Gişurajyň ogly Firuzraýyň hökümdarlygynyň beýany



Firuzraý hindileriň şaster (hindi şadranç oýny) ylmyndan, ýagny ylmy
kitaplaryndan doly habarly bolansoň, alymlardyr
bilimdarlaryň söhbetini hoş görüp, atlanmak we leşger
çekmek işlerini belli-külli ýok edip, wagtyny danalaryň
söhbeti bilen geçirýärdi. Pukaralara we haklylara köp
altyn-kümüşler berýärdi. Ol iki gezek Bihär şäherine gidip, sansyz haýyr - yhsanlar beripdir. Münir şäheri
şonuň döwründe esaslandyrylypdyr.
Onuň tarapyndan ýüze çykan bir nämynasyp iş
şudur: Sam Naryman dünýäden ötenden soň, Menuçehriň
soltanlygynda bulam-bujarlyk bolup, gowşaklyk ýüze
çykýar. Pursada garaşyp ýören Afrasyýap onuň üstüne
leşger çekip, ony ýeňýär. Firuzraý Menuçehriň we Sam
Narymanyň hyzmat hukugyny ýere çalyp, Penjaba
leşger çekýär hem-de ol ýeri Zal ibn Sam Narymanyň
adamlarynyň ellerinden gaňryp alyp, Jalenderi özüniň
mülk öýi (paýtagty) edinýär. Soňra Afrasyýabyň huzuryna sowgat-serpaýlar bilen ilçi iberip, özüni onuň
tarapdarlaryndan hasaplaýar. Şeýdip, Penjap tä
Keýkubadyň döwrüne çenli Hint raýlarynyň golastynda
galýar. Emma jahan pälwany Rüstem Dessan pälwanlyk kürsüsini özüniň mübärek durky bilen bezänden
soň, Penjaby gaýtaryp almak maksady bilen Hindistana
ugraýar. Firuzraý Rüstemiň zarbasyna tap getirip
bilmän, özüni Terhip daglygyna atýar. Rüstem Sindi,
Multany we Penjaby basyp alyp, Terhibe tarap ýola
rowana bolýar. Firuzraý çäksiz gorka üstüni basyryp, Çar Kühende dagyna we Gündwana tarap gaçýar. Şondan soň gowy gün görmän, hut şol döwürlerde
janyny ruhlary gabyz edijiniň ygtyýaryna tabşyrýar. Ol
bäş ýüz otuz ýedi ýyl hökümdarlyk edýär.


Muhammet Kasym Hinduşa ASTRABADY
0 лайков 108 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Alfonse
25 авг 2022, 18:11
Ýazga gepim ýok ýöne saňa berip biljek maslahatym, ilki bir şahsyýet ýada döwlet barada taryhy mowzuk ýazjak bolaňda ol döwlet ýada şo şahsyýet barada iki agyz giriş maglumaty bermegiň düşünmegimiz üçin has hem oňaýly bolar. Meselem Firuzraý kim?, ýaşap geçipdirmi ýada mifologik gahrymanmy?, näme işler edipdir?, ýazgyda agzalýan eýleki şahsyýetler kimler? Ýazgy nämäni ele alýar näme düşündirýär? Nämäniň ylmyndan söz açylýar, nähili ylym? Ýagny şoňa meňzeş soraglara kiçijek (umumy) düşündiriş bolsa gowy bolardy. Bolmasa okaýan zadymyz kim, näme barada gidýär belli däl. Diňe ýazylan sözlemleri okaýarys, wessalam.
Şamuhammet
Автор 25 авг 2022, 23:39
Narcissus,

Ozalky temalarymda başy bar. Hindileriň Mifiki patyşalary hakynda bolaýmasa...