Biziň üçin 10 sany adaty ýagdaýlar Demirgazyk Koreýada gadagan edilen.

Kyn durmuşda ýaşaýaryn öýdüp pikir etdiňizmi? Her niçigem bolsa, ýygnan maglumatlarymy okanyňyzdan soň, bagtlydygyňyza ynanarsyňyz!

1. Alkogol içgileri
2013-nji ýylda Demirgazyk Koreýanyň bir sany harby işgäri merhum Kim Çen Iri hormatsyzlyk edeni üçin öldürildi, sebäbi şol harby işgär 100 günlük ýas tutmagyň ýerine alkogolly içgileri içdi.

2. Telewizora tomaşa etmek
Birnäçe ýyl ozal Demirgazyk Koreýada Günorta Koreýanyň telewideniýa teleýaýlymyna tomaşa edenligi üçin 80 adam atylypdy. Hökümet çagalar bilen birlikde 10,000 adamy atyp öldürdi.

3. Maşyn sürmek
Diňe döwlet işgärlerinde hususy awtoulaglar bar. Hasaplamalara görä, Demirgazyk Koreýada 100-den diňe bir adamyň awtoulagy bar. Galan raýatlara awtoulag sürmek gadagan.

4. Aýdym-sazy diňlemek
Ajaýyp sesli erkek we aýal aýdymçy ýok! Dolandyryş (döwlet) barada diňe Kim Çen Un aýdym aýdyp biler.

5. Daşary ýurtda ýaşaýan (syýahat edýän) adamlar bilen aragatnaşyk.
Demirgazyk Koreýada halkara hususy jaň etmäge synanyşyň şol wagty öldürilersiňiz. 2007-nji ýylda halkara hususy jaň eden bir adam stadionda atyldy. Jezalandyrylandan soň, repressiýalar netijesinde ýene 6 adam öldi.

6. Şahsy pikiriň bolmagy
Hökümet režimini tankytlaýanlar derrew "ýörite akylyna getirip goýýan ýer"-e iberilýär.

7. Daşary ýurda gitmek
Ýurduň daşyna çyk, seni derrew yzarlarlar we jezalandyryp, gerek bolsa öldürüp hem bilerler!

8. Din
Demirgazyk Koreýa din azatlygyny hödürleýändigini aýdýar, ýöne Injili ýaýratmakda günäkärlenýän hristian aýal muny edenligi üçin aç-açan köpjülikde agyr gynag esasynda öldürildi.

9. "Ýertudana" tomaşa etmek.
Pornografiýa (aşa gödeklik, biabraýçylyk, jynsy gatnaşyklar bilen baglanyşykly hereketleri) tomaşa etmek we ýaýratmak ölüm jezasy bilen jogaplanýar!

10. Internete girmek
Demirgazyk Koreýada Bütindünýä Kerebi ýok. Diňe döwlet tarapyndan öňe sürlen portal (saýtlar) bar.

Terjime eden: @Mona Songz
8 лайков 886 просмотров
58комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
15 авг 2022, 14:27
Hiayress
Mona Songz,
oglanlar üçin 8 ýyl, gyzlar üçin 5~8 ýyl aralygynda.

Diňe Ysraýylda bar dälmaý gyzlaryň gullugy?
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:27
Khanture
Mona Songz,
Men gulluk edemok (kabir aydylmayan sebaplere gora) cilimkesh

