Gişuraj ibn Maharajyň hökümdarlygynyň beýany
Gişuraç hökümdarlyga geçen badyna her doganyny bir tarapa ugradyp, Kalepi (Hindistanyň demirgazygyndaky kiçeňiräk şäher) şäheriniň üsti bilen Gündwana (Asyl nusgada Güwndwara) gelýär hem-de Dekenden baş göterip, tä Senkeldibiň serhedine çenli at sürýär. Topalaňçy raýlardan peşgeşler alyp, ilat gatlaklarynyň arasynda düzgün-nyzamy berkitmekde tagalla baryny edýär. Emma yzyna dolanan wagtynda Dekeniň mülkdarlary
birleşip, garşylyk baýdagyny parladýarlar. Gün-günden olaryň güýç-kuwwaty zyýadalanyp, iş şeýle bir derejä baryp ýetýär welin, olar gaty ynam bilen Gişurajyň garşysyna gelipdirler. Ol garşy durmaga kuwwatynyň ýokdugyny görüp, olar bilen ylalaşyk gazanyp, dolanyş tuguny parladýar. Gelen badyna Menuçehriň huzuryna nama bilen birlikde peşgeşler ugradyp, ondan ýardam soraýar. Menuçehr Sam Narymany agyr goşun bilen kömege ugradýar. Gişuraç tä Jalender (Asyl nusgada Jalhandar) diýen ýere çenli öňe gidip, ony garşylaýar hem-de myhmançylyk şertlerini doly berjaý edip, onuň bilen bilelikde, Dekene tarap ýüz öwürýär. Dekeniň raýlary Eýran goşunynyň haýbatyndan perişan bolup pytraýar we Deken mülki ýene-de Hint rajasynyň golastyna geçýär. Gişuraç Sam Narymanyň hyzmat şertlerini doly berjaý edip, ony tä Penjabyň serhedine çenli ugradýar. Soňra Menuçehr üçin köp sanly sowgat-serpaýlar iberip, özi Ud şäherine gelýär hem-de hint ilatynyň üstüne adalatlyk saýasyny ýaýyp, halaýygy rahat we asuda saklaýar. Soltanlygyna ýüz ýigrimi ýyl bolandan soň, uly ogly Firuzraý onuň ýerine geçýär.
Muhammet Kasym Hinduşa ASTRABADY
''Taryhy Perişde'' 2013.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.