýä Kerebi ýok. Diňe döwlet tarapyndan öňe sürlen portal (saýtlar) bar.

Terjime eden: @Mona Songz
8 лайков 886 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
15 авг 2022, 13:56
Bah menem yanja dg korea barad gogyl dayydan gozletdik bizdenem beter dowlet shu
#B.S
15 авг 2022, 13:58
Dunyadaki in uly futbol stadiony shu dowletdedigni eshdip huyet etdim
Hiayress
15 авг 2022, 13:59
Khanture,
Bizä özümize Aziýanyň Şwasariýasy diýip oturdyk weli, bizdenem beter diýip, bar illýuziýanyň soňuny sogan ekäýdiňlaý dosti. :D
#B.S
15 авг 2022, 14:00
Hiayress,
Bir reytine gora shulardan bir san yokarda duryadyk. Yagny in sonkudan ikinji :) indi in sonundan birinji durys
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:01
Hiayress
Khanture,
Bizä özümize Aziýanyň Şwasariýasy diýip oturdyk weli, bizdenem beter diýip, bar illýuziýanyň soňuny sogan ekäýdiňlaý dosti. :D

Agzyňy açsaň öýkeniň görner diýleni boldy))
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:02
Khanture
Bah menem yanja dg korea barad gogyl dayydan gozletdik bizdenem beter dowlet shu

Guugldaky gözleglerimiz we pikirlerimiz deň gelipdir şu gezegä owadaş :))
#B.S
15 авг 2022, 14:02
Çynmy ýalanmy bilmedim eshdishime gora shu dowletin mekdeplerinde in uly dowlet biz. Olimpiada oyunlarynda dine altyn medal alyas diyip owredyamishler :)
Hiayress
15 авг 2022, 14:08
Khanture
Çynmy ýalanmy bilmedim eshdishime gora shu dowletin mekdeplerinde in uly dowlet biz. Olimpiada oyunlarynda dine altyn medal alyas diyip owredyamishler :)


Adamyň nä maldan känbir tapawutly ýeri ýok (bu-da Darwiniň teoriýasyny ýene bir gezek tassyklaýar), onsoň näme öwredeniňde bolman dur. Bizde-de ýer tekiz, adamzadyň taryhy bary-ýogy 300 ýyllyk diýen ýaly D.g Koreýanyň iň uly döwletliginden kem galmaýan ýalan-ýaşryklara ynanýan adamlar azlyk edenok. D.g koreýalylara ýene-de öwretýäler, bulara öwretmeseň şeýle. Öwredäýseň kim bilýär ýene nämelere ynanyp ýörjek.
#B.S
15 авг 2022, 14:09
Hiayress,
:))
Suleyman
15 авг 2022, 14:10
Alla başyňa salmasyn bular ýaly Lideri. Bu adamyň nemeräkligini tutyş dünýe bilýär.

Şu adam hakynda meni haýran galdyran iki sany fakt bar:

1. Şu adamyň bet priçoskasy bar. Biz kiçikäk moda bolan "balboks" priçoskasyna meňzeýär. Diýjek bolýanym, 4-5 ýyllykda şu adam tutyş döwlet aparadyndaky hemme işgärlere özüniňkä meňzeş priçoska etmegi buýurdy.

2. Kim Çen gülen mahaly, ýanyndakylaram islese-islemese çyny bilen güläýmeli. Eger aglasa ýa ýüzüni gamgyn şekilde görkezse, ýanyndakylar hem ses edip, gözýaş döküp aglamaly.

