Gerçeknazar AMANNAZAROW

Gerçeknazar AMANNAZAROW

Gerçeknazar Amannazarow 1996-njy ýylyň iýul aýynyň on dokuzyna , Ahal welaýatynyň, Gökdepe etrabynyň, Isbirden obasynda dünýä inýär.Ol 2003-nji ýylda şol obanyň 8-nji orta mekdebine okuwa girýär.Gerçeknazar heniz okuwçy wagtlary öz çaga ýüreginde joşup duran duýgylaryny goşgy setirlerine siňdirmäge başlaýar.2013-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 2014-nji ýylda watan goragyna gidýär.Ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 20980 harby böliminde gulluk edýär.Harby gullukda wagtlary hem dürli döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp hormat we minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolýar.2016-njy ýylda harby gullugy tamamlap ,2019-njy ýylda Gökdepe kän müdürligine işe girýär.Ol häzir hem şol ýerde işleýär.Gerçeknazar Amannazarow işden boş wagtlary döredijilik bilen gyzyklanyp dürli mowzukda ajaýyp eserleri döredýär.Geliň indi bolsa şahyryň ýazan eserleri bilen tanyş bolalyň.

Daýhan buýsanjy.

Uzakdan görünýär ýaşyl maýsalar.
Lowurdaýar olar Günüň çogyna.
Dagyň eteginde ekin ekdik biz.
Käte aýlanardyk Köpetdagyma.

Ine, ýene geldik ekin meýdana,
Bir eiňde orak ,bir eliňde pil.
Gök maýsalar yranyp dur her ýana,
Joýalardan-joýa akyp barýar sil.

Orak bilen orýas haşal otlary,
Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs.
Işleýäs meýdanda her gün der dökip,
Şeýdip halal maşgalany ekleýäs.

(2013)

Gel gyz.

Gel gyz , bu bagtyma bol sen sebäpkär,
Menem seni bagtly edeýin ömürlik .
Bagtly bolmana juda sebäp kän ,
Gitme gözel gursagymdan sogurlyp .

Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm ,
Durmuşymy bagta tarap öwürdiň .
Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm ,
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen .

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.

(08.02.2023).

Agşam ara.

Bäh onuň owadandygny,
Goşgy ýazybermeli.
Gögüň ýüzi gyrmyzy,
Bulutlar bölek-bölek,
Ýyldyzlar ýylpyldaşýar,
Aýa dälde Aý bölek.
Çirkeýler çirkildeşýär,
Gijekörler gaýyşýar ,
Hanha göründi Aýam ,
Şagallaram uwlaşýar.
Ýaldyraşýar ýyldyz deý,
Obanyň çyralary.
Gör neneň ajap bu gün,
Kenaryň gyralary .
Otyryn ýeke özüm.
Gör ne hezil ýekelik ,
Gör ne hezil ümsümlik,
Güneş girdi öýlerne,
Bilmedimem hoşlaşyp .
Golaýlaşýardy tümlik .
Ösýär sowujak şemal .
Hiç gidesim gelenok ,
Arman gitmeli boljak.
Garaş maňa kenarym,
Ertir ýene-de geljek .
Ýazybam ýetişmedim,
Barýar Günem gysgalyp ,
Geçýär günler gyssanyp,
Gözellik şeýle bolýar ,
Goşgym ýaly gysgajyk .

(21.03.2023)
2 лайков 732 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 16:49
Şu mowzygy kitapçy saýtynda-da goýup beräýiň,goýup bilýäniňiz bar bolsa .
Aksary
25 мар 2023, 16:50
Gerçek kitapca goýjak bolsan poctasyna ugraday
Aksary
25 мар 2023, 16:53
Harby bölümiñ san belgisini yazmak hokman dal yaly :)
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 16:57
Aksary.
Gerçek kitapca goýjak bolsan poctasyna ugraday

Şeý diýýäňizdä siz ,

Ugradýan ,goýup berenoga :(
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 16:57
Aksary.
Harby bölümiñ san belgisini yazmak hokman dal yaly :)

Ony aýraýyň
Venus
25 мар 2023, 17:48
Siz çyndanam "Şahyrmy" ?
RelaX
25 мар 2023, 18:14
Dunki proga goyudyraimaly ekenin
Mümkin
25 мар 2023, 18:48
2016-njy ýylda gullugy tamamlap, 2019-njy ýylda kän müdirligine işe girýär.
Şol iki aradaky 3 ýylda näme işläpdir? ))
Mümkin
25 мар 2023, 18:49
Birem kän müdirligi näm-äý?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 18:50
Venus23
Siz çyndanam "Şahyrmy" ?

Şo boljaga bolýan
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 18:50
setdars
Dunki proga goyudyraimaly ekenin

Haýsy proga?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 18:52
Mümkin
2016-njy ýylda gullugy tamamlap, 2019-njy ýylda kän müdirligine işe girýär.
Şol iki aradaky 3 ýylda näme işläpdir? ))

Birneme kaňkadym ?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 18:53
Mümkin
Birem kän müdirligi näm-äý?

Gökdepedäki karýer . Ýagny çagyl,miti,şebel... çykýan ýer.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 18:55
Gerçeknazar bu wagt bolsa kirini akdyryp balyk tutýar . Käwagtam saýtdakylaryň kellesini agyrdýan goşgylar ýazýar. ?
Mümkin
25 мар 2023, 19:02
Işden daşary balyk tutýansyñyz-da.
Mümkin
25 мар 2023, 19:03
Şol karýer işinde kän pul bar diýýärler. Çyn-maý? Menem giräýsem diýýän ))
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:09
Mümkin
Işden daşary balyk tutýansyñyz-da.

Ýok indi işden çykdym . Karýerde diňe oglanlar işleýär. Üýtgeşik kän aýlygy ýok ýöne iki gün iş, iki gün boş bolýaň.
RelaX
25 мар 2023, 19:11
Gerceknazar,
Poaeiziya Kerim Hallyn progy
Mümkin
25 мар 2023, 19:13
Nätdiñiz-äý?! Men gyzlaram işleýändir öýdýädim ) Näm çün çykdyñyz?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:17
setdars
Gerceknazar,
Poaeiziya Kerim Hallyn progy

Men bilemoga nirede geçirildi?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:19
Mümkin,
Gyzlaryň işleýän ýerinde işlämoga , heleýim gabanýar. Balykdan gowja pul düşýär şonuň üçin çykdym
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:19
setdars,
Nirede geçirildi?
Soho
25 мар 2023, 19:20
haladym, yetirip dur
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:24
Soho,
Halan bolsaňyz ýetirip duraryn
Edepli Gödek
25 мар 2023, 19:55
5-nji synplaryň edebiýat dersi kitabyna gizdirmek üçin gowja material
Perman Izakow
25 мар 2023, 19:55
Gökdepäň balygyndan iýelidä onda.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 19:59
_Bayat,
Şonuň üçin ýazdymda şu mowzugy
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 20:00
PROLIGA,geläý şu wagt bol wagty
Perman Izakow
25 мар 2023, 20:01
Gerceknazar
PROLIGA,geläý şu wagt bol wagty

Näçeden klasy
RelaX
25 мар 2023, 20:03
[b]Gerceknazar[/prog marketda