Pyragynyň ýolunda

Pyragynyň ýolunda

("Pyragynyň ýolunda"goşgylar ýygyndysyndan)

Ylahyly,pelsepeli,manyly,
Goşug ýazsam Pyragynyň ýolunda.
Her bir sözleminden alyp manyny,
Nama düzsem Pyragynyň ýolunda.

Sungat äleminde sensiň ulymyz,
Hemişe bolarsyň Magtymgulymyz.
Şygyrlaňda aýdyň,dogry ýolumyz.
Menem gezsem Pyragynyň ýolunda.

Aýt Pyragy!
Asyl özüň "Näme sen?"
Henizlerem dilden düşmez nama sen.
Pikir derýasynda akyl gämisin,
Men ýüzdürsem Pyragynyň ýolunda.

Dünýeden daşlaşyp bolduň pyragy
Bolduň türkmenleriň ruhy çyragy
Işledip elde däl sözde ýaragy
Jana dözsem Pyragynyň ýolunda

Onuň ýoly başartmaýar bilýänle
Garaz gowy goşgy ýazjak bolýanda
Mundan rahat gider ýaly bolmanda
Nokat çyzsam Pyragynyň ýolunda

Gerçeknazar Amannazarow

(21.03.2023)
1 лайков 106 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
21 мар 2023, 21:51
Nokatdan ulyrak harp yazay pyragynyn yolunda
Biza nokadada yetemzok welin
Abdylla36
22 мар 2023, 00:05
Bu goşgyny halamadym .Aýdylýan pikir prozalaç çykypdyr Dogrysy,pikir dury bolsa da,sözlem sepleşigi gaty guraksy
Gerceknazar
Автор 22 мар 2023, 06:56
FanB
Nokatdan ulyrak harp yazay pyragynyn yolunda
Biza nokadada yetemzok welin

Nesip bolsa ýazyp bilsem ýazaryn.
Gerceknazar
Автор 22 мар 2023, 06:57
Abdylla36
Bu goşgyny halamadym .Aýdylýan pikir prozalaç çykypdyr Dogrysy,pikir dury bolsa da,sözlem sepleşigi gaty guraksy

Bellikleriňiz üçin sag boluň