Tom we Jerriniň asyl manysy.


40 ýyl ozal ABŞ-da döredilen "Tom we Jerri" atly çagalar üçin karton filmler bardy. Öýüň pişigi we syçany arasynda geçen uruşlary gyzykly bir görnüşde görkezýärdi...

Diňe kiçijik çagalar däl, ulularam gülüp hezil edip oturup görerdiler we syçan hemişe ýeňerdi we pişik betbagtçylyga duçar bolardy. Pişik hiç haçan syçanjygy tutup bilmezdi, elmydama şowsuz bolardy we üstesine-de ýaralar içinde galardy. Tom pişigiň, Jerri bolsa syçanyň adydy.

Pişik bilen syçanyň arasynda rehimsiz, yzygiderli söweş alyp barýarkalar, köplenç jaýa uly zyýan ýetirerdiler, ýöne öýüň adamlary bu uly we gizlin uruşlar hakda hiç wagt bilmezdiler!

Bilenlerinde bolsa, syçanjygyň (Jerri) mydama bigünä rol oýnaýandygy, hakyky günäkäriň pişigiň (Tom) bolandygyny görkezýar we pişige berk käýinilýärdi we jezalandyrylýardy.

Oýunda garaz!
Tükeniksiz oýun!
Jerri hiç haçan tutulmady we Tom hemişe taýak iýdi. Jerri özüni öýüň gymmatlysy we ýeke-täk eýesidir öýdüp, öýüň içinde isleýşi ýaly aýlanmaga hukugym bardyr diyip pikir edýärdi.

Tom özüniň jaýyň esasy garawulydygyny bilse-de, şoňa görä hereket etse-de, öý eýesine hakyky günäkäriň gödek, tertipsiz Jerridigini hiç wagt düşündirip bilmedi. Filmdä garaz. Emma hakyky durmuş şeýle boldumy? Kim bilýär? Belki!

Belkide şol karton filmleri taýýarlan amerikan dostlarymyz (!) Durmuşyň şeýleräkdigini bize düşündirmek isleýärdiler!

Öýde bolmagy bikanun, Jerri ýaly ähli faktlary dolandyrýan aldawçylaryň, ýalançylaryň, hyýanatçylykly, zyýanly adamlaryň bize hakyky durmuşy dolandyrýandyklaryny düşündirmek isleýärdiler!

Belki, hakyky durmuşda beýle zat bolmaýardy we syçanlar hökman arassalanýardy, şol kinoremakissýorlar jemgyýeti güldürip, hoş wagt geçirdip we Jerri ýaly adamlary jemgyýetden gizlemäge synanşýardylar.
17 лайков 237 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ayjahan
16 авг 2022, 21:49
We üstesine-de ýaralar içinde galardy. Duýgulandyrdy.