SEN HAKYŇDA

SEN HAKYŇDA

(liriki oýlanma)

Gijäniň ýary. Ümsümlik. Hemmeler ukuda. Men welin ýene-de oýa. Gysyp-gowrup barýan gam-gussany höwür edinip, seniň topraga çalymdaş agras keşbiňi ýatlaýaryn, ezýet berýän duýgulara gaplanyp ýalňyzlyk jebrini çekýärin. Men ýene-de gam öýüniň tukat töründe arzyly myhman, bagyr paralaýjy hasrat bilen ikiçäk... Ömür kerweniniň meniň ykbalyma sowgat eden bagtly pursatlaryny kino lentasy deýin yza saradyp, hyýalymda geçmişime dolandym. Çöken göwnüme teselli tapmak isläp, senli günleriň süýji ýatlamalaryna gark boldum. Yşkymyzyň höwesini artdyran asman şalygynyň ýyldyzlaryny synlap, bile eden arzuwlarymyzy ýatladym. Şu pursat​ asman hem ikimiziň ykbalymyza gyýylýan ýaly, damagy dolan çaga meňzeýär. Aý şöhlesiniň gözelligi ýitip, duýdansyz peýda bolan gara bulutlaryň şaglap ýere inmegi seniň söýgiň yhlasyny ýatladýar. Ýagyş damjalarynyň aýnanyň ýüzüne salýan nagyşlary-da seniň suratyňy çekýän deý ýüregimi gozgalaňa salýar.
Söýgi her ykbala dürli-dürli lezzeti eçilýär eken. Ilkinji duşuşan günümiz gözüm gözleriňde eglenende, göýä, dünýä maňa gujagyny açyp, öz perzendini mähir bilen ezizleýän deý, özümi bagtyçüwen hasaplaýardym. Söýgi köşgümiziň az salymyň içinde derbi-dagyn boljagyny asla pikirem etmeýärdik. “Ýiti gyzyl tiz solar” diýleni boldy. Sen öz söýgiň, syrly bakyşlaryň bilen meniň kalbymda söýgi atly möhri basdyň. Durmuşyma höwes eçildiň, kalbymda orun tutan gussalary talap, ýaşaýşyma bagt paýladyň. Biz bir-birege yşkyň huzurynda wada beripdik. Bir-birine meňzeş bolan ykbalymyzda gam-gussalary terk edip, bir ömür söýmäne äht edişipdik. Şol arzyly günlerde sarpaly adyňy ýüregime müdimi ýazyp, seniň bilen durmuş gurmak umydym bardy. Durmuşyňa bahar bolup girip, arzuwlaryňda güller açmak isläpdim. Her säherler gül ýüzüňe guwanyp, bir ömür ojagyňa myhman bolmakçydym. Söýgüden doly gözleriňde menden özgä ýer bolmajagyny sen her hereketiňde subut ederdiň. Her gün ugrumda hozanaklap ýörşüňi yşkyň höwesi, ýaşlygyň ýelginidir öýderdim.
Ýöne durmuşyň synaglary pikir edişimizden başgaça bolup çykdy. Seniň aşa gabanjaňlygyň ikimiziň aramyzdaky yssy mähri sowuklyga öwürdi. Aramyzda bolan öýke-kineler, meniň kejirligim söýgimiziň soňlanmasyna, seniňem ömrüň jemlenmesine nokat goýdy. Dogry, men günäkärdim. Öz kalbymda seni tussag edip, soňra-da umytsyzlyga itip, gussalara dözdüm. Ençe günläp içimden aglan agylarymyň ezýeti, ýaraly ýatan bendäniň iňleýşi deý janyma jebir berdi. Sabry dolan gussalar kalbymda şineläp öz hökmürowanlygyny ýöretdi. Sen hakdaky arzuwlarymyň ählisi çym-pytrak bolup, durmuşymy ýalňyzlyk gurşady. Üşän hyýallarym yssy mähriňe zar boldy.
Ynha, ýene-de gijäniň ýarymynda zeňläp barýan ýatlamalar bilen seni ýatlaýan! Eger-de sen meni şu mahal duýup bilsediň... Ötegçi ýyllaryň kalbyma beren yzasyny, gursakdaky baslygyp ýatan pynhan sözleri aýdardym. Ýene seni öz dünýäme dolardym. Senli ýatlamalar bilen sensiz geçýän günlerde ýaşamagyň kyndygyny boýun alardym, dünýäni unudyp aglardym. Arman, sen meni ne eşidip, ne-de görüp bilýäň. Salgyma öwrülen ykbalyňda ähli zady terk edip, dünýäňi täzeläniňi bilsem-de, men ýene-de kalbymdaky şu sözleri gaýtaladym:
Sen — kalbyma söýgi sözlerini ýazan ylhamly galam! Ykbalyma ýazylmadyk armanly söýgi! Ýaňaklarymdan gözýaş bolup syrygýan soňsuz ahmyrym!...

Aýnabat ANNAGURBANOWA
4 лайков 116 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
Автор 21 мар 2023, 20:25
Reklamadan dolyla bari
Pegas
22 мар 2023, 07:10
Aýnabat?