Hezil eden sen ekeniňow obaly jora irräk gitseň bolera şonda daşary ýurda
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:29
Meň nä blogyma "like" basaňzok? Ýa gadagan etdilermi onam?))
#B.S
15 авг 2022, 14:31
Mona Songz,
Hezil barmaý? :(((
Bentner
15 авг 2022, 14:35
Ýurduň daşyna çyk, seni derrew yzarlarlar we jezalandyryp, gerek bolsa öldürüp hem bilerler!
Sheydibem bir rayatlaňňy saklap bomy cilimkesh
Hiayress
15 авг 2022, 14:35
Khanture,
Срочная служба в корейской народной армии длится 10 лет для мужчин и 3 года для женщин (КНДР является одной из немногих стран в которых женщины проходят срочную службу наравне с мужчинами). (info köneräk bolaýmasa, oň oglanlaryň gulluk wagty 12 ýyl, soň 8 ýyla düşürdiler diýip okapdym bir ýerde)
#B.S
15 авг 2022, 14:38
Hiayress,
Hmm možet
Hiayress
15 авг 2022, 14:39
Bendtner,
Ýurduň içinde arkaýyn syýahat etmegem bolanok diýjekdim weli, bu-da bizde-de bar zat. Geň däl. Öň pagta wagty 2-3 aýlyk propiska ýeriňden çykmak gadagandy, obadan şähere gitjek bolsaň şähere girilýän ýerde ÝGG-yň işgärleri goýbermezdi, indi welaýat aralaryna hereket etmek gadagan, Aşgabada welaýatdan barsaň, näme bilen geleni bilen işleri ýok, patrul göni dykyp alyp gidýär.
Bentner
15 авг 2022, 14:42
Shu Koreyaň prezidenti olende soňky yoluna ugratmak dabarasy gecirlende halkynyň "aglashyny" gorup, ejesi olsede beyle aglamazdylar diydirtdi, gowy obraza giryan ekenler gowy aktyor aktrisa cykjak olardan
#B.S
15 авг 2022, 14:42
Kiçikäm G.o Koreýa taryhy seriallary berýärdi özbek kanallardan şol seriallaņ birinde Korýo diýen bir taryhy koreýs döwletiniň şa aýaly obserwatoriýa açdyrýar. Halk pahyram edil dg koreýa ýaly sowatsyz. Halky ýaňky obserwatoriýa baryp, ybadathanadyr öýdip ybadat edip gaýdýarlar. Šonda şa aýalynyň maslahatćysy aýdýar: ,,Halka ylym bilim öwretme! Olar bir gün başyňa çykar!" Diyyadi...
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:43
Hiayress,
Indi beýle däl, aradakylar karantin sebäpli bolupda
Aýnur
Автор 15 авг 2022, 14:46
Khanture
Kiçikäm G.o Koreýa taryhy seriallary berýärdi özbek kanallardan şol seriallaņ birinde Korýo diýen bir taryhy koreýs döwletiniň şa aýaly obserwatoriýa açdyrýar. Halk pahyram edil dg koreýa ýaly sowatsyz. Halky ýaňky obserwatoriýa baryp, ybadathanadyr öýdip ybadat edip gaýdýarlar. Šonda şa aýalynyň maslahatćysy aýdýar: ,,Halka ylym bilim öwretme! Olar bir gün başyňa çykar!" Diyyadi...

Bäh.. her zat çykjak şolardanam
Hiayress
15 авг 2022, 14:47
Bendtner,
Çynyň bilen aglamasaň, aglanyňda ýasamalyk görseler (wideoda), 6-12 aý aralygyndaky terbiýeçilik lagerine ugradyp bilýärler. Hany birki sapar ýaňky ýaly lagere düşeniňden soň, soňky sapar çynyň bilen aglamajagam bolup görda. :))
Bentner
15 авг 2022, 14:48
Hiayress,
Seň diyan dowruň karantin guyclendirilen wagta aytyaňmy? Asyl kagyz yuzunde onyaly zakon-a yok bizde, sho zakon bolanlygynda her kim oz welayatynda ishlardi, arkayyn ishlaba yorler, znacit yokardan beyle buyruk yok
Bentner
15 авг 2022, 14:49
Hiayress
Bendtner,
Jynyň bilen aglamasaň, aglanyňda ýasamalyk görseler (wideoda), 6-12 aý aralygyndaky terbiýeçilik lagerine ugradyp bilýärler. Hany birki sapar ýaňky ýaly lagere düşeniňden soň, soňky sapar çynyň bilen aglamajagam bolup görda. :))

Bednyagalar artist bolup gidipdirlera izolyatora gitmayin diyp)
#B.S
15 авг 2022, 14:51
Mona Songz,
Ozem yanky seriyalda din gudrat bilen halkyn gozinin oduny alyalar. Shol sha ayal tagta gelmanka kakasy prosta gurjak sha bolyar yurtda esasy syyasy rolda Mishel hanym atly ayal oynayar. Yanky ayal yanyna astronom alymlary yygnap ay tutulma wagtyny hasapladyp owrenip ay tutulmasy bilen halky gorkuzyar we syyasy abrayny yokarlandyryar. Ondan bashga yerin ashagyna dashdan herdurli wagyz yazlan tablet gomyar we onun yerin astyndan cykar yaly bir usul owrenyar alymlardan. Yanky yazgylar yerin ustine cykanda halk yanky ayala huday diyip cokunyar
Maksat
15 авг 2022, 15:03
Biz kurortda ýaşap ýörs ekenik. Giñdir dünýe geñdir dünýe. Ýene zeýrenenem bolýas...
Hiayress
15 авг 2022, 15:04
Bendtner,
Şu wagtam arkaýyn işlänoklarlaý, raboçiý eşigiň bilen bir ýerden gelýän bolsaň, mesniý däldigiňi bilseler, göni gelip nireden, passportyňy görkez, migrasiýa kagyzyň barmy ýene şuňa meňzeşleri sorap azar berýäler. Nireden bolaňda näme diýsene, passport soramak näme gerek, arassa türkmençe saýrap dursaňam passport soran bolýalar, bäş manat pul işlemek üçin. Ýa-da passportyňy, migrassiýa kagyzyňy ýanyňda göterip ýörmeli. Migrasiýa kagyzsyz bolsaňa, mysal üçin Aşgabada işlemäne dälde, aýlanmana gelen bolsaň, özüňiň aýlanmana geleniňi ynandyryp bilmeseň nelegalnyý işläp ýör diýip dykyp alyp gidýärler.
Hiayress
15 авг 2022, 15:07
Bayker,
Zeýrenen bolmasaň, ursalar sesiňi çykarman otursaň, seňem günüň assa-ýuwaş d.g Koreýanyň gününe dönýär. Ursak ürýämiňem diýenok diýip.
Maksat
15 авг 2022, 15:14
Hiayress
Bayker,
Zeýrenen bolmasaň, ursalar sesiňi çykarman otursaň, seňem günüň assa-ýuwaş d.g Koreýanyň gününe dönýär. Ursak ürýämiňem diýenok diýip.

