Gerçeknazar AMANNAZAROW

Gerçeknazar AMANNAZAROW

Gerçeknazar Amannazarow 1996-njy ýylyň iýul aýynyň on dokuzyna , Ahal welaýatynyň, Gökdepe etrabynyň, Isbirden obasynda dünýä inýär.Ol 2003-nji ýylda şol obanyň 8-nji orta mekdebine okuwa girýär.Gerçeknazar heniz okuwçy wagtlary öz çaga ýüreginde joşup duran duýgylaryny goşgy setirlerine siňdirmäge başlaýar.2013-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 2014-nji ýylda watan goragyna gidýär.Ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 20980 harby böliminde gulluk edýär.Harby gullukda wagtlary hem dürli döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp hormat we minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolýar.2016-njy ýylda harby gullugy tamamlap ,2019-njy ýylda Gökdepe kän müdürligine işe girýär.Ol häzir hem şol ýerde işleýär.Gerçeknazar Amannazarow işden boş wagtlary döredijilik bilen gyzyklanyp dürli mowzukda ajaýyp eserleri döredýär.Geliň indi bolsa şahyryň ýazan eserleri bilen tanyş bolalyň.

Daýhan buýsanjy.

Uzakdan görünýär ýaşyl maýsalar.
Lowurdaýar olar Günüň çogyna.
Dagyň eteginde ekin ekdik biz.
Käte aýlanardyk Köpetdagyma.

Ine, ýene geldik ekin meýdana,
Bir eiňde orak ,bir eliňde pil.
Gök maýsalar yranyp dur her ýana,
Joýalardan-joýa akyp barýar sil.

Orak bilen orýas haşal otlary,
Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs.
Işleýäs meýdanda her gün der dökip,
Şeýdip halal maşgalany ekleýäs.

(2013)

Gel gyz.

Gel gyz , bu bagtyma bol sen sebäpkär,
Menem seni bagtly edeýin ömürlik .
Bagtly bolmana juda sebäp kän ,
Gitme gözel gursagymdan sogurlyp .

Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm ,
Durmuşymy bagta tarap öwürdiň .
Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm ,
Entek mende ýaşalmadyk ömür sen .

Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,
Döredeli bile başga dünýäni .
Gel sen meni sensizlikden halas et ,
Soň ýaşabereli başgalar ýaly .

Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,
Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .
Gitseň goşgylarym jemlener belki ,
Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.

(08.02.2023).

Agşam ara.

Bäh onuň owadandygny,
Goşgy ýazybermeli.
Gögüň ýüzi gyrmyzy,
Bulutlar bölek-bölek,
Ýyldyzlar ýylpyldaşýar,
Aýa dälde Aý bölek.
Çirkeýler çirkildeşýär,
Gijekörler gaýyşýar ,
Hanha göründi Aýam ,
Şagallaram uwlaşýar.
Ýaldyraşýar ýyldyz deý,
Obanyň çyralary.
Gör neneň ajap bu gün,
Kenaryň gyralary .
Otyryn ýeke özüm.
Gör ne hezil ýekelik ,
Gör ne hezil ümsümlik,
Güneş girdi öýlerne,
Bilmedimem hoşlaşyp .
Golaýlaşýardy tümlik .
Ösýär sowujak şemal .
Hiç gidesim gelenok ,
Arman gitmeli boljak.
Garaş maňa kenarym,
Ertir ýene-de geljek .
Ýazybam ýetişmedim,
Barýar Günem gysgalyp ,
Geçýär günler gyssanyp,
Gözellik şeýle bolýar ,
Goşgym ýaly gysgajyk .

(21.03.2023)
2 лайков 733 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
25 мар 2023, 20:04
Молодец! Гошгулар эрбет дал. Талапкар халыпалар бн ишлешсен бирзатлар чыкар сенден! Суратдакы озунми? Озунем ачык оглан экенин.Карерде ишлемек учин хайсыдыр бир хунар герекдира?Меселем..эксковаторчы,погрузчик машинисти ялы?Балык ниреден тутярсыныз? Балыкчылык бригадасы бармы я?
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 20:06
PROLIGA
Gerceknazar
PROLIGA,geläý şu wagt bol wagty

Näçeden klasy

Sudak 40 manat
Karas 15 manat
Leç 10 manat
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 20:09
kwadrat kelle
Молодец! Гошгулар эрбет дал. Талапкар халыпалар бн ишлешсен бирзатлар чыкар сенден! Суратдакы озунми? Озунем ачык оглан экенин.Карерде ишлемек учин хайсыдыр бир хунар герекдира?Меселем..эксковаторчы,погрузчик машинисти ялы?Балык ниреден тутярсыныз? Балыкчылык бригадасы бармы я?

