Rubagylar.
RUBAGYLAR
Peseltmekçi bolup baýguş, gargany,
Arşa göterdiler bürgüt, gyrgyny.
Bürgütligi görnüp durka bürgüdiň,
Gerekmi kemsitmek hudaýgargany.
***
Şeýle kişiler bar—möjek gaçyrýan,
Tilki, şagal, gaplaň, ýolbars göçürýän.
Altmyş ýyllap tanap ýören kişimi
Şundan şeýläk öz ýadymdan öçürýän.
09.04.2016.
***
Il ýüzünüiň hanjaklygna bakmaýar,
Munuň üçin öz-özüni aklaýar.
"Garga iki ýüzden gowrak ýaşaýar“,
Diýseler, öýünde garga saklaýar.
18.04.2016.
***
Her kimiň ýazmaga höwesi uly,
Kimseleri bolsa höwesiň guly.
„Goşgy ýazýan“ diýip, golun goýsa-da,
Özi däl, goşgyny ýazýandyr puly.
***
Jahylkam bir gyza aşyk bolmuşam,
Görsem, gürläp bilmän, misli lalmyşam.
Belki, bagtym bolup inen şol gözel,
Ýüregimde arman bolup galmyşam.
02.05.2016.
***
Tiz bitse-de tyg ýarasy bedenden,
Bitmez eşden ajy sözüň gedemden.
Gadym bir dananyň aýdyşy ýaly,
Sütem eden özem gider sütemden.
***
Teýmiriň agtygy, Şahruhyň ogly
Ulugbegi öldürdipdir öz ogly.
Şeýle zady az däl eken taryhyň,
"Şu günem bar“ diýseň, diýerin "Dogry!“
***
Hemişe, hemişe pul bolup durmaz,
Bu gün gören duluň, dul bolup durmaz.
Saňa bu gün başyn egip ýörenleň
Ertir "agaýy!“ diýp, gul bolup durmaz.
***
Pekgerenem özi bilýär,
Pökrenem özi bilýär.
Düzedip bolmajak zada
Jikgerenem özi bilýär.
14.05.2016.
***
Öýkeleme, zat ýokdur dost, öýkäňe,
Öýkäni ýazmaga, walla, maý kän-ä.
O gün meni toýa çagyrmadylar,
Ýöne entek gatnaşmaly toý kän-ä...
16.05.2016.
***
Heder etdim nadanlaryň oýnundan,
Bir gün geler, asar töhmet boýnuňdan.
Garry—ýaşyň pürrelenen zamany—
Birje nyşan galmaz asly kowmuňdan.
***
"Haram puly-diýdi-ony gürleden“,
"Haram puly-diýdi-ony zörleden“.
"Ilem etdi, menem etdim“ diýenler—
Çala demi eşidildi türmeden.
***
Görermikäm ol mähriban azyzy,
Ýyllar menden ogurlady o gyzy.
Mejnun men, Perhat men, Kerem men, ýöne,
Goýmuşam adymy bu gün Ejizi...
***
Ýüwrügine diýmelisiň „Çamandyr!“,
Kümsügine diýmelisiň „Amandyr!“.
"Ne sebäpden beýle?“ diýip soradym,
Diýdi biri: - Şepe, şeýle zamandyr!..
25.05.2016.
***
"Gelipdir!“ diýdiler, geleni ýagşy,
"Bolupdyr!“ diýdiler, bolany ýagşy.
Obamyzda ile ot ýakdyrmaýan
"Ölüpdir“ diýdiler, öleni ýagşy.
07.06.2016.
***
Ýitirenim ýitdi bildim,
Giderenim gitdi bildim.
Daga çykyp bilmejegim
Görüp, „Ömür ötdi!“ diýdim.
***
Çynyň bolsa oýnajagyň,
Belli sylap goýmajagyň.
„Maşalla!“ diýdim, men saňa,
Görüp, eldäki „gurjagyň“.
