ŞENBE GÜN AGŞAMARALAR...

ŞENBE GÜN AGŞAMARALAR...

Şenbe gün agşamaralar...
Umytsyz yşyklar,
Köşk-minaralar.
Gülküler, gynançlar, tussag,
Garantga
Kerepde,
Pesde.
Milliard gussa.
Öwezi dolunmajak ýaşlyk.
Trillion ýalňyşlyk.
Ýada düşmeýän sen.
Keremjan,
Jigilem,
Ejem
Hemem güjügim.
Oňa seň adyňam dakdym.
Ol çyparja, tüýlejik,
Edil sen ýalak.
Birem senden million esse akylly.
A men - gurjak
Hergiz ellerňe ilmejek.
Saçlaň myjap-myjap ogşasym gelýär,
Bir ýaşasym gelýär,
Ýaşamasymam,
Gözleriňe girip gidesim gelýär.
Eýýäm
Bir samsyjak gijäň açary.
Dek düýn ütüp goýdum älemgoşary.
Baha berme asla adatlar bilen,
Men - adatdan daşary,
Seň barlygyň uçary.
Şoň üçin serden geçeli.
Barybir biz irde-giçde öçmeli.

Ýagtylyk.
Alagaraňkylyk.
Çyralar.
Ýaralar...
A sen meniň ýürejigmiň ýanynda...

Şenbe gün agşamaralar...

Suraý Babanyýazowa
5 лайков 123 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Venus
22 мар 2023, 00:36
Bolan waka, kalpda galan syr ýatyr.
Gaty erbet oklaýar)