Ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň ilkinji goşgular kitaby çykdy

Ýyllar­ göçýär,­ geçip­ barýar,­ başyňdaky çagalygam,
Köpelýändir­ durmuş­ hakda ­saňa­ berýän soragymam,
Günler­ geçdi,­ soň­ ýat ­boldy,­ şol­ çägeli Garagumam,
Talyp­ boldum,­ men­ özüme ­diýipdim­le «Bagty­ çeken»,
Ah,­ bu­ bagty ­gije-­gündiz ­Hakdan­ dilän, ejem ­eken.


Ýakynda özüniň ajaýyp goşgulary bilen tanalýan ýaş şahyr gyz Ogulnur Ataýewanyň “Göwnümiň göwni” atly ilkinji goşgular kitaby çykdy. Kitap Ogulnur Ataýewanyň saýlanan goşgularyndan ybarat. Olarda awtoryň hakyky duýgy-düşünjesi bilen birlikde durmuş filosofiýasyndan alan tälimi hem öz beýanyny tapýar.

Kitabyň ilkinji sahypasy:

“Garylsa-da ýag bilen suw,
Bir-birine goşulmaýar.
Gumly gyzyň aýdymyna
Dagly ýigit düşünmeýär.”


– diýen oýlandyryjy setirler bilen başlaýar.

Ogulnur Ataýewa barada durup geçsek...   

Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyň 5-nji fewralynda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyň üçünjisi bolup dünýä indi. Ogulnur 2003-nji ýylda Garagum etrabynyň 1-nji orta mekdebine okuwa baryp, ol mekdebi 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ogulnuryň goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda “Garagum” žurnalynyň 10-njy sanynda çykdy.

     Ogulnur Ataýewa mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebine okuwa girýär we 2018-nji ýylda bu başlangyç hünär okuw mekdebini tamamlaýar.

     Zehinli şahyr gyz özüniň ukyp-başarnygy we ylahy zehini bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Ogulnur Ataýewa 2021-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ogulnur edebi-çeper telegepleşiklere, döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp gelýär.
6 лайков 275 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
13 июн 2022, 10:00
Ogulnuryň ejem eken diýen goşgusyny näçe okasaňda ýadatmaýa. Galamy ýiti bolsun.
Bolanyna görä birki sany okalmadyk goşgularyndan ýetiräýmelä, Pegas.
Gumly gelin
13 июн 2022, 10:31
Tüweleme!Höwri köp bolsun.Ogulnur gowy ýazýa.
Aksary
13 июн 2022, 11:42
Android gornusi barmyka ol kitabyñ?
Pegas
Автор 13 июн 2022, 12:44
Margarita
Ogulnuryň ejem eken diýen goşgusyny näçe okasaňda ýadatmaýa. Galamy ýiti bolsun.
Bolanyna görä birki sany okalmadyk goşgularyndan ýetiräýmelä, Pegas.

Nesip bolsa, ýakyn wagtda ýetirerin.
Pegas
Автор 13 июн 2022, 12:45
Aksary
Android gornusi barmyka ol kitabyñ?

Bar diýdi. Ugradyp bilmedi ýöne. Indi oba gelen wagty geçirip alaýmasam.
Aksary
13 июн 2022, 12:49
Kanikula gelyançä garaşmaly borusmy indi?
Harmony
13 июн 2022, 13:13
Tüweleme. "Yhlasa - myrat" diýleni. Talypdygyna begendim. "Kaka" goşgusyny gowy görýädim.
Pegas
Автор 13 июн 2022, 13:27
Aksary
Kanikula gelyançä garaşmaly borusmy indi?

Hawa.