Amerikada Tramp Prezident mahaly, şonuň bilen uruşjak diýibem gördi)
#B.S
15 авг 2022, 14:10
Ýertudana :)
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:12
Men ýaşlygymda (12-15) ýaşyma çenli D.Koreýa gitmegi şeýle bir arzuw edýädim hatda göz-öňüne getirer derejede däl. Türkmenistandan D.Koreýa okamana gitýänlerem bar eken. Şolar dagy gazet-žurnalda çyksa maňlaýyma degrip iş edinýädim. Hälem maňlaýda bolmadygy şol ýerleriň :/
Soho
15 авг 2022, 14:12
intiresny kanunlar...
#B.S
15 авг 2022, 14:13
Mona Songz,
Günorta koreýa gidýaler jora yalnyshma
Hiayress
15 авг 2022, 14:14
Dark_Wolf,
Ýalňyşmasam d.g Koreýada gyzlaryň 17 (ýa-da 25), oglanlaryň 12 (ýa-da 14 anyk ýadyma düşenok) döwlet tarapyndan tasyklanan saç oňatma görnüşi bar. Şolarda başga şekilli saç oňartmak bolanok. Gyzlaryň saçlaryda Kim Çin Iniň aýalynyň saçynyň uzynlygyndan uly bolmaly däl. Oňam saçy egne düşüp duran uzynlykda.
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:14
Dark_Wolf,
Amerikada Tramp Prezident mahaly, şonuň bilen uruşjak diýibem gördi)

Ony aýdarmyň ýenede G.Koreýa bilenem oňuşmazlyklary gaty uzaga çekdi.
Dowsypat
15 авг 2022, 14:19
10. Internete girmek
Demirgazyk Koreýada Bütindünýä Kerebi ýok. Diňe döwlet tarapyndan öňe sürlen portal (saýtlar) bar.

Olarda "Kwanmen" atly içki internet tory bar.
Bentner
15 авг 2022, 14:19
Khanture
Dunyadaki in uly futbol stadiony shu dowletdedigni eshdip huyet etdim

Ozal Braziliyadaky Marakana stadionydy iň ulysy arrman kiceldaydilerda, birbada 200 000 zritel yygnayady
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:20
Bellik: D.Koreýa ýarag öndürmekde dünýäde ilkinji 5ligiň hatarynda, şeýle hem geň zat bu döwlet uruşa garaşýan özboluşly ýurt. Bu ýurdyň deň ýarysy harby esgeler. Harby deňiz flotyndaky gämi sany boýunça dünýäde 1 orun. Atom ýadro öndürmekde we tejribe hökmünde peýdalanmakda hem öňdäki orunlarda durýar.
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:21
Khanture
Mona Songz,
Günorta koreýa gidýaler jora yalnyshma

Mümkin :/
#B.S
15 авг 2022, 14:22
Mona Songz,
Nesip bolsa Hytaya coze hali bularama :)
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:22
Bu ýurtda oglanlar üçin adaty gulluk 7 ýyl (ýalňyşmasam).
#B.S
15 авг 2022, 14:23
Mona Songz
Bu ýurtda oglanlar üçin adaty gulluk 7 ýyl (ýalňyşmasam).

name
#B.S
15 авг 2022, 14:24
Karoci Utopiya wi Distopýa :)
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:24
Khanture
Mona Songz,
Nesip bolsa Hytaya coze hali bularama :)

Goý beý diýme, agzyňy ýel alsyn owadaş. Täzeden gymmatçylyk geler beýle bolsa, biz bir bolilin ýaşaly
Hiayress
15 авг 2022, 14:24
Mona Songz,
oglanlar üçin 8 ýyl, gyzlar üçin 5~8 ýyl aralygynda.
#B.S
15 авг 2022, 14:25
Mona Songz,
Onki aydanlarym hytay merkezli world war hazirem sho pikirde men :)
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:25
Khanture
Mona Songz
Bu ýurtda oglanlar üçin adaty gulluk 7 ýyl (ýalňyşmasam).

name

Şo ýere gulluga ugratmaly sizleri pilot bäriniň 2 ýyllyk gullugyna mes bolup ýörsüňiz sizler :))
#B.S
15 авг 2022, 14:26
Mona Songz,
Men gulluk edemok (kabir aydylmayan sebaplere gora) cilimkesh
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:26
Hiayress
Mona Songz,
oglanlar üçin 8 ýyl, gyzlar üçin 5~8 ýyl aralygynda.

Aý goýaýda gyzlarada gulluk barmy? name