Hamyň perzentleriniň we Hint ülkesiniň abadanlaşdyrylyşynyň beýany (Taryhy Hinduşa) )

Ham belent mertebeli atasynyň emri bilen Günorta ülkelere tarap ugrap, ol mülki abadanlaşdyrmakda yhlas baryny edýär. Ondan alty perzent dünýä inýär: Birinjisi Hint, ikinjisi Sint, üçünjisi Hebeş, dördünjisi Efrenç, bäşinjisi Hurmuz, altynjysy Buýe (Büweýh). Häzirki döwürde bar bolan bu ülkeler olaryň ady bilenatlandyrylypdyr.
Hamyň Hint atly uly ogly häzir şonuň ady bilen atlandyrylýan Hint ülkesine gidip, bar ünsüni ony abadanlaşdyrmaga gönükdiripdir. Onuň dogany Sint bolsa, Sint mülkünde ornaşyp, öz perzentleriniň ady bilen baglanyşykly Tehte (Tette- Sintdäki bir şäher) we Multan şäherlerini bina edýär.
Hindiň dört sany perzendi bolýar: Olaryň birinjisiniň ady Purpdyr (Purap) Ikinjisi Nebek (Benek), üçünjisi Deken, dördünjisi Nährwal. Olaryň her haýsysy häzir olaryň ady bilen meşhur bolan bir mülki we bir diýary abadanlaşdyrypdyrlar. Deken ibn
Hintden üç ogul dünýä inýär. Ol Deken mülküni olara paýlap berýär. Olaryň ady: Merhet, Kehz we Teleng (Dekende ýerleşýän bir welaýatyň ady).
Häzirki wagtda Dekende ýaşaýan bu üç kowum şolaryň nesillerindendir.
Nehrewaldan hem üç ogul dünýä inýär. Olara: Behruç (Bombeý), Kensbaç (Kenbaýt bolsa gerek) we Mal Raç diýip at goýýar hem-de olaryň ady bilen baglanyşykly şäherleri bina edýär. Nebekden hem perzentler dünýä inýär we olar arkaly Bengala (Bengal) mülki abadanlyk sypatyna eýe bolýar.
Hindiň iň uly ogly bolan Purp ibn Hindiň kyrk iki ogly bolýar. Azajyk wagtyň içinde olaryň perzentleri
köpelýär. Şondan soň öz aralaryndan birini ýolbaşçylyga göterip, mülki düzgün-nyzamlaşdyrmakda tagalla we yhlas edýärler. Onuň ady Keşendi.


MUHAMMET KASYM HINDUŞA ASTRABADY ''TARYHY PERIŞDE'' 2013

0 лайков 94 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.