***
Oglan boljak bolup togsan ýaşynda,
Hyýalynda hüýr-periler gaşynda.
Bu gezegem ýürek ýüňsakgal etdi,
Lukmanlar pelesaň urýar daşynda.
10.06.2016.
***
--Köpüň hakyn iýmeseň, „beg“ bolmarsyň- diýdi atam.
--Gadyr bilmez gullugynda ýeg bolmarsyň- diýdi atam.
--Ig bilen gul ikisi-de bir atadan, bir eneden,
Döşe kakyp ýörmäň näme, ig bolmarsyň- diýdi atam.
19.06.2016.
***
„Şahyrlar ölmeýär“ diýen bir gep bar,
Şoň üçin ýazýarmyş „goşgyny“ Jepbar.
Şygyr bossanynyň soltanymyşyn,
Diýýärler aňk bolmuş Pyragy, Attar...
30.06.2016.
***
Dünýäde şer işler köpelip barýar,
Nebsi adamlary çökerip barýar.
Haýyr aga wagtyndan öň garrapdyr,
„Hon-ha, şer-diýdiler- hekgerip barýan...“
17-19.07.2016.
***
Aýlawlarda ýeke çapýar atyny,
Güjeňleýär tarhan diýen hatyny.
Mähellede söz başlaýar Gurhandan,
Birje gezek açmasa-da gatyny.
19-20.07.2016.
***
--Garranyňda borsuň kerri!
Aýdardy kän atam Tyrry.
--Senem indi garrap barýaň,
Hal-ahwalyň niçik, Çürri?..
30-31. 07.2016.
Ýadasaň, ýat iller gerek,
Ýakyn-yrak ýollar gerek.
Dynar ýaly kümsüklerden
Däli-porhan siller gerek.
08.08.2016.
***
Atan okuň degmese kän nyşana,
Özüňden gör, dil ýetirme goşaňa.
Orak orup, desse bogdum niçeme,
Alkyşlarmyň bary orak dişäne.
***
Sähel zatda arlap bilýän adamdy,
Adamlary horlap bilýän adamdy.
Indi onuň sowulmyşdyr bazary,
Gördüm ýene „zarlap“ bilýän adamy.
22.08.2016.
***
Kimseleri at gazandy,
Kimseleri zat gazandy.
Çyndyr diýip kimseleri
Özlerine ýat gazandy.
29.08.2016.
***
Äh-eý, neçün çapýaň münen şahaňy?
Munuň üçin iller aýdar bahaňy.
Şo pille bir ýumruk indi depämden,
Ine, saňa saklamasaň dahany...
***
Dünýäden ötene „ötdi“ diýdiler,
„Nebisinden zyýan ýetdi“ diýdiler.
„Namazhon“ birini jaýlap gaýtdyk,
Adamlar pyşyrdap, „götdi“ diýdiler.
2.09.2016.
***
Her tüýsli ýoly bar ýola çykmanyň,
Ile çykandan soň, nola çykmanyň.
Bir kişini görüp, ýakamy tutdum,
Eý-ho-o, haýry näme oňa lukmanyň?!
***
Set müň, set müň, set müň adam geçendir,
Set müň, set müň, set müň nadan geçendir.
Gowumy, erbetmi dünýäň darkaşy?!
Garypdan geçendir, şadan geçendir.
***
„Bu-da geçer“ diýdim, bilmezden burun,
Ýyglamaly boldum, gülmezden burun.
Bir gadyr bilmeze eglişik etdim,
Zordan sypyp gaçdym, ölmezden burun.
03.09.2016.
***
Aýaldan ýanyp ýören kän,
Aýaldan ganyp ýören kän.
Aýalda näme göwün bar?!
Aýaldan galyp ýören kän.
06.09.2016.
BENT
Şu gün öýlän gaty gysdy ýüregim,
Tapmadym özüme hiç bir rahatlyk.
Gozgalaňa saldy näbelli ünji,
Süýrdepämden inen ýaly gahatlyk.
10.09.2016
Allaýar Çüriýew.
