Sam ibn Nuh alaýhyssalamyň beýany (Taryhy Hinduşa)

Hezreti Nuh alaýhyssalamyň mirasdüşeri we uly ogly Samyň dokuz ogly bolýar: Erşet (akyl huşy ösen - diýmek), Arfahşet, Keý, Nut, Ýut, Erem, Kybta, Ad we Muhtan (belkäm Kahtan) Tutuş arap taýpalary we beýlekiler şolaryň nesillerindendir. Şeýle-de Hezreti Hut, Salyh we Ybraýym alaýhyssalam özleriniň şejeresini Arfahşede ýetirýärler. Arfahşediň ikinji ogly Keýumers ajam patyşalarynyň uly atasydyr. Onuň alty ogly bolupdyr: Siýämek, Pars, Yrak, Tur, Şam, Damgan.
Şolardan Siýämek atasynyň ornuna
geçýär.
Beýleki ogullary haýsy ülkä giden bolsalar, şol welaýat olaryň ady bilen atlandyrylypdyr. Käbirleri:
«Nuh alaýhyssalamyň ogullarynyň biriniň ady Ajam bolupdyr, ajamly diýmek şonuň öwlatlaryndan diýmekdir» diýen pikiri öňe sürýärler.
Siýämegiň uly oglunyň ady Hüwşeň bolup, ajam patyşalary, tä Ýezdigert Şähriýara çenli, barysy onuň
neslindendir.




MUHAMMET KASYM HINDUŞA ASTRABADY

''YBRAÝYMYŇ GÜLŞENI'' (2013)
1 лайков 153 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.