EJEM EKEN
Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam ejem eken.
Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le "Bagty çüwen",
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.
Gara saçlañ aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda, atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maña goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän.
Ejem eken...
Men özümi ýalñyz duýýan şu märekäñ arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Tañryñ özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meñ ejem eken.
Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyñ gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da eden zadym, senden kömek geljek eken,
Bir ýiten soñ tapdyrmajak ýekeje zat ejeñ eken.
Gyssanyber däli könlüm, wagtyñ şo bolşy, howlyganok.
Ah, bu durmyş ejeñ däl-dä, ejizleseñ ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleyär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyñ diñlemezdim, soñam boldum derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ ejeñ seni diñlär eken.
Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soña goýdym,
Şänik ýaryp mañzyn iýdim, gabygynam saña goýdym,
Çaýlamana jorañ gelse sen ýene-de gyzyñ öwdüñ,
Gör-â durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluñ hile, gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, kemiñ ýapýan ýekeje zat ejeñ eken.
Ogulnur Ataýewa.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.