Ümsümlik

Ümsümlik,
Aslynda üstünlik bize.
Galmagaldan, adamlardan çekilip.
Özüň bilen , diňe özüň gepleşseň,
Ýetdirmejek bagt ekeni ýekelik.

Käteler ýalňyzlyk iň gowy ýoldaş,
Kähalat ümsümlik iň ajap syrdaş.
Etsem-petsemlerňi aňyňda aýla,
Soňra jemle,
Soňra, amal et,
Synanş.

Wagt-puldyr.
Hatda puldanam gymmat.
Wagt Biribaryň peşgeşi bize.
Iň gowy peşgeşler puly berilmez,
Iň gowy peşgeşler görünmez göze.

Bolsa bolup geçsin töwerek tümlik,
Şeýle peşgeşleriň biri ümsümlik.

© Gerçeknazar Amannazarow
2 лайков 88 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
lovely girl
12 июн 2023, 18:51
galamyňyzyň ujy ýiti bolsun ýazýan zatlaryňyz gaty gowy)
durmuş nowellalarynyň yzy haçan gelerkä
Gerceknazar
Автор 12 июн 2023, 22:14
@loveli girl "Durmuş nowellalary "-nyň yzyny aşakdaky salga girip okaý.

https://biz.islenen.ru/24377-durmu-nowellalary-3-nji-bolum.html
programmist_Lilith
13 июн 2023, 03:46
Gerceknazar,
meniň şu wagtky ýagdaýmy okan ýaly, tüweleme gowy ýazypsyňyz, haladym :)