Menem gyrkym diýýän ýüzärlik diýýän mus mus diýip gönüläp bilemok. Gitdigiçe arkan gaýdýas obalar gowy däl. Baý iki esse baýaýa garyp beter çökýä, ertir adamy taýaklap gul ýaly işletseler aý puluny berýä ýa garnyny doýurýa diýip geñem görmezmikäk.
Maksat
15 авг 2022, 15:17
Ýöne ýokarky düzgünler gaty berk, saçyña çenli goşulýan bolsalar.
menembiri
15 авг 2022, 15:28
Dark_Wolf
Alla başyňa salmasyn bular ýaly Lideri. Bu adamyň nemeräkligini tutyş dünýe bilýär.

Şu adam hakynda meni haýran galdyran iki sany fakt bar:

1. Şu adamyň bet priçoskasy bar. Biz kiçikäk moda bolan "balboks" priçoskasyna meňzeýär. Diýjek bolýanym, 4-5 ýyllykda şu adam tutyş döwlet aparadyndaky hemme işgärlere özüniňkä meňzeş priçoska etmegi buýurdy.

2. Kim Çen gülen mahaly, ýanyndakylaram islese-islemese çyny bilen güläýmeli. Eger aglasa ýa ýüzüni gamgyn şekilde görkezse, ýanyndakylar hem ses edip, gözýaş döküp aglamaly.

Amerikada Tramp Prezident mahaly, şonuň bilen uruşjak diýibem gördi)

Priçoskasa betleý şunuň))
Bentner
15 авг 2022, 15:35
Hiayress,
Hawa rabocirak eshikli cyksaňa sorag ideg eden bolyan ekenleph ya bolmasa ishleri ba bolsa shony etdirjek bolyan ekenler .Hol gün dosoglanlaň biri aytya. Kopetdagda futbol oynayada...onnaň trenirowkadan soň trenriowka eshikli garbak gurbak edinmage aylanmaga cykdyk teke bazara diya, yolda cykdylar diyara nam ish basharyaňyz 1 kamaz miti dashamaly nace manada dashayaňyz diyp) ow namaň mitisow dp dialoga bashlapdyr bü..yzny yazybam oturmayyn) mestny bolsaňam iň soňky eshikleňi geyip cykmasaň co to balaga girjek bolup dur bular)
Bentner
15 авг 2022, 15:36
Ekenler*
Soho
15 авг 2022, 15:47
@Khanture, shu wagtam 111nji yyl diyya sho yerde (dine 1likler) :)
noname
15 авг 2022, 15:50
Hemme zat gadagan... gadagan dal zat yokmyka.?
Hiayress
15 авг 2022, 16:10
Bayker
ny bolsaňam iň soňky eshikleňi geyip cykmasaň co to balaga girjek bolup dur bular)

Biziňkiler arada saç boýamak bolanok diýen ýaly birzatlara tapdylar öýdýän.
Pegas
15 авг 2022, 17:21
Hiayress
Mona Songz,
oglanlar üçin 8 ýyl, gyzlar üçin 5~8 ýyl aralygynda.

Şu sebäpden 25 ýaşa çenli öýlenmek gadagan eken.
Victus
15 авг 2022, 17:23
Onaryalar. Yogsa ynsan diylen jandary saklar yaly dala. Yone bir yalnysy olum jezesyny kan kanunda ulanypdyrlar.
Suleyman
15 авг 2022, 19:32
Victus
Onaryalar. Yogsa ynsan diylen jandary saklar yaly dala. Yone bir yalnysy olum jezesyny kan kanunda ulanypdyrlar.


Ynsan diýen zady saklamak üçin ony gysmaly ýa kapasa salyp, her bir ädimini gözegçilik etmek ýaly s.a.m.s.y.k zatlar oýlap tapmak gerekdäl. Nabarot erkinlik bermeli... Söz erkinligi, wyždan erkinligi..

Sen diňe hemme zady kanunlaşdyr we gözegçiligi güýçlendirip, kanunyňy hemmeler üçin deňligini berjaý edip ynandyryp bilseň, hem-ä halkyň ynamyny ödärsiň, hemem zulym etmek gerek bolmaz.

Adama erkinlik gerek. Biz haýwan däl-ä "saklap bolmaz" ýaly...