Ýigrenýäňmi meni?!

Şumahal söýmegiň gürrüňin edýäň.
"Şygyr ýaz" diýýäň
Hondan bärsiräp,
Gürleýäň uly.
Ikinji çagamyz bolanyndan soň
Goşgy ýazyşym gör,
Ýigrenýäňmi meni?!

Eksperiment etme
Duýgulam bilen,
Ýalňyşarsyň göni.
Söýmeýän bolsaň,
Git öz ýoluň bile...
Ýigrenýäňmi meni?!

Aý diýip Aýa ýapyşaryn,
Meniň bal ýaly adymy
Öwranlarsyň gaýta-gaýta,
Ýakynlaryň sabryňy
Iýip gutaran güni.
Ha, hemle bol,
Telbe bol,
Kabul eýleýän seni,
Ýigrenýäňmi meni?!

Häzir goňşy obada
Piwo içýänsiň dostlaň bilen.
Çilimem çekýänsiň kän.
Aýt-da, şumahal söýgiňi,
Soňra hiç gaýdyp gelmeýän.
Iç, soňky demiňe çenli,
Näme gerek başga, ýeri...
Ýigrenýäňmi meni?!

Içimiň ýangynyn bulgura demläp,
Kofe süzýärin gap-gara.
Şu hepdäniň şenbe güni
Gözlerimden yşkymy gör,
duşuşykda.
Ýalanlarňy örtmek üçin
Tapynarsyň täze hokga.
Oňa sen ökde.
Bolýa-la, janyň sag bolsun,
Ölümden özge närsäň bolýandyr emi.

Ýigrenýäňmi meni?!

Suraý Babanyýazowa
3 лайков 258 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Owrenyan
Автор 24 апр 2023, 11:56
Tüweleme, berekella.
Ine munyň bolýar.
Eýýäm öz-özüňi gaýtalamak çarçuwasyndan çykmag-a garşy ep-esli ädim diýip hasaplaýan.
Eýýäm liriki gahrymanyň diňe Suraý bolup däl-de, daş-töweregindäki özgeler bolubam gepläp başlaýar.
Çyn şahyrlaryň iň esasy tapawudy — olar öz agyry-ynjylaryny, öz mähir-muhabbetlerini beýan edenlerinde, diňe täk-tenha özleriniň däl-de, öz ruhlaryna ataşgir basan dek, öz köňüllerine ýandyryp, awundyryp, beýleki hasrat çekýänleriňem, begenip-guwanýanlaryňam, aşyklaryňam, şadyýan-gamgynlaryňam, çuňňur bipaýan biperwaýlaryňam duýgularydyr-pikirlerini umumylaşdyryp, beýleki hemmeleriň ýüregine-de, aňyna-da ýeter ýaly edýärler. Her bir çypbakaý-çyndan ýazylan eserem çyn şahyryň kalbyna ýanyk yzy bolup galýar.
Elbetde, her bir awtor, ha şahyr, ha ýazyjy bolsun, ilki bilen özüni, öz içki dünýäsini beýan etmekden, özüne boýyn çümüp, şol «gark bolmasynam», çeper setirlere salmakdan başlaýar.
Ýöne, kämilleşjek bolsaň, özgerjek bolsaň, bu ýagdaý uzak galmak, uzagyndan, öňem aýdyşym ýaly özüňe öýkünip başlamaklyga getirýär. Sebäbi birje şahsyýet nähili çylşyrymly, çuň, çyn, owadan… içki dünýäli bolsa-da, ol jümle-jahandaky «adam ummany» bilen deňeşdireniňde, birje, kindiwanja damjajygam däl.
Ol göze görünmeýän, diňe mikroskop bilen saýgaraýmasaň görüp bolmajak, çäge zirejigi, dynnymjyk.
Ýöne, ine şo dynnymjyk öz içki dünýäsiniň, özjan özjagaş özjanjagazyny Äleme sereşlemegiň yşgynda maýyl-melul-bimar bolup ýören, sermest içki dünýäsiniň «datly duzagyndan» sypmagy başaryp, özüni şo özgelerden ybarat «adam ummanyna» garyp-gatmagy hem-de şol mähnet UMMANYŇ akylýetmez kuwwatly GOMLARYNYŇ, GAÝLARYNYŇ, hatda dym-dyrs çägesöw, jyglymly, balykgulakly KENARLARYDYR, tümlükdir, nämälimligiň elheder aldyrýan eýmençliginden dos-doly GIRDAPLARYNYŇAM dilinde geplemegi başaryp başlasa, iň bolmanda şoňa tutuş durky-düýrmegi, ähli özi bilen YMTYLSA…
Owrenyan
Автор 24 апр 2023, 11:56
Onda, ine, şonda-da hakyky DÖREDIJI başlaýar.
Ynanç bar (bilemok, çynmy, ýalanmy, küpür gepleýän bolsa, belki Rebbim, Özüniň ümmülmez Keremi bilen dag kibi günämi, dary kibi saýyp, ötüp-geçin-dä, sebäbi müşriklikden ýa-da käfirlikden, ýa ýamanlykdan-a diýemok muny):
Ýaradan özüniň ýaratmak Gudratyndan jinnekçe ülüşjigi ENE bilen paýlaşypmyş.
Döretmek Keramatynyň çümmüjekdenem miriad esse kiçijik bölejigini şahyrlara bagyş edipmiş.
Ine, şol tükeniksiz kiçijik NUR ülüşjiginem özüňde agtaryp, tapyp, ONY oýarjak bolmalymyka diýýän.
Sebäbi, tebigatyň ähli ösümliklerine, mör-möjeklerine, hatda islendik bir jansyz daşjagaza-da Allatagala tarapyn bagyş edilen islendik mübärek häsiýet ýönelige berilmeýär. Bu meniň ynanjym.
Ýurisprudensiýa, «hukugyň we borçnamanyň dualizmi (ikitaraplygy)» diýen düşünje bar. Şoňa laýyklykda, haýsydyr bir fiziki ýa-da ýuridik şahsa (adama ýa-da kärhana), kanun nähilidir bir hukuk, ygtyýarlyk berse, hökman şony başga bir borç, wezipe bilen deňagramlaşdyrýar (proporsionallaşdyrýar).
Diýmek, Biribaryň şahyr milletine beren şol PEŞGEŞI — HUKUGAM, diňe özüniň däl-de, ähli özgeleriňem agysyny mynasyp derejede aglap, şatlyklaryna-da iň çyn, çuň derejede şatlanyp bermek borjy bilen berlen bolmaly.

Janyň sag, galamyň ezber bolsun, jigim.
Gaty gowy.
Hezil etdim, okap-okap.
Bassyr üç gezek okadym.
Her gezegem täze, öňkä meňzeş däl duýgy döredýär.
Dowam et. Özüňdäko özgerişligiň «guýrujagyndan» ýapyşypsyň :-).
«Aý dogsa Älem görer».
Goý, görsünler, okasynlar.
Alpengold
24 апр 2023, 12:06
Owrenyan agza başga agzalarynam adyndan teswir ýazdynmy?
Babababababaý
24 апр 2023, 12:09
Suraý, özüni arap ýören hyýallykdana biraz realyga geçipdir.
Jemshit
24 апр 2023, 15:31
✒️??
Serdar
24 апр 2023, 18:23
Hawa