Agşam ara

Agşam ara

Bäh onuň owadandygny
Goşgy ýazybermeli
Gögüň ýüzi gyrmyzy
Bulutlar bölek-bölek
Ýyldyzlar ýylpyldaşýar
Aýa dälde Aý bölek
Çirkeýler çirkildeşýär
Gijekörler gaýyşýar
Hanha göründi Aýam
Şagallaram uwlaşýar
Ýaldyraşýar ýyldyz deý
Obanyň çyralary
Gör neneň ajap bu gün
Kenaryň gyralary
Otyryn ýeke özüm
Gör ne hezil ýekelik
Gör ne hezil ümsümlik
Güneş girdi öýlerne
Bilmedimem hoşlaşyp
Golaýlaşýardy tümlik
Ösýär sowujak şemal
Hiç gidesim gelenok
Arman gitmeli boljak
Garaş maňa kenarym
Ertir ýene-de geljek
Ýazybam ýetişmedim
Barýar Günem gysgalyp
Geçýär günler gyssanyp
Gözellik şeýle bolýar
Goşgym ýaly gysgajyk

Gerçeknazar Amannazarow

(21.03.2023)
2 лайков 78 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
21 мар 2023, 20:06
Ýyldyzlary çykarypsyñaý çykarypsyñ, aýy görkezipsiñ ýöne güneşiñ gizleneni başynda getirip yzygiderlik beren bolsañ gowy boljak eken
Gerceknazar
Автор 21 мар 2023, 20:49
Remezan
Ýyldyzlary çykarypsyñaý çykarypsyñ, aýy görkezipsiñ ýöne güneşiñ gizleneni başynda getirip yzygiderlik beren bolsañ gowy boljak eken

Şol pursat Güneşem , Ýyldyzam, Aýam görünýärdi . Bu ýerde tebigatyň ýagdaýyna dälde liriki gahrymana yzgyderlilik bermegi öňde hasapladym. Bellikleriňiz üçin minnetdar.