Peseltmekçi bolup baýguş, gargany,
Arşa göterdiler bürgüt, gyrgyny.
Bürgütligi görnüp durka bürgüdiň,
Gerekmi kemsitmek hudaýgargany.
***
Şeýle kişiler bar—möjek gaçyrýan,
Tilki, şagal, gaplaň, ýolbars göçürýän.
Altmyş ýyllap tanap ýören kişimi
Şundan şeýläk öz ýadymdan öçürýän.
09.04.2016.
***
Il ýüzünüiň hanjaklygna bakmaýar,
Munuň üçin öz-özüni aklaýar.
"Garga iki ýüzden gowrak ýaşaýar“,
Diýseler, öýünde garga saklaýar.
18.04.2016.
***
Her kimiň ýazmaga höwesi uly,
Kimseleri bolsa höwesiň guly.
„Goşgy ýazýan“ diýip, golun goýsa-da,
Özi däl, goşgyny ýazýandyr puly.
***
Jahylkam bir gyza aşyk bolmuşam,
Görsem, gürläp bilmän, misli lalmyşam.
Belki, bagtym bolup inen şol gözel,
Ýüregimde arman bolup galmyşam.
02.05.2016.
***
Tiz bitse-de tyg ýarasy bedenden,
Bitmez eşden ajy sözüň gedemden.
Gadym bir dananyň aýdyşy ýaly,
Sütem eden özem gider sütemden.
***
Teýmiriň agtygy, Şahruhyň ogly
Ulugbegi öldürdipdir öz ogly.
Şeýle zady az däl eken taryhyň,
"Şu günem bar“ diýseň, diýerin "Dogry!“
***
Hemişe, hemişe pul bolup durmaz,
Bu gün gören duluň, dul bolup durmaz.
Saňa bu gün başyn egip ýörenleň
Ertir "agaýy!“ diýp, gul bolup durmaz.
***
Pekgerenem özi bilýär,
Pökrenem özi bilýär.
Düzedip bolmajak zada
Jikgerenem özi bilýär.
14.05.2016.
***
Öýkeleme, zat ýokdur dost, öýkäňe,
Öýkäni ýazmaga, walla, maý kän-ä.
O gün meni toýa çagyrmadylar,
Ýöne entek gatnaşmaly toý kän-ä...
16.05.2016.
***
Heder etdim nadanlaryň oýnundan,
Bir gün geler, asar töhmet boýnuňdan.
Garry—ýaşyň pürrelenen zamany—
Birje nyşan galmaz asly kowmuňdan.
***
"Haram puly-diýdi-ony gürleden“,
"Haram puly-diýdi-ony zörleden“.
"Ilem etdi, menem etdim“ diýenler—
Çala demi eşidildi türmeden.
***
Görermikäm ol mähriban azyzy,
Ýyllar menden ogurlady o gyzy.
Mejnun men, Perhat men, Kerem men, ýöne,
Goýmuşam adymy bu gün Ejizi...
***
Ýüwrügine diýmelisiň „Çamandyr!“,
Kümsügine diýmelisiň „Amandyr!“.
"Ne sebäpden beýle?“ diýip soradym,
Diýdi biri: - Şepe, şeýle zamandyr!..
25.05.2016.
***
"Gelipdir!“ diýdiler, geleni ýagşy,
"Bolupdyr!“ diýdiler, bolany ýagşy.
Obamyzda ile ot ýakdyrmaýan
"Ölüpdir“ diýdiler, öleni ýagşy.
07.06.2016.
***
Ýitirenim ýitdi bildim,
Giderenim gitdi bildim.
Daga çykyp bilmejegim
Görüp, „Ömür ötdi!“ diýdim.
***
Çynyň bolsa oýnajagyň,
Belli sylap goýmajagyň.
„Maşalla!“ diýdim, men saňa,
Görüp, eldäki „gurjagyň“.
***
Oglan boljak bolup togsan ýaşynda,
Hyýalynda hüýr-periler gaşynda.
Bu gezegem ýürek ýüňsakgal etdi,
Lukmanlar pelesaň urýar daşynda.
10.06.2016.
***
--Köpüň hakyn iýmeseň, „beg“ bolmarsyň- diýdi atam.
--Gadyr bilmez gullugynda ýeg bolmarsyň- diýdi atam.
--Ig bilen gul ikisi-de bir atadan, bir eneden,
Döşe kakyp ýörmäň näme, ig bolmarsyň- diýdi atam.
19.06.2016.
***
„Şahyrlar ölmeýär“ diýen bir gep bar,
Şoň üçin ýazýarmyş „goşgyny“ Jepbar.
Şygyr bossanynyň soltanymyşyn,
Diýýärler aňk bolmuş Pyragy, Attar...
30.06.2016.
***
Dünýäde şer işler köpelip barýar,
Nebsi adamlary çökerip barýar.
Haýyr aga wagtyndan öň garrapdyr,
„Hon-ha, şer-diýdiler- hekgerip barýan...“
17-19.07.2016.
***
Aýlawlarda ýeke çapýar atyny,
Güjeňleýär tarhan diýen hatyny.
Mähellede söz başlaýar Gurhandan,
Birje gezek açmasa-da gatyny.
19-20.07.2016.
***
--Garranyňda borsuň kerri!
Aýdardy kän atam Tyrry.
--Senem indi garrap barýaň,
Hal-ahwalyň niçik, Çürri?..
30-31. 07.2016.
Ýadasaň, ýat iller gerek,
Ýakyn-yrak ýollar gerek.
Dynar ýaly kümsüklerden
Däli-porhan siller gerek.
08.08.2016.
***
Atan okuň degmese kän nyşana,
Özüňden gör, dil ýetirme goşaňa.
Orak orup, desse bogdum niçeme,
Alkyşlarmyň bary orak dişäne.
***
Sähel zatda arlap bilýän adamdy,
Adamlary horlap bilýän adamdy.
Indi onuň sowulmyşdyr bazary,
Gördüm ýene „zarlap“ bilýän adamy.
22.08.2016.
***
Kimseleri at gazandy,
Kimseleri zat gazandy.
Çyndyr diýip kimseleri
Özlerine ýat gazandy.
29.08.2016.
***
Äh-eý, neçün çapýaň münen şahaňy?
Munuň üçin iller aýdar bahaňy.
Şo pille bir ýumruk indi depämden,
Ine, saňa saklamasaň dahany...
***
Dünýäden ötene „ötdi“ diýdiler,
„Nebisinden zyýan ýetdi“ diýdiler.
„Namazhon“ birini jaýlap gaýtdyk,
Adamlar pyşyrdap, „götdi“ diýdiler.
2.09.2016.
***
Her tüýsli ýoly bar ýola çykmanyň,
Ile çykandan soň, nola çykmanyň.
Bir kişini görüp, ýakamy tutdum,
Eý-ho-o, haýry näme oňa lukmanyň?!
***
Set müň, set müň, set müň adam geçendir,
Set müň, set müň, set müň nadan geçendir.
Gowumy, erbetmi dünýäň darkaşy?!
Garypdan geçendir, şadan geçendir.
***
„Bu-da geçer“ diýdim, bilmezden burun,
Ýyglamaly boldum, gülmezden burun.
Bir gadyr bilmeze eglişik etdim,
Zordan sypyp gaçdym, ölmezden burun.
03.09.2016.
***
Aýaldan ýanyp ýören kän,
Aýaldan ganyp ýören kän.
Aýalda näme göwün bar?!
Aýaldan galyp ýören kän.
06.09.2016.
BENT
Şu gün öýlän gaty gysdy ýüregim,
Tapmadym özüme hiç bir rahatlyk.
Gozgalaňa saldy näbelli ünji,
Süýrdepämden inen ýaly gahatlyk.
10.09.2016
Allaýar Çüriýew.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.