Şapalak / hekaýa
Ýekşenbe.
Ertirlik edinip otyrka, eýlesinden-beýlesinden gonup-uçup, “wyzzyldap”, peteň eden, ýoknasyz siňegi, şapalaklap äpberdi.
Port plastikden şapalak döwüldi.
Ýeri, indi?
“Indisi” bolarmy, oňammyr?
Gitmeli-de, satyn alyp gelmeli.
Çünki şapalaksyz öýdenemmir öý boljakmy?
Dükana çagalarynam ibermedi.
“Gez bor-da,” diýdi-de, özi sömpüldedi.
Möhümini bitirip yzyna gelýärkä-de, beýnisinde täsin pikir oýandy.
Şo, birki ýyl mundan ozalky, halys egbarladyp taşlan pnewmoniýadan, hasam beteri onuň özünden laýyjak on ýedi esse agyr bejergisinden soň, göwresiniň otuz üç göterimi bilenräk gabra girip çykaly bäri, şeýle-dä şuň kellesi.
Birdenkä, sebäp-bahana ýok ýerindenem, öz-özünden güpür-tapyr, enaýyja pikirjikleri tapyberýä.
Bu günem şeýtdi.
“Bäh,” diýdi, içinden: “Tebigat-a, Ýaradanyň hökmürowan eradasy bilen, Zemin üste hapa iýip, onuň pormusyny päkiz saklamaklary üçin, siňekdir gaýry mör-möjekleri oýlap tapdy. Esasy pişesi zir-zibildir, poh-püsür köpeltmek bolan adamzat bolsa, pikirlene-pikirlene, iň soňunda, şapalagy ýasady. Indem ine, şo tämizlikçi janawerleri, gören ýerinde şapalaklap ýörşüne, öz-özünden juda göwnühoş, bizçiligiň aşa gedem özümizçiligi!”.
Kelleçanak içre şu pikirjigini aýlap, ýene bäş-on ädim ädensoňam, beýnisinde şol oýlanmasyndan doglan sowal emele geldi:
“Siňekleň şapalag-a bizde. Biziňki kimde?”.
Dogrudanam...

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.