Sag boluň . Şol talapkär halypalary gözläp ýörün nesip bolsa taparyn. Suratdaky öz suratym . Gökdepedäki kölde tutýan balygy.
Mümkin
25 мар 2023, 20:20
Şol Telmanyñ içinde bamy köl?
Mümkin
25 мар 2023, 20:21
Heleý sözi gödek eşdilýär. Goşgy ýazýan adama asyl gelşenok.
Mümkin
25 мар 2023, 20:22
Karýerdan näçe düşýär balykdan näçe düşýär?
DonMaxx
25 мар 2023, 20:34
hmm bah cilimkesh
Perman Izakow
25 мар 2023, 20:46
Gerceknazar,
Gökdepäň niresinde satýaňz.
Pakize
25 мар 2023, 21:04
Gerceknazar,
Kitapcyda gosgynyzy goymak ucin kaan kamillesmeli bolaymasanyz.
Jeksparro
25 мар 2023, 22:10
Islenen.ru da açardym welin saýdyň kopya pastasy ýapylan, Sorry
Jeksparro
25 мар 2023, 22:10
Wi kitapçy.ru*
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:43
Mümkin
Karýerdan näçe düşýär balykdan näçe düşýär?

Karýerden 6 million kölden 16 million. Kähalat ondanam köp.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:44
Mümkin
Şol Telmanyñ içinde bamy köl?

Ýok Garrykäriziň gaýrasynda bar köl.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:45
PROLIGA
Gerceknazar,
Gökdepäň niresinde satýaňz.

Balyk gerekmi Gökdepe "Ak bazara" baraý.
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:47
PROLIGA,
Balyk gerekmi Gökdepe Ak bazara geläý
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:48
Şol ýerde goşgy goýýanlaram menden öýtgeşik däl Pakize,
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 22:49
Jekwarabey,
Garyba gezek galanda gapyşarla. Şol saýtyň özem durmuşy bilen kopy paste dälmi?
Gauzen
25 мар 2023, 22:53
Hmm bäh cilimkesh
S❤
25 мар 2023, 23:28
Bazaryn yanyndaky cas bolyarmy 20980
Gerceknazar
Автор 26 мар 2023, 00:09
Xyivenia_babayeva.
Bazaryn yanyndaky cas bolyarmy 20980

Öňä şol ýerdedi indi bilemok . Üýtgäp dur
Kerbaba
26 мар 2023, 00:15
Gerceknazar
Şol ýerde goşgy goýýanlaram menden öýtgeşik däl Pakize,

Гошгы бн ховесин бар болса метбугат билен иш салышсана. О сайтлары окаян аз. Оз товереклеринде тойларда тамадылык эдип йорен адамлар бардыр.Ол адамларын танвшлары коп боляр. Шолар билен гурлешсен сени газет журнала барян елы тапмана комек эдерлер.Доредижилик билен мешгул болян адамларын оз ушйан-чашян ерлери боляр. Шолары тапмалы.
Gerceknazar
Автор 26 мар 2023, 00:23
kwadrat kelle
Gerceknazar
Şol ýerde goşgy goýýanlaram menden öýtgeşik däl Pakize,

Гошгы бн ховесин бар болса метбугат билен иш салышсана. О сайтлары окаян аз. Оз товереклеринде тойларда тамадылык эдип йорен адамлар бардыр.Ол адамларын танвшлары коп боляр. Шолар билен гурлешсен сени газет журнала барян елы тапмана комек эдерлер.Доредижилик билен мешгул болян адамларын оз ушйан-чашян ерлери боляр. Шолары тапмалы.

Birnäçe goşgylarymy "Garagum" žurnalyna ugratdym. Nesip bolsa indiki ýa soňky aýdan görerisdä. "Nesil" gazetinde-de goýupdym bir gezek . Her gazet žurnallar üçin ýörite goşgylaram ýazýan . Ýöne kän habarlaşyp bilemok . Töwerigimdäki galamdaşlarym bilen hem aragatnaşykda.
DonMaxx
26 мар 2023, 00:33
sonky wagt ozini reklama etmek modamy
Pakize
26 мар 2023, 00:47
Gerceknazar
Şol ýerde goşgy goýýanlaram menden öýtgeşik däl Pakize,


Şeý diý.
Pakize
26 мар 2023, 00:50
Gerceknazar
Şol ýerde goşgy goýýanlaram menden öýtgeşik däl Pakize,


Şeý diý.
Abdylla36
26 мар 2023, 02:45
saýdyna nähili girip bolýarka
Abdylla36
26 мар 2023, 02:46
kitapçy saýdyna
Pegas
26 мар 2023, 06:17
Gerçeknazar Amannazarow işden boş wagtlary döredijilik bilen gyzyklanyp dürli mowzukda ajaýyp eserleri döredýär.Geliň indi bolsa şahyryň ýazan eserleri bilen tanyş bolalyň.
Ahmet
26 мар 2023, 13:03
20980? Menemä şo çasda gulluk etdim, maý5 özem.
Ahmet
26 мар 2023, 13:04
Sen maý4-mi ýa